SAGDYN WE TAGAMLY NYGMATLAR - GOWRULAN SYGYR ETI WE PÝURE

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (16 Ses)

Eti çorbanyň içinde iýmekden ýadan bolsaňyz, basylan ýer almasy (pýure) bilen  gowrulan etiň sazlaşygy bilen tanşyň. Lezzetli hem elýeterli.

Kaloriýa çyzgyjy (1 adamlyk)

300gr sygyr eti – 750 kaloriýa

200gr püre  - 176 kaloriýa

10gr sogan – 4 kaloriýa

Jemi : 930 kaloriýa

Taýýarlamak üçin gerek wagt: 1 sagat 15 minut

Naharyň sagdynlyk çyzgyjy:

Sygyryň eti  C, B15 vitaminlerine  we belokly süýümlere örän baýdyr. Mundan başga-da, sygyryň eti akyp bişende has hem tagamly bolýar. Käbir adamlar etiň doly bişmedik görnüşini halaýar, çünki doly bişmedik etde beloklaryň köp mukdary saklanýar. Emma ýokary hilli eti saýlama wajypdyr.Eti saýlap alanyňyzda reňkine üns beriň. Eger-de renki soluk bolsa, onda et könedir  we bişende gury bolup bişme ähtimallygy bardyr.

Ýer almasy özünde örän köp möçberde krahmaly we  B6vitamini, magniý mineralyny saklaýar. Ýer almasynda saklanýan  kaliý mineralynyň  möçberi bananyňkydan hem has köpdür.

Ýer almasyndaky kaliý adamyň ýokary gan basyşyny peseldýär. 

Soganyň ýakymsyz ysynyň   bardygy sebäpli ony köpler halaman hem biler, emma iň peýdaly witaminler we minerallar soganda saklanýandyr.Mundan başga-da, soganda diýetik süýümler bolup, olar horlanmak isleýän adamlar üçin örän peýdalydyr.

Gerekli  önümler:

1. - 270-300 gr. ýarym jylka we biraz ýagly sygyr eti;

2. - 2 sany orta ululykdaky  ýer almasy;

3. - 1 kiçi sogan;

4. - 2 el gysymy ukrop-petruşka oty;

5. - 3 diş sarymsak;

6. - Zeýtun ýagy;

7. - Eger bar bolsa süýji paprika oty (tapyp bilmeseňiz hökman däl);

8. - Gowurmak üçin plastik torbajyk (Supermarketlerde satylýar);

9. - Uksus - Sirke.

Taýýarlanyş usuly:

1. Sygyr etini inedördül şeklinde kesmeli.

2. 3 diş sarymsagy we 1 el gysymy ukrop bilen petruşkany ownuk kesiň we birazajyk zeýtun ýagy hem-de 3 çümmük duz bilen garyşdyryň. Süyji paprika otuny tapan bolsaňyz, ondan hem 3 çümmük garyndyň içine goşuň. (Bu garyndy etimizi marinowka etmek üçin ulanylýar)

3. Inedördül  şekilinde kesilen eti marinowka üçin taýýarlan garyndyň içinde garyşdyryň we 15 minut  saklaň.

4. Etiňiz marinowka bolýança 2 sany ýer almasyny ýuwup, daşyny arassalaň we kiçiräk böleklere bölüp ýumşaýança gaýnadyň .Ondan  pýure  görnüşini  taýýarlaň. Pýureniň içine birazajyk zeýtun ýagyny we islegiňiz boýunça duz goşuň. Pýureniň tagamyny has artdyrmak üçin birazajyk burç we ukrop-petruşka otuny  goşup bilersiňiz.

5. Etimiz bu wagta çenli gowy marinowka bolandyr. Plastik torbajygyň içine marinadly eti salyň we pakediň üstünde kiçiräk deşik açyň. Torbajykdaky eti duhowkada 1 sagada golaý bişiriň. Duhowkanyň temperaturasy  200-250 C. deň bolmaly. Gatyrak et iýmäne halaýanlar üçin eti 40-45 minut bişirmek ýeterlik.

6. Sogany inçe kesiň we 1 gysym kesilen ukrop hem-de petruşka bilen garyşdyryň. Tagamyny artdyrmak üçin birazajyk uksus (sirke) goşuň. 

7. Suratdaky ýaly başda püre, onsoň et we üstünden sogandan taýýarlan işdäaçarymyzdan  azyrak goýuň. Plastik paketdaky etden galan suwy bolsa naharyňyzyň üstüne sepeläň. 

IŞDÄŇIZ AÇYK BOLSUN!