TURPUŇ ŞYPABERIJILIK HÄSIÝETI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (31 Ses)

Adaty gök önüm bolan turp adamyň saglygyny berkitmek üçin giňden ulanylýar. Köki miweli bu ösümlik mineral maddalara baý bolup, onuň düzüminde gury maddalar (13%), beloklar (2%), uglewodlar (8,4%), C, B1, B2 witaminler, organiki turşylyklar, efir ýaglary we glýukozidler bardyr. Dürli maddalara baý bolan turpy gyş aýlary we ýaz aýlarynyň başynda bedende witaminleriň we mineral duzlaryň ýetmezçiligini dolmak üçin ulanmak peýdalydyr. Onuň ýokançlyklara garşy göreşmek ukyby hem güýçlüdir.

Turpuň watany Ortaýer deňziniň kenarýakalyrydyr. Uzak ýurtdan biziň saçagymyza gelen bu önümi öýken kesellerini bejermekde ulanmak barada meşhur alym Gippokrat aýdyp geçipdir. Dioskarid bolsa turpy görüş ukybyny güýçlendirmek we üsgülewügi bejermek üçin maslahat beripdir. Onuň şiresi içegäniň işini kadalaşdyrýar, saçy berkidýär, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini sazlaýar. Turpy ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň, çişleriň, öt halta we peşew-daş keselleriniň öňüni almak üçin hem ulanýarlar. Turpuň özboluşly häsiýetleri esasan hem onuň düzümindäki ajymtyk glýukozidlere we ýakymly ysly efir ýaglaryna baglydyr. Olar peşew-daş keselinde emele gelen duzlary eretmäge, böwrek daş keselini, bogunagyryny bejermäge ukyplydyr. Turpy buşukdyryjy serişde hökmünde-de ulanmak bolýar. Onuň şiresini peşew halta, ýürek, dem alyş ýollarynyň kesellerinde, guragyry keselinde we gakylyk gopduryjy serişde hökmünde içmek peýdaly. Bal bilen garylan turpy üsgülewükde, bronhitde, ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda ulanmak bolýar.

Turp - ödüň emele gelmegini ýokarlandyrýar, iýmit siňdiriş mäzleriniň işini sazlaýar, içegäniň işjeňligini gowulandyrýar.

Emma käbir ýagdaýlarda turpuň ýaramaz täsirleriniň bardygyny belläp geçmelidir. Ony aşgazan, böwrek, aşgazanasty mäz, ýürek-damar ulgamynyň käbir keselleri we inçe içegäniň keseli bar adamlara ulanmak maslahat berilmeýär. Bejergä başlamazdan öň lukman bilen maslahatlaşmagy unutmaň!

Tebigatda turpuň dürli görnüşlri duş gelýär.

Gara turp iň ajy we iň peýdalydyr. Onuň düzümi efir ýaglaryna, erkin organiki turşulyklara, saglyk üçin zerur bolan mikroelementlere (demir, kaliý, magniý) baýdyr. Gara turp tebigy antibiotik bolup, onuň emeli derman serişdelerinde bolşy ýaly, ýaramaz täsirleri ýokdur.

Margelan turpy (ýaşyl turp) , ak turp we gyzyl turp – bularyň ajylygy gara turpa garanyňda pes, şonuň bilen birlikde peýdaly elementleri hem pesdir. Turpuň bu görnüşleri, gaty ajy iýmegi halamaýanlar üçin gara turpuň ornuny tutup biler.

Turp bilen bejermek

Käşiriň we şugundyryň şiresi bilen garylan turp şiresi ganazlygyň emidir. Munuň üçin çig turpy, käşiri, şugundyry deň mukdarda inçe gyrgyçdan geçirmeli, şiresini sykyp alyp, toýun gaba salmaly-da, gyzyp duran howur peçde 2-3 sagat saklamaly. Bu ergini gün içinde 3 gezek nahardan 15-20 min. öň 1 nahar çemçeden içmeli. Bejergini 2-3 aý dowam etmeli.

Derman hökmünde ulanmaga garşy görkezmeler: aşgazanyň we oniki barmak içegäniň baş keseli, aşgazanyň sowuklamasynda, bogunagyry we bedende maddalaryň alyş- çalyşygynyň bozulmagy bilen bagly kesellerde.

Sowuklama kesellerinde gara turpuň şiresi bal bilen garylyp içilýär: turpuň içini oýup, ary balyndan doldurmaly we agzyny turpuň bölejigi bilen ýapmaly. 4 sagat ýyly ýerde saklap, içinde emele gelen suwuklygy gaba guýmaly. Bu şiräni 1 nahar çemçeden, çagalar bolsa 1 çaý çemçeden gün içinde 3 gezek içmeli. Şu melhem gakylyk gopduryjy serişde  hökmünde hem ulanylýar.

Çagalaryň güýçli üsgülewügini gysga wagtda bejermek üçin 6-8 sany turpy ownuk dogramaly, her bölejigiň üstüne şeker sepmeli. Emele gelen süýji şiräni her sagat 1 nahar çemçeden bermeli.

Turpuň arassa şiresi babasyl keselinde, myşsalaryň çişmesinde, gapyrgara ýerleşýän nerw süýümleriniň alawlamasynda peýdalydyr. Şiräni ulanjak wagtyň taýýarlamaly we endamyň agyrly ýerine nerwiň ugruna görä çalmaly.

Guragyryda, radikulitde (oňurga nerw çogdamjyklaryň sowuklamasy) we newritde turpuň gyrgyçdan geçirilen lötüni we şiresini ýapgy etmek maslahat berilýär.

Ýürek damarlarynyň we beýniniň aterosklerozyny bejermekde hem-de öňüni almakda turp taýsyz serişdedir. Bejergi döwründe turpuň şiresini, almanyň şiresi bilen gezekleşdirip ulanmaly.

Dem alyş ýollaryny bejermek üçin turpuň ysyndan (onuň efir ýaglaryny saklaýandygyny unutmaň)  peýdalanmak hem bolar. Çig turpy dograp bankanyň içine salmaly we agzyny ýarym sagatlyk berk ýapmaly. Soňra turply gaba golaýlap 5-6 sapar ulydan demiňi almaly. Howany içiňe çekeňde, mümkin boldugyça, demiňi saklajak bolmaly. Şu bejergini gün içinde 6-8 gezek gaýtalamak maslahat berilýär.

Bilişimiz ýaly, keseli bejereniňden öňüni alanyň aňsat. Sagdyn durmuşyň parzlarynyň biri bolsa – kadaly iýmitlenmek, ekologik taýdan arassa, düzümi konserwantly, "emeli" önümleri däl-de, tebigy görnüşli önümleri gündeki iýmitimizde ulanmakdyr. Witaminlere baý, tebigy antibiotik bolan gök önümlere saçagymyzda ýokary orun bermelidigimizi ýatdan çykarmaly däl. Şonuň üçin-de, turpdan birnäçe işdäçarlary taýýarlamagyň usullaryny siziň dykgatyňyza ýetirmek isleýäris:
Turp bilen almadan taýýarlanan işdäçar
200g turp, 1 çig şugundyr, 2-3 sany alma, şeker, gaýmak, gök ot.
Turpy iri gyrgyçdan, alma bilen şugundyry ownuk gyrgyçdan geçirip garmaly we islegiňe görä şeker, gaýmak, gök ot goşmaly.

Turp bilen hozdan taýýarlanylýan işdäçar
2 sany turp, 2 sany käşir, 12 sany hoz, 1/2 limon, sarymsak, duz.
Turp bilen käşiri arassalap, mazaly ýuwmaly we ownuk gyrgyçdan geçirmeli. Hoz bilen sarymsagy sokyda owradyp, oňa limon şiresini goşmaly. Islege görä duz goşup, ählisini mazaly garmaly. Galan limonyň gabygyny gyrgyçdan geçirip, ýene-de bir gezek garmaly.

Turp bilen şugundyrdan taýýarlanylýan işdäçar
2 sany turp, 1 şugundyr, 1 limonyň şiresi, 3 nahar çemçe ösümlik ýagy, ukrop, petruşka, duz.
Gaýnadylan şugundury we çig turpy iri gyrgyçdan geçirmeli, duzlamaly, 1 limonyň şiresini sykmaly we ösümlik ýagyny goşup garmaly.