ET BARADA BIRNÄÇE GYZYKLY MAGLUMAT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (15 Ses)

Et – örän tagamly we peýdaly önüm hasaplanylýar. Adam öz ömrüniň dowamynda dürli mallaryň we guşlarynyň etini gaýnadylan, gowrulan görnüşde, et önümleri görnüşinde kabul etmäge ymtylýar.  Emma her bir adama saglyk ýagdaýyna baglylykda nähili et iýmelidigine üns bermek peýdaly bolsa gerek. 

Wegetarianlar (et kabul etmäni ret edýänler) etiň zyýanlydygyny belleseler-de, onuň birgiden peýdaly taraplaryny aýdyp geçmek ýerliklidir.

Birinjiden, etiň düzüminde bedenimizde bölünip çykmaýan beloklar we aminoturşulyklar bar. Olar örän oňat özleşýär. Bir gije-gündiziň dowamynda bedenimize gerek bolan belogy bir bölek (85 gr) sygyr ýa-da doňuz etinden alyp bolýar. Ikinjiden, etiň düzümindäki adam bedeniniň oňat işlemegi üçin zerur bolan demir ýeňil özleşdirlýär. Üçünjiden, damarlarymyz, bogunlarymyz we derimiz üçin gurluşyk serişdesi bolup hyzmat edýän kollagen etiň birikdiriji beloklarynyň düzüminde saklanýar. Dördünjiden, gaýnadylan et örän peýdaly. Et gaýnadylanda, onuň düzümindäki ekstraktiw maddalaryň we holesteriniň ýarysy diýen ýaly çorbada galýar.

Geliň dürli etleriň aýratynlyklarynyň üstünde durup geçeliň.

Göle eti  ýagsyz we berhiz üçin peýdaly hasaplanylýar. Gaýnadylan göle etini ýokanç kesellerden, dürli şikeslerden we ýanyklardan soň bedeni dikeltmek üçin iýmek maslahat berilýär. Berhizli adamlar üçin hem bu örän peýdalydyr.

Seresap boluň: göle etiniň düzüminde madda çalşygyny bozup biljek peşew turşulygynyň emele gelmegine itergi berýän maddalar köp. Berhiz saklaýan adamlar göle etiniň çorbasyny iýmekden saklanmalydyr.

Goýun etiniň  düzüminde  holesteriniň we ekstraktiw maddalaryň derejesi sygyr we doňuz eti bilen deňeşdirilende, has pesdir.

Seresap boluň: eremesi kyn bolan goýun ýagy özleşdirilende, iýmit siňdiriş ulgamyna agram düşýär.

Doňuz eti  çagalar üçin örän peýdalydyr. Onuň düzüminde çaganyň kadaly ösmegi we süňkleriniň berkemegi üçin gerek bolan maddalar (lizin aminoturşulygy) bar.

Seresap boluň: aterosklerozdan, öt geçiriji ýollaryň, öt haltanyň, onki barmak içegäniň sowuklamasyndan ejir çekýänler doňuz ýagyny çäklendirmelidir.

Sygyr etiniň düzüminde çagalar we türgenler üçin peýdaly beloklar, demir ýetmezçilikli ganazlygyny bejermek we öňüni almak üçin zerur bolan demir, damarlaryň, deriniň we bogunlaryň öýjükleriniň täzelenmegi üçin wajyp birikdiriji – dokuma beloklary köp.

Towuk etini  berhizlik häsiýetleri boýunça diňe göle eti bilen deňäp bolar. Towuk etiniň düzüminde bedenimiz üçin peýdaly aminoturşulyklaryň köp mukdary bar. Sygyr we doňuz etine garanda, towuk eti örän ýeňil özleşdirilýär. 

Seresap boluň: towuk çorbasy aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyna ýardam berýär. Şol sebäpli hem aşgazanyň we onki barmak içegäniň baş keselinden ejir çekýänler towuk çorbasyny iýmekden ýüz öwürmeli.

Towşan eti berhizlik et hasaplanylýar. Ol guş etine deňelýär. Towşanyň ownuk myşsa süýümlerinden ybarat  ýagsyz eti örän ýeňil özleşdirilýär. Onuň düzüminde beloklar köp. Towşan eti bedeniň kesellerden soň dikelmegine ýardam berýär, allergiki täsirligi döretmeýär.

Towşan eti ähli adamlar üçin peýdalydyr. Onuň hiç hili zyýany ýok.

Et satyn alnanda nämä üns bermeli?

Hojalyk mallarynyň ýa-da ýabany haýwanlaryň etini satyn almak peýdalymy?

Barlagdan geçmedik ýabany haýwanlaryň etini satyn alyp, biz özümizde  heniz doly öwrenilmedik wiruslar bilen ýokuşdyrylma töwekgelligini ýokarlandyrýarys . Ol wiruslary bejermek bolsa örän kyndyr. Obadan satyn alnan eti hem howpsuz hasaplap bolmaz. Ol mallara nähili iým berlendigi, nähili sanjymlaryň edilendigi ýa-da edilmändigi näbelli. Weterinar lukmanyň gözegçilik geçirendigi we satuwa çykarmaga rugsat berilendigi baradaky resminamalaryň hem barlygy şübheli.

Et satyn alnanda örän seresap bolmaly, oňa üns bermeli. Satyjylar köplenç eti gistologiýa barlagynda ulanylýan fuksin bilen reňkleýärler. Eti kesip görüň, reňkleýji maddalaryň ete näderejede siňendigine üns beriň. Käte satuwa çykarmazdan ozal, etiň üstünden antibiotikler garylan suw guýulyp doňdurylýar. Şeýle ete hatda siňekler hem gonýan däldir. Mundan başga-da, eti ter we täze görkezmek üçin, oňa  ýörite maddalar goşulýar. 

Nähili et almalydygyny diňe siziň özüňiz çözüp bilersiňiz. Saglygyňyza zyýan ýetirip biljek himiki garyndyly önümi almakdan saklanyň.