ARTYKMAÇ AGRAMA GARŞY GÖREŞ BARADAKY HAKYKAT WE TOSLAMALAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (19 Ses)

Biz siziň artykmaç agrama garşy göreş baradaky hakykaty we toslamalary bilmegiňizi isleýäris. Köp adamlar artykmaç agramyň saglyga ýetirýän zyýany baradaky hakykata daýanyp, üstümizi ýalan toslamalardan "gömýärler".

Gazet-žurnallaryň sahypalarynda, teleradioýaýlymynyň gepleşiklerinde artykmaç agramdan dynmaga kömek etjek serişdeler, enjamlar  gije-gündiz mahabatlatdyrylýarlar. Ýöne bu diňe mahabatlandyrmadyr. Şu serişdeleri, enjamlary öndürýänler öz harytlaryňyň satylmagyny isleýärler. Olary diňe pul, girdeji gyzyklandyrýar. Emma munuň käwagt siziň jan-saglygyňyza ýetirýän zyýany barada welin hiç oýlanmaýarlar. Artykmaç agramdan dynyp, horlanmak isleýänler köp bolansoň, bu toslamalaryň toruna düşýänler hem az däldir. Şonuň üçin-de, bu toslamalaryň käbiri barada size gürrüň bermekçi. Bu siziň wagtyňyzy we puluňyzy biderek ýere sowurman, öz maksadyňyza ýetmäge kömek eder.

1-nji toslama. Türgenleşik enjamlary arkaly artykmaç agramdan dynyp bolýar. Bu mahabatlandyrmadyr. Dogry, olar myşsalary berkedip, olaryň gujur-gaýratyny artdyrýarlar. Ýöne biziň maksadymyz artykmaç agramdan dynmak ahyryn. Bu türgenleşik enjamlarynda sarp edilýän kuwwatlylygyň mukdary şeýle bir az welin, horlanmak barada gürrüňem bolup bilmez. Sebäbi bu türgenleşik enjamlaryndaky hereketler ýürek ýygralmalarynyň sanyny gerek mukdara çenli  artdyryp bilmeýärler (bellik: adamyň ýürek ýygralmalary belli bir derejä ýetensoň, onuň organizmindäki ýaglar bölünip başlaýar). Emma bu türgenleşik enjamlary bütinleý peýdasyz diýip-de bolmaz. Sebäbi olar myşsalary berkitmäge, siziň häzirki durkuňyzy saklamaga ýardam berýändir. Peýdaly maşklary etmek üçin gymmat bahaly türgenleşik enjamlaryny edinmek hökman däldir. Esasy zat — olary dogry ýerine ýetirmek. Muny bolsa teleýaýlymlarda görkezilýän sport gepleşiklerinden görüp, öwrenip bolýar. Ýöne bu maşklaryň netijeli etmek isleseňiz, onda olary hemişe etmelidir. Ýene-de bir ýagdaý: ýatan ýeriňizde galyp-ýatmak arkaly garnyňyzdaky ýagy aýryp bolýar diýen toslama ynanmaň. Sebäbi bedeniň diňe bir böleginde horlanyp bolmaýar. Garyn-da, beýleki bölekler-de umumy horlanmanyň netijesinde horlanýarlar.

Bellik: ýokarda gürrüňi edilen türgenleşik enjamlaryna kardio-türgenleşik enjamlary: duran ýeriňde ylgadýan zolak, welo-türgenleşik enjamy, weloellipsoid enjamy degişli däldir.  Sebäbi bu enjamlar şypa berijilik maksatlary üçin  ulanylýar.

2-nji toslama. 40 ýaşdan geçen zenan artymaç agramyndan özbaşdak dynyp bilmez. Eger-de gürrüň çendenaşa semizlik däl-de, kadalaýykdan 10 kile artyk agram barada bolsa, gaýgy etmäň. Siz bu artyk 10 kiläniň hötdesinden gelip bilersiňiz. Muňa diňe yhlas bilen yzygiderlilik gerek.

3-nji toslama. Owkalaýan enjamlar ýa-da el owkalamalarynyň kömegi arkaly horlanyp bolýar. Owkalama limfalardan suwuklyklaryň gaýdyp, organizmdäki artykmaç suwuklyklary daşyna çykarýar. Bu bolsa owkalanylýan çäklerde çişginligiň gaýdyp, durgunlyk ýagdaýlarynyň aýrylmagyna ýardam berýär. Deri ýumşap, ýüpek ýaly bolýar. Organizmdäki alyş-çalyş işleri güýçlenýär. Bular elbetde gowudyr, ýöne owkalamany artykmaç agramdan dynmakda iň esasy serişde hökmünde ulanyp bolmaz. Ol goşmaça serişde hökmünde ýaramlydyr. Mysal üçin şu toplumda: berhiz + türgenleşik maşklary + owkalama.

4-nji toslama.  Beden üçin niýetlenen ýörite kremler arkaly horlanyp bolýar. Muňa dürli "gudratly" kremler, balzamlar, geller degişlidir. Olar bili inçeldip, organizme "öýjükler derejesinde" täsir edýänmişin! Horlanmaga ýardam berýän çaýlar hem bulara degişlidir. Biz bularyň baryny eýýäm özümizde barladyk. Gerekli netijäni almadyk. Şonuň üçin-de bularyň gürrüni etmekde gerek däl — bu barypýatan toslama!

5-nji toslama. Ýörite taýýarlanylan gysga balaklar (şortalar) arkaly horlanyp bolýar. Olary öndürýän kompaniýalar bu gysga balaklary günüň dowamynda birnäçe sagat ýa-da gije uklanylanda geýilse, artykmaç agramyň gidýändigini mahabatlandyrýarlar. Ýöne ony geýmezden öň ýörite kremleri hem çalmalymyşyn. Bu gysga balaklar birnäçe gatdan ybarat bolany üçin, gyzgyn hammamyň täsirini ýetirýärmişin. Muňa näme diýip bolar? Deri gyzýar-da, gijäp başlaýar. Başga hiç täsiri ýok.

6-njy toslama. Miostimulyatorlar arkaly artykmaç agramdan dynyp bolýar. Bu türgenleşik enjamy barypýatan ýaltalar üçindir. Olar elektrik impulslar arkaly myşsalary ýygryldýarlar. Olara dürli görnüşdäki titreýän hem gyzgyn hammam täsirli guşaklar (kemerler), "kebelejikler" we başgalar degişlidir. Olar biziň döwrümizde diýseň giňden mahabatlandyrylýar: "Siz ýatyp dynjyňyzy alarsyňyz ýa-da öz işiňize gümra bolarsyňyz. Guşak bolsa siziň biliňizi inçelder, artykmaç ýaglaryňyzy aýrar". Emma "jadyly" guşaga beýle-de dursun, hatda türgenleşik enjamlaryň artykmaç agramy aýryşy barada ýokarda gürrüň edilendir. Şoňa görä-de, şular ýaly "jadyly" guşaklary mahabatlandyryp, kimdir biriniň: "Men şu "kebelejik" arkaly 16 kile horlandym" diýenine güläýmek galýar. 16 kile beýlede dursun, hatda bir kile-de horlanayp bolmaz! Emma hünärmenleriň ulanýan miostimulyatorlary başgadyr. Olary ýörite gözellik salonlarynda derini ýylmamak we myşsalary berkitmek üçin ulanýarlar. Ýöne olar-da artykmaç agramy aýyrýan däldirler.

7-nji toslama. Ýaşyň ulalmagy bilen bedeniň agramy artýar. Muny bize edil bolaýmaly kada-kanun  hökmünde aýdýarlar. Emma bu bütinleý beýle däl! Elbetde, organizmdäki maddalar çalşygy haýallaýar. Adamyň agramynyň artmagy onuň ýaşynyň ulalýandygy sebäpli däl-de, indi onuň az hereket edýändigi bilen düşündirilýär. Şonuň üçin-de, mümkin boldugyndan hereket etjek bolmaly. Dogry iýmitlenip, fiziki hereketjeňlegi kadalaýyk saklasaňyz, onda 50-60 ýaşanyňyzda-da juwanlyk durky saklap bolar. Ynanmasaňyz, özüňizde synap göräýiň.  

8-nji toslama. Berhizi saklaman, sport bilen meşgullanman, diňe peşew çykardyjy serişdeler arkaly artykmaç agramdan dynyp bolýar. Bu düýbünden beýle däl. Peşew çykardyjy serişdeler artykmaç agramy hiç-de azaldyp bilmeýär. Dogry, olary kabul edip başlanyňyzdan soňra agramyz birnäçe kile azalar. Ýöne bu organizmdäki suwuklyklaryň ýitirilmegini netijesinde bolýar. Ýaglar bolsa şol öňküligine galýarlar. Emma welin organizme zerur bolan suwuklyklaryň ýitirilmegi janyňyza howp salar.

Artykmaç agramdan dynmagyň esasy usuly edil dünýä ýaly gadymydyr — dogry berhizi saklap, sport bilen yzygiderli meşgullanmalydyr.