IŞDÄNI PESELTMEGIŇ USULLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (85 Ses)

Aýallaryň ählisi diýen ýaly görmegeý, hortap durkuny saklamak ýa-da horlanmak isleýär. Munuň üçin dürli berhizler tutulýar, işdäni peseltmegiň ýollary gözlenilýär, açlykdan ejir çekilýär we netijede stress ýagdaýlara sezewar bolunýar. Emma stress ýagdaýda kemeldilen kilogrammlar hökman iki esse bolup yzyna dolanýandygy subut edildi. Şol kilogrammlar bilen keýpsizlik, ynamsyzlyk, dünýädäki ähli zatlar biderek diýen pikir  dolanyp gelýär. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, näme etmeli? Gözelligi we syraty nerw ulgamyna zyýan ýetirmän nädip saklamaly? Işdäni nädip çäklendirmeli?

Sagdyn iýmitlenmegi öwrenýän hünärmenler agyr şertli berhiziň saklanylmagynyň hökman däldigini belleýärler. Gündeki iýmiti, işdäni gözegçilikde saklamak, çendenaşa köp iýmezlik ýeterlik. Siz özüňize erk edip bilmän, bir tabak tagamly aşdan ýa-da mesgeli ýagly kökelerden ýüz öwürmegi başarmasaňyz, başga usullardan peýdalanyp, işdäňizi peseldip bilersiňiz. Bu bolsa öz gezeginde bedeniňize doklugyňyz barada duýduryş berer.

Işdäni peseltmegiň dört usuly

1. Suw işdäni peseldýär. Iň gowusy --- gazlandyrylmadyk mineral suw. Miwe şiresi ýaly beýleki içgiler hem işdäni kemeldýär. Bu usul ýönekeý hem-de täsirli. Ol aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegi üçinem örän peýdalydyr.

Ýadyňyzda  bolsa, nahardan soň suw ýa-da beýleki içgiler içmek zyýanlydyr, sebäbi aşgazan şiresi suw bilen garylyp, iýmiti oňat özleşdirip bilmeýär. Emma nahardan öň içilen bir bulgur suwuň peýdasy köp. Ol iýmitiň özleşdirilip başlanmagyna, aşgazanyň az-kem doldurylmagyna we işdäniň kemelmegine ýardam berýär. Bu hakykat ähli berhizlerde-de  goldanylýar.

2. Dürli hoşboy  huruşlar, ýakymly ysly garyndylar, duz işdäni kesmän, tersine, aşgazan şiresiniň has köp mukdarda bölünip çykmagyna we aşgazanyň nemli bardasynyň gyjynmagyna sebäp bolýar. Gyjynmany peseltmek we turşulygy aýyrmak üçin, has kop iýmit talap edilýär, işdä bolsa öňküsinden hem artýar. Şol sebäpli hem, siz  işdäňiziň peselmegini we horlanmagyňyzy isleýän bolsaňyz, ajy we duzly tagamlardan ýüz öwürmeli.

3. Işdäni peseltmek maksady bilen aýallar şokolad iýmegi halaýarlar. Çagalaryň işdäsi kesilmez ýaly, olara nahardan öň süýji bermejek bolýarys. Elbetde, ulular hem süýji iýip, işdäsini peseldip biler. Ýöne munuň üçin ajymtyk gara şokolad iýmek has gowy bolýar. Süýtli süýji şokolad işdäni açýar. Gara ajy şokoladyň 3-4 bölejigini iýmek ýeterlikdir. Şol şokolad bölejiklerini çeýnemän, sorup iýseňiz, has täsirli bolar. Bedeniňizdäki kaloriýalaryň sany artar diýip pikir etmäň. Şokolad iýen wagtyňyzda, agyz boşlugyndaky reseptorlar süýjiniň köp mukdarynyň bedene düşendigi barada beýnä gönüden-göni habar berýärler. Netijede, işdä peselýär we adamyň hiç zat iýesi gelmeýär.

4. Ir-iýmişler bilen işdäňi peseltmek mümkinmi? Elbetde, mümkin! Ir-iýmişler hakykatdan-da işdäni peseltmäge we ony çäklendirmäge kömek edýär.  Bu usul, esasan, ähli pikiri süýjüje bir zat iýmekde bolan adamlar üçin amatlydyr. Olar aşgazanyň giňänliginden däl-de, beýnidäki näsazlykdan ejir çekýänligi sebäpli, diýetologa ýüz tutman, psihologa ýa-da psihiatra ýüzlenmelidir. Siz iýip-içmegi ähli zatdan ýokary tutýanlaryň hataryna girýän bolsaňyz, onda ajygan wagtyňyz iýer ýaly ir-iýmiş taýyn edip goýuň. Olar işdäňizi kesmese-de, sizi kanagatlandyryp biler we horlanmak isleýänlere zyýan ýetirmez. Öýde we iş ýeriňizde elýeteriňizde hemişe gök önümleriň ýa-da ir-iýmişiň bolmagyny üpjün ediň. Gutap, somsa ýa-da beýleki gurak tagamlardan  ter gök önümler we miweler has peýdalydyr.

Ýatmazdan öň işdäni nädip peseltmeli?

Aýallaryň we erkekleriň köpüsi üçin ýatmazdan öň iýip-içmek endik bolup galýar. Olar aç ýatsalar, fiziki we psihiki dartgynlygy duýup, rahat uklap bilmeýär. Bu endige çäre barmyka? Diýetologlaryň aýtmagyna görä, ukuda adamyň gipofiz mäzi işjeňleşýär we onda arginin we lizin aminoturşulyklary bölünip çykýar. Olar işdäni peseltmeýärler, emma  gijesine ýag öýjükleriniň   öz kuwwatlylyk goruny bedeniň işjeňligine  sarp etmäge mejbur edýän ösüş gormonyny işläp çykarýarlar. Şeýle aminoturşylyklar ýagsyzlandyrylan süýtde köp bolýar. Ýatmazdan öň bir bulgur süýt içseňiz, siz ajykmarsyňyz, artykmaç ýag öýjüklerini bolsa işjeň eremäge we siziň bedeniňizi güýç-kuwwat bilen doldurmaga gönükdirersiňiz.