SAGLYK ÜÇIN ZYÝANLY IÝMIT ÖNÜMLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.68 (28 Ses)

Sagdyn iýmitlenmegiň biziň saglygymyz üçin näderejede wajypdygy her birimize bellidir. Käte iýmit bilen biziň bedenimize zyýanly maddalar hem  aralaşýar. Şol zyýanly maddalara önümçilikde işlenilen azyk harytlaryň düzümindäki dürli  garyndylar degişlidir. Umuman, biziň bedenimiz birgiden gerekmejek zatlardan özbaşdak saplanmaga ukyplydyr. Emma şol gerekmejek zyýanly maddalaryň sany  aşa köp bolsa, adam bedenine agram düşýp, näsazlyklar ýüze çykyp başlaýar.

Öz saglygy barada alada edýän her bir adam ilkinji nobatda düzüminde zyýanly garyndylar bar bolan iýmit önümlerinden ýüz öwürmelidir ýa-da, iň bolmanda, şeýle önümleri ujypsyzja mukdarda ulanmalydyr.

Häzirki döwürde ekologiki taýdan arassa, düzüminde zyýanly garyndylar bolmadyk  önümleri satyn almak mümkin däl diýsek hem bolar. Biziň iýýän önümlerimiz köplenç  saglygymyza zyýan ýetirýär.

Käbir azyk önümlerinde zyýanly garyndylar (E toparyň garyndylary) has hem agdyklyk edýär. Biz şu önümler bilen Sizi tanyşdyrmak isleýäris.

Sakgyçlar we süýji önümler

Bulary iýmit önümleri diýip hasaplap bolmaz, sebäbi olar esasan iýmit garyndylaryndan taýýarlanylýar: süýji tagam berijiler we şekeriň deregine ulanylýan maddalar, stabilizatorlar,  goýaldyjylar, emulgatorlar, turşamagyň öňüni alýan maddalar (antiokisleýjiler) we iýmite reňk berijiler. Sakgyç durşuna iýmit garyndylaryndan ybaratdyr. Görnüşine baglylykda, süýjüleriň düzüminde iýmit garyndylary azrak bolýar. Çagalaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygy sebäpli, sakgyjy we süýji önümleri şübhesiz iň zyýanly önümleriň sanawyna girizmelidir.

Ýüze çykyan saglyk meseleleri:

Bu iýmit önümleri aşgazan bozulmalaryna, bedeniň suwsuzlanmagyna, böwrek we bagyr kesellerine, böwregiň daş keseline, iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerine, allergiýa, deri kesellerine, ganda holesteriniň ýokarlanmagyna, akyl gowşaklygynyň döremegine getirip bilýär.

Gaýnadylan şöhlatlar, büzmeçler, sardelkalar

Bular iň zyýanly et önümleridir. Olaryň düzüminde iýmit konserwantlary, stabilizatorlar, goýaldyjylar, emulgatorlar, antiokisliteller, iýmit reňkleýjiler, aromatizatorlar (ys berijiler) bar. Mundan başga-da, şöhlatlaryň, büzmeçleriň we sardelkalaryň düzüminiň 80%-ni genetiki özgerdilen soýa ýagy tutýar. Genetiki özgerdilen soýa hem örän howply önüm hasaplanylýar.

Ýüze çykýan saglyk meseleler:

Düwnük keseli, iýmit siňdiriş agzalaryň keselleri, görüşiň bozulmagy, ýürek bulanma, içgeçme, kellagyry, allergiýa. Antiokisleýjiler peýdaly mikroflorany (laktobakteriýalary) ýok edýärler. Netijede, iýmit siňdiriş bozulýar we aşgazan-içege keselleri ýüze çykýar. Iýmit reňkleýjiler we stabilizatorlar howply çişleriň emele gelmegine sebäp bolýar.

Kakadylan et we balyk, kakadylan we ýarym kakadylan şöhlatlar

Bu önümler gaýnadylan et önümlerinden hem has zyýanlydyr. Olary iň zyýanly önüm hasaplamak bolar. Olaryň düzüminde konserwantlar, stabilizatorlar, goýaldyjylar, emulgatorlar, antiokisleýjiler, iýmit reňkleýjiler, aromatizatorlar girýär.

Ýüze çykýan saglyk  meseleler:

Gaýnadylan et önümleri barada aýdylanlar kakadylan önümlere-de degişlidir. Mundan başga-da, kakadylan we ýarym kakadylan şöhlatlaryň ulanylmagy aşgazanasty mäzine zyýan ýetirýär, ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini ýokarlandyrýar we ýürek-damar ulgamyna agram salynmagyna eltýär.

Ýogurtlar

Mahabatlandyrylýan ýogurdy biz iň peýdaly süýt önümleriniň biri hasaplaýarys. Emma olar iň zyýanly önümleriň hataryna girýär. Düzümindäki stabilizatorlar, goýaldyjylar, antiokisleýjiler aromatizatorlar ýogurtlary adam saglygy üçin örän howply edýär.

Ýüze çykýan saglyk meseleler:

Düwnük (ýogurtlaryň düzümindäki limon turşulygynyň aşa köp mukdary kanserogen täsirli bolýar), allergiýa, aşgazanasty mäziniň keselleri.

Çipsiler we "Fri" görnüşde taýynlanan ýer almasy

Bu önümleriň iň howply önümler hasaplanylmagy ýöne ýerden däl. Olaryň düzüminde stabilizatorlar we aromatizatorlar bolýar. "Fri" ýer almasyny tiz taýýarlamak üçin, ýagyny çalyşman, birnäçe tapgyr gowurýarlar. Şeýle ýagda kanserogenler emele gelýär. Çipsileriň taýýarlanylyş tehnologiýasy hem sintetik ýaglaryň we beýleki kanserogenleriň emele gelmegine eltýär. Kanserogenleriň aşa köp mukdary bu önümleri has howply edýär.

Ýüze çykýan saglyk  meseleler:

Düwnük (kanserogenleriň köp mukdary sebäpli), "hytaý restoranynyň alamaty" (kellagyry, ýüzüň gyzarmagy, derleme, özüňi agyr duýmak we ş.m.), başga keselleriň bolmagy hem mümkin (çipsileriň düzümindäki iýmit garyndylarynyň bir böleginiň zyýany doly takyklanylmadyk).

Doňdurma

Doňdurmanyň düzüminde iýmit garyndylarynyň bolmazlygy hem mümkin. Emma onuň köp görnüşlerinde iýmit reňkleýjileri,  stabilizatorlar, goýaldyjylar, emulgatorlar, aromatizatorlar bardyr. Şeýle doňdurmalar iň zyýanly önümleriň sanawyna girýär.

Ýüze çykýan saglyk meseleler:

Düwnük, bagyr we böwrek keselleri, aşgazan bozulmalary, bedeniň madda çalşygynyň haýallanmagy, görüşiň peselmegi, çakyza, gijilewük, biynjalyklyk, ukynyň bozulmagy.

Içgiler

Iň howply alkogolsyz içgiler Koka-kola, Spraýt, Pepsi ýaly energetik içgilerdir. Sakgyç ýaly olary hem iýmit önümi hasaplamak kyn. Gazlandyrylmadyk içgileriň  düzüminde zyýanly iýmit garyndylary azrak bolýar.

Zyýanly maddalar gaty önümleriň düzümindäkä garanda,  suwuklyklarda has çalt we ýeňil özleşdirilýär. Bu bolsa içgileriň zyýanyny artdyrýar.

Içgileriň düzümine şekeriň deregine ulanylýan sintetiki  madda, iýmit konserwantlary, emulgatorlar, aromatizatorlar goşulýar.

Ýüze çykýan saglyk meseleler:

Düwnük, bagyr sirrozy, ýüregiň işiniň ýaramazlaşmagy, allergiki täsirler. Energetiki içgiler  nerw ulgamynyň bozulmalaryna getirip biler.

Souslar

Souslaryň köpüsiniň düzümine iýmit konserwantlary, stabilizatorlar, goýaldyjylar, emulgatorlar, iýmit reňkleýjiler, aromatizatorlar girýär. Özbaşdak iýmit önümi bolmasa-da, souslar islendik ýokumly iýmiti iň zyýanla öwrüp bilýär.

Ýüze çykýan saglyk meseleler:

Düzümine baglylykda, ýokarda agzalan ähli keselleriň  döremegine eltip bilýär.

Suharikler (kakadylan çörek)

Bu önüm ählimize belli önümdir. Ol hem iň zyýanlylaryň sanawyna girýär. Kakadylan çöregiň düzümine aromatizatorlar we iýmir reňkleýjiler girýär. Käte beýleki zyýanly maddalar hem garylýar.

Ýüze çykýan saglyk meseleler:

Görüşiň peselmegi, arterial gan basyşynyň üýtgemegi, aşgazan bozulmalary, allergiki täsirler.

Şokolad

Düzüminde zyýanly garyndy bolmadyk şokolady tapmak kyn. Adatça, onuň düzümine aromatizatorlar, stabilizatorlar, goýaldyjylar, emulgatorlar, konserwantlar girýär.

Ýüze çykýan saglyk meseleler:

Düwnük, allergiki täsirler.

Biz näme üçin iň zyýanly iýmit önümlerini halaýarys we olardan ýüz öwürmek  bize näme üçin kyn düşýärkä?

Giňden ulanylýan iýmit önümleriniň düzümindäki zyýanly iýmit garyndylary endik etdiriji häsiýete eýedir. Bu, esasanam, natriniň glýutamatyna (E-621) degişlidir. Tagamy güýçlendiriji garyndylaryň arasynda ol iň  köp önümlerde duş gelýär: çipsiler, şöhlatlar, et ýarymfabrikatlarynda , souslarda, tiz taýýarlanylýan çorbalarda we ş.m. Natriý glýutamaty nerw ulgamyny gyjyndyrýan zäherli maddadyr. Ol  beden üçin has howpludyr (görüşiň peselmegi, kelle beýnisiniň şikeslenmesi, allergiki täsirler). Käte önümiň gabynda düzüminde natriniň glýutamatynyň bardygy görkezilmeýär. Iýmit önüminiň gabynda "garyndylar (spesiýalar)" diýlip ýazylan bolsa, onda onuň düzüminde, şübhesiz, E-621 bardyr.

Şekeriň deregine ulanylýan zyýanly aspartam (E-951) hem iýmit önümine endik etdirýär. Önümçilik tarapyndan maliýeleşdirilýän barlaglar "aspartam howpsuz" diýen netije çykarýarlar. Emma önümçilige maliýe taýdan  garaşly bolmadyk barlaglaryň netijeleri aspartamyň zyýanlydygyny, onuň dürli howply keselleriň (nerw öýjükleriniň şikeslenmegi netijesinde döreýän Alsgeýmeriň keseli, erkek önelgesizligi) döremegine sebäp bolýandygyny görkezdi.

Ýokarda ady agzalan 10 sany iň zyýanly iýmit önümlerini ulanmak bilen, biz olara endik edýäris, öz saglygymyzy howp astyna salýarys.