"GÖRK AGYZDAN" EGER DOGRY IÝMITLENSEŇ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (10 Ses)

iymitlenmek medeniyetiMen Türkmenistanyň tebigata we jan-saglyga biperwaý garamaýan ýaşaýjysy. Şonuň üçinem meni ilatymyzyň iýmit medeniýeti gyzyklandyrýar.

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Elbetde, her bir maşgalanyň iýýän zatlary olaryň gazanjyna bagly bolýar. Maşgalalar hususy ýa-da döwlet dükanlaryndan ýa bolmasa ýerli bazarlardan azyk satyn alýarlar. Miweleriň bahasynyň etiň bahasyna golaýlaşanlygy sebäpli, olary satyn almak hemme maşgala başartmaýar. Sygyr etiniň gymmat bolany üçin, ilatyň köp bölegi etiň ýerine hökümet dükanlaryndan broýler towuk ýa-da towuk aýagyny (lýaşga) alýarlar. Bu towuklary peýdaly iýmit hasaplap bolmaýar. Emma olaryň arzan bahasy adamlary özüne çekýär we olaryň saglyga ýetirjek zyýany hakynda adamlar pikir etmeýärler.

Dürli ýaşdaky adamlaryň iýmitlenişi

Çagalara syn etseň, olaryň mydama suhari, çipsi, wafli, süýji, gazlandyrylan içgileri we şoňa meňzeş zatlary iýip-içip ýörendiklerini mekdep dükanlarynyň ýanlarynda we awtobuslarda görmek bolýar. Ýaşlar, ýetginjekler we talyplar esasan köçelerde, kafelerde we bazarlarda taýynlanýan tiz tagamlary iýýärler. Tiz tagamlaryň içinde iň meşhury döner bolup durýar. Döner – bu içi et, gök-önüm, maýonez, ketçup bilen doldurylan çörek bölegi.

Orta ýaşdan uly adamlar bolsa, köplenç öýde bişirilen naharlary iýmäge çalyşýarlar. Her öýde diýen ýaly hepde-de ortaça iki gezek palow, düzüminde et ýa-da towuk bolan dürli çorbalar, her tüýsli hamyrly naharlar bişirilýär. Biziň ýurdumyzda dürli ýaşdaky adamlar, naharyň ýany bilen has köp çörek iýýärler.

Iýýän zatlarymyz zyýanam berip bilýärmi?

Käbir adamlar sagdyn we peýdaly iýmitiň nämedigini bilmeýärler we iýýän zatlaryna köplenç biperwaý garaýarlar. Olar günebakar ýa-da pagta ýagynda bişirilen ýagly iýmitleri gündelik iýmeli diýip pikir edýärler. Has beterem, nahary gereginden artyk iýýärler. Bu bolsa ganyň düzüminde holestiriniň köpelip, ýürek-damar keselleriniň döremegine, arterial basyşynyň ýokary bolmagyna we semizlige sebäp bolýar. Aşa köp we agyr naharlary iýmegiň netijesinde aşgazan asty mäzine zeper ýetip, mäziň insulin öndürmesi peselýär we ganyň düzümindäki glýukoza kadadan çykyp, süýji keseline getirýär.

Nähili iýseň gowy boljak?

Dogry iýmitlenmek hakynda dürli çeşmelerde köp we her tüýsli maglumatlar bar. Emma iň köp berilýän maslahatlar şulardan ybarat:

↪ Gowrulan, ýagly, süýjüli, duzly tagamlary azrak iýmeli.

↪ Gök-önümler, miweler, ýokumly ýaglar (zeýtun ýagy, balyk, maňyzlar) däneli we noýbaly önümler gündelik iýmitiň bir bölegi bolmaly.

↪ Gowurmakdan başga-da, nahar buglanylyp ýa-da gaýnadylyp bişirilse saglyga has peýdaly bolýar.

Elbetde, her maşgala öz iýmitini býujetine görä düzýär. "Az bolsun, uz bolsun" diýlişi ýaly, az gazançly maşgala bolsaňam, arasynda saglyk üçin zerur önümlerden iýmäge çalyşmaly. Eýsem gelşikli, sagdyn, ýeňil gopýan bolup ýaşamak has gyzykly dälmi?

Dogry iýmitlenmek hakynda türkmen dilinde goşmaça maglumat üçin çeşmeler:

Ýetginjekler üçin peýdaly iýmitler

Kadaly we dogry iýmitlenme näme?

Saglyk žurnaly

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Batyr Bäşimow