HUKUGYM BAR!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.49 (39 Ses)

Türkmenistanda maşgala we nika, şol sanda çaga dogluş meselesiniň esasy meseleleriň biri bolup durýandygy öwgä mynasypdyr. Çünki maşgala we çagalar – islendik sagdyn jemgyýetiň we döwletiň wajyp düzüjisidir.

Önelgelilik saglygyna we hukuk meselesine degişli soraglar her adamy gyzyklandyrýar. Döwürdeşlerimiz dogry saýlamak we nesil öndürmek hakynda, howpsuz we kanagatlandyryjy jyns gatnaşyklary hakynda, şeýle hem aýal bilen erkegiň arasyndaky gatnaşygy hakynda ýüze çykýan soraglara jogap tapmak isleýärler.

Önelgelilik saglygyna we hukugyna degişli meseleler dünýäde giňden ýaýran meseleleriň biri bolup, ol Türkmenistanda hem öz wajyplygyny saklaýandyr. Gazetlerde, radioda, telewideniýede ýygy-ýygydan göwrelilik, jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keseller, AIW/AIDS, maşgalany meýilleşdirmegiň usullary, maşgala we nika aragatnaşyklary we başga-da önelgelilik saglygyna degişli köp dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Maglumat çeşmesi örän uly bolup, köplenç ýagdaýda özünde gapma-garşylykly pikirleri saklaýandyr. Şonuň üçin ownuk-uşak zatlardan we düşünjelerden baş alyp çykmak üçin önelgelilik saglygy goramaga gönükdirilen hukuk goraýjy ulgama garamak örän wajypdyr.

Şu meseläniň wajyplygyna düşünmek üçin, özüňe şeýle soragy bermek zerur – biziň jemgyýetimizde gaýnyň gelnine degişli maşgalany meýilleşdirmek meselesine goşulýan ýagdaýlaryna köp gabat gelýärsiňizmi? Ýaş çatynjalaryň toýda birinji gezek duşuşýan halatlary azmy? Ýaş çatynjalara öň ýeten, "Haçan bäbegiňiz bolýar?" ýa-da "Belki, siziň saglygyňyz gowy däldir?" diýen ýaly soraglary berýärler. Gynansakda, durmuşda şunuň ýaly ýagdaýlara biz köp gabat gelýäris. Adamlar bilmezlikden ýa-da ýönekeý bilesigelijilikden biziň saglyk ýagdaýymyza we hukugymyza şek ýetirýärler.

Ýaş gyzlar we ýigitler, aýallar we erkekler, eneler we atalar öz hukuklary, şol sanda döwlet tarapyndan kepillendirilen we halkara namalarynda berkidilen nesil önelgeliligine degişli hukuklary babatda habarlymyka? Geliň, şu meseläni ara alyp maslahatlaşalyň... Her maşgalanyň öz durmuşynda, iň bolmanda bir gezek "Çaga etmelimi ýa-da etmeli däl?" diýen meseläni çözmeli bolýandygy gizlin zat däl. Islenýän we sagdyn çaganyň eýesi bolan her bir maşgala bagtlydyr.

Önelgelilik saglygy we nesil öndürmek üçin bar bolan hukuklar diýmek näme?

Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) kesgitlemesi boýunça,

Önelgelilik saglygy – bu diňe keselçilik ýa-da önelgelilik ulgamy, onuň ýerine ýetirýän wezipeleriniň we hadysalarynyň bozulmagy bilen bagly bolan fiziki ýetmezçiligiň bolmazlygyny aňlatman, adamynyň doly fiziki, psihiki we sosial sag-amanlyk ýagdaýydyr.

Bu adamlaryň howpsuz we kanagatlanarly jynsy gatnaşyklarynda ýaşap bilýändiklerini, nesil öndürmäge ukyplylygyny hem-de haçan we nähili ýygylykda çaga öndürmek isleglerini özleriniň çözýändiklerini aňladýar.

Önelgelilik saglygyna çemeleşme giňişleýin hem çynlakaý alnyp barlyp, adamyň önelgelilik döwründe saglygyny goramak meseleleriniň aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr. Bu çemeleşme adamlar, jemgyýet we döwlet tarapyndan şu meselelere garaýyşda düýpli üýtgeşmeleri geçirmegi talap edýär.

Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Nesil öndürmeklige degişli Hukugy (NÖH) erkekleriň we aýallaryň maglumat almagyny we öžüniň saýlawyna laýyklykda çaga dogurmagyny rejeleşdirmekde howpsuz, netijeli, elýeter we ýönekeý usullara ýetmäge bolan hukuk, şeýle hem aýallar üçin howpsuz göwreliligi, çaga dogurmaklygy üpjün edip biljek, şeýle hem çatynjalaryň sagdyn çaga eýe bolmak üçin iň gowy mümkinçilikleri döretmekde degişli saglygy goraýyş gullugyny ulanyp bilmek hukugy hökmünde kesgitlenýär.

Önelgelilik saglygy we nesil öndürmeklige degişli hukuklar meseleleri haçan we nähili ykrar edilip başlandy?

Taryhy taýdan nesil öndüriji saglyk we hukuklar meselelerine has öňden garalypdy we ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Baryp 1968-nji ýylda önelgelilige degişli hukuklar Tähran Deklarasiýasynda adam hukuklary toparyna degişli edilip ykrar edilip başlandy.

Şu hukuk BMG-nyň soňraky ylmy maslahatlarynda tassyklandy, emma önelgelilik saglygy we hukuklary hakynda Kairde ýurduň ilatyna degişli halkara ylmy maslahatlarda (1994ý), Pekinde geçirilen Aýallaryň bütündünýa ylmy maslahatynda (1995ý), şol sanda Kopengagende Durmuş meseleleri boýunça geçirilen Ýokary Derejedäki Bütündünýä Duşuşygynda (1995ý) bitewilikde we anyk gürrüň edilip başlandy.

Şu we başga ylmy maslahatlarda anyk ýüze çykan umumy taglymatyň esasy manysy – nesil öndürmeklige degişli hukuklar adamyň hukuklarynyň aýrylmaz bölegidir. Bu hukuk kemsitmeleriň, mejbury we zorluk etmesiz nesil öndürmek barada karar kabul etmek hukugy diýip adamyň hukugyna degişli namalarda beýan edilen.

MMHF-niň Hartiýasy we Nesil öndürmeklige degişli 12 hukuk.

1994-nji ýylda ýurduň ilaty boýunça geçirilen Halkara Kair ylmy maslahatynyň netijelerine görä, Maşgalany Meýilleşdirmek boýunça Halkara Federasiýasy (MMHF) adamyň hukuklaryna degişli adalgalykda NÖH-leri anyk kesgitlemek maksady bilen Nesil öndürmeklige degişli hukuk hakynda Hartiýany işläp düzdi. Hartiýa tertipnama hökmünde adam hukuklary boýunça halkara namalarynda, şol sanda Adam Hukuklarynyň Ählumumy Deklarasiýasynda,Raýat we Syýasy Hukuklar hakynda Halkara Paktynda, Ykdysady, Durmuş we Medeniýet Hukuklar hakynda Halkara Paktynda, Aýallaryň kemsitmelerini ýok etmek hakynda Konwensiýada we Çagalaryň hukuklary hakynda Konwensiýada bellenen hukuklaryň 12-sini kesgitleýär. Olar aşakdakylary öz içine alýar:

► Ýaşamaga bolan hukuk;

► Şahsyýetiň azat ömür sürmäge we howpsuzlygyna bolan hukuk;

► Deňlige we kemsitmeleriň hemme görnüşlerinden azat bolmak hukugy;

► Şahsy durmuşa goşulmazlyga we gizlinlige bolan hukuk;

► Maglumat we bilim almaga bolan hukuk;

► Nikalaşma, maşgala döretme we ony meýilleşdirme saýlawyna bolan hukuk;

► Çaga dogluşy we dogluş wagty kesgitlemek hakynda karar kabul etmek hukugy;

► Lukmançylyk kömegine we saglygy goraýşa bolan hukuk;

► Ylmy ösüşiň bähbidine bolan hukuk;

► Ýygnaklaryň we syýasy gatnaşmalaryň azatlygyna hukuk;

► Gynamakdan we kemsidiji gatnaşykdan azatlyk hukugy.

Geliň, şu hukuklara önelgelilik saglygy we biziň durmuşymyz bilen baglylykda garalyň.

№1. Ýaşamaga bolan hukuk!

Her ýyl dünýäde aýallaryň göwrelilik we çaga dogurmak bilen bagly ölümçilik ýagdaýlarynyň milliona golaýy bellige alynýar. Şunuň ýaly ýagdaý siziň tanyşlaryňyzyň we garyndaşlaryňyzyň arasynda gabat geldimi? Hawa, gynansagam şonda biz özümize şeýle soragy berýäris: "Şu ölümiň öňüni alyp bolarmydy?" Eger-de aýal hakyky akuşerçilik kömegini, howpsuz çaga düşürmesini, öz saglygyna degişli maglumaty we bilimi alyp bilýän bolsa, köp ýagdaýlarda – HAWA! – diýip bolar.

Nesil öndürmeklige degişli hukuklar babatynda Ýaşamaga bolan hukuk nämäni aňladýar? Bu aýalyň göwrelilik ýa-da çaga dogurmak bilen bagly islendik öňüni alyp bolýan sebäpden ölmezlik hukugy. Bu aýalyň göwrelilik ýa-da çaga dogurmak sebäpli, öz ömrüni, haçanda:

♦ Çaga düşürme saglyk üçin howply şertlerde (bilimsiz işgärler,göwreliligiň ahyrky möhletinde ýa-da könelişen we laýyk bolmadyk usulyýet, ýaramaz şertlerde zerur bolan enjamsyz) geçirilen ýagdaýda;

♦ Göwreli bolmaly däl ýagdaýynda ýa-da göwrelilik 16 ýaşdan öň ýa-da 35 ýaşdan soň bolan ýagdaýynda; aýal ýygy-ýygydan göwreli bolýan ýagdaýyndaky töwekgelçilige düşmezlik hukugyny aňladýar.

Eger-de siziň joraňyzda ýa-da garyndaşyňyzda şeýle sorag ýüze çyksa: "Meniň ömrümi howp astyna salýan göwrelilkden ýa-da çaga dogurmakdan gaça durup bilýäňmi?". Olara "Hawa" diýip jogap berip bolar.

Türkmenistanda ýaşamaga bolan hukuk Döwletiň esasy kanuny bilen kepillendirilýär. Meselem, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasy her adamyň ýaşamaga we azat ömür sürmäge hukugynyň bardygyny aýan edýär. Hiç bir adam ýaşamaga bolan hukukdan mahrum edilip bilinmeýär.

"Raýatlaryň saglygyny goramak" Kanunyna laýyklykda aýal maşgalanyň ene bolmak baradaky meselesini özbaşdak çözmäge hukugy bar. Emeli ýagdaýda göwrelilik 12 hepdä çenli bolan möhletde aýalyň öz islegi boýunça, durmuş görkezijileri boýunça göwreliligiň möhleti 22 hepdä ýetende, lukmançylyk görkezijileri we aýalyň razylygy bolanda, göwreliligiň möhletine bagly bolmazdan togtadylyp bilner.

Ondan başga-da, şu Kanun tarapdan emeli ýagdaýda göwreliligi togtatmak saglyk goraýyş edaralarynda ýörite taýýarlygy bolan lukmanlar tarapyndan geçirilmelidir.

2. Şahsyýetiň azatlyga we howpsuzlyga bolan hukugy!

Biziň jemgyýetimizde ýigitleriň we gyzlaryň nikalaşmaga ata-eneleri ýa-da başga garyndaşlary tarapyndan mejbur edilýän ýagdaýlary köp gabat gelinýärmi? Gynansakda, şeýle ýagdaýlar dürli ýurtlarda ýaşaýan köp sanly türkmen birleşmeleriniň (diasporanyň) arasynda-da gabat gelýär.

Eger-de "Meni ýa-da başga birini durmuşa çykmaga ýa-da jynsy gatnaşyklary geçirmäge mejbur edip bolarmy?" diýen sorag berilse, onda onuň jogaby – "Ýok!" bolar. Sebäbi hemme aýallar we erkekler erkin we howpsuz ösüşe, şeýle hem saýlamaga we jynsy gatnaşyklaryny etmeli ýa-da etmeli däl diýen karary kabul etmäge, şeýle hem öz önelgelilik saglygyna gözegçilik etmäge hukugy bardyr. Saýlaw erkin edilmelidir. Bu bolsa hiç kimiň mejbury ýagdaýda nikalaşmaga ýa-da başga adam tarapyndan (şol sanda nikaly adamsy/aýaly) jynsy gatnaşyklaryny geçirmäge mejbur edilmeli däldigini göz öňünde tutýar. Hiç bir aýal göwrelilige ýa-da çaga düşürmäge mejbur edilmeli däldir, jynsy gatnaşyklar we önelgelilik saglygy bilen bagly islendik operasiýa, adamyň razylygy bilen geçirilmelidir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 27-nji maddasy nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň biri-biri bilen ylalaşyp, nikalaşmaga we maşgala döretmäge hukugynyň bardygyny beýan edýär. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň hukuklary deňdir.

Türkmenistanyň Maşgala ködeksine (16-njy madda) laýyklykda nikalaşmagy isleýän şahslar nika ýaşyna ýetenlerinde diňe erkin we özara razylygy boýunça nika baglaşyp bilerler. Ondan başga-da, erkekler we aýallar nika baglaşaýan wagtynda, nikada durýan wagtynda we nikanyň bozulýan wagtynda birmeňzeş hukuklardan peýdalanýarlar (14-nji madda)

3. Deňlige we hukuk kemsitmeleriň ähli görnüşinden azat bolmak hukugy!

Durmuşda göwreli aýaly işden gitmäge ýa-da göwreliligi sebäpli işe almaklykdan boýun towlanýan ýagdaýyna gabat geldiňizmi? Adamsynyň öz aýalyna okamaga ýa-da işlemäge rugsat bermeýän halatlaryna köp gabat gelýärsiňizmi? Gynansakda, bu ýagdaýa köplenç gabat gelinýär.

Aýal göwreli bolanlygy üçin ony okuwdan ýa-da işden boşatmaga kimiň hukugy bar? Aýal adamsyndan okamaga ýa-da işlemäge rugsat almalymy? ÝOK!

Sebäbi hemme adamlaryň bilim almaga we işe ýerleşmäge deň mümkinçilikleri bolmaly, aýala bilim almak ýa-da saýlan işinde işlemek üçin adamsyndan rugsat almak talap edilmeýär. Ondan başga-da, maşgalany meýilleşdirmekde nähili usullary ulanmak babatda adamsynyň rugsadyny alma gerek däl.

Türkmenistanyň goşulşan halkara-hukuk namalary hukuk kemsitmeleri ýok etmek üçin dürli çäreleri görmeklige borçly edýär. Olar öz içine aşakdakylary alýarlar:

♦ Zähmet we okuw babatynda kemsitmeler, gymmaty deň zähmet üçin erkekleri we aýallary deň sylaglamak barada konwensiýa;

♦ Deňlik we kemsitmeleriň hemme görnüşlerinden azat bolmak hukugy Türkmenistanda hereket edýän hemme kanunlaryň: raýat, zähmet, maşgala, jenaýat, ýaşaýyş jaý, bilim we saglygy goramak we başga kanunçylygyň esasy ýörelgesidir.

Konstitusiýa laýyklykda, Türkmenistan jynsa garamazdan raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň deňligini kepillendirýär. Jyns häsiýeti boýunça deňhukuklylygy bozmak kanun boýunça (19-njy we 20-nji madda) jogapkärçilige çekilýär.

Türkmenistanyň zähmet kodeksi aýallary işe kabul etmekde boýun gaçyrmaklygy we göwreliligiň ýa-da üç ýaşa çenli (maýyp çaga – on alty ýaşa çenli) çagaň bolmagyny sebäp edinip, žähmet hakyny peseltmekligi gadagan edýär. Kärhanalaryň ýolbaşçylary we başga wezipeli adamlar ýokarky agzalan ýagdaýda işe kabul etmekden boýun gaçyrsalar, olar Türkmenistanyň kanynçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýär (241-nji madda).

Ondan başga-da, göwreli aýallary we üç ýaşa çenli (maýyp çaga – on alty ýaşa çenli) çagalary bolan aýallar bilen iş berijiniň başlangyjy (islegi) boýunça zähmet şertnamasyny bozmak, aýratyn ýagdaýlardan başga (meselem, kärhana ýapylanda, žähmet düzgünnamasyny bir gezek gödek bozanda, hususyýetçiniň emlägine hyýanat ýetirende we ş.m.) ýagdaýlarda gadagandyr.

Maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň deň şahsy emläk däl we emläk hukuklarynyň we borçlarynyň, är-aýalyň her biriniň meşgullanjak işini, hünärini we ýaşaýan ýerini saýlamak erkinliginiň bardygy, Türkmenistanyň maşgala kodeksi tarapyndan bellenendir (50-nji madda).

№4. Şahsy durmuşa goşulmazlyk we gizlinlik hukugy!

Biziň durmuşymyzda käwagtlar saglygy goraýyş işgärleri biziň saglygymyza degişli maglumatyň (şol sanda önelgelilik saglygy) gizlinligini berjaý etmeýärler we başga adamlar bilen (garyndaşlar, dostlar we tanyşlar) näsagyň keseliniň ara alyp maslahatlaşylmagyna ýol berýärler.

Hakykatdan hem, kimiň meniň önelgelilik saglygym baradaky maglumaty bilmäge hukugy bar? Öz hünärmenlik işiniň çäginde, saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlaryndan we hünärmenlerinden başga HIÇ KIM.

Adamlaryň hemmesiniň saglyk edaralaryna, öz lukmanyna ýa-da başga hünärmenlere ýüz tutanda, maglumatyň gizlinlikde saklanylmagyna hukugy bar. Bu adamyň önelgelilik saglygyna degişli we lukmana ýa-da başga hünärmene ynanylan islendik maglumatyň – näsagyň şahsy durmuşynyň bir bölegidigini, şonuň üçin lukman ýa-da saglygy goraýyş işgäri şu maglumaty näsagyň razyçylygy bolmasa hiç kime aýan etmeli däldigini aňladýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir adamyň şahsy durmuşyna eden-etdilikli goşululmagyna garşy goramak hukugy kepillendirýär (25-nji madda).

Ondan başga-da, Raýat kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, fiziki şahsyň şahsy durmuşyny, şol sanda ýakyn gatnaşyklarynyň, dogulmasynyň, ogullyga alynmagynyň syrlaryny goramaga hukugy bardyr.

№5. Pikirleniş azatlyk hukugy!

Köplenç önelgelilik saglygy biziň çözgütlerimiziň we hereketlerimiziň, dini, medeniýet düşünjeleriň ýa-da başga sebäpleriň (meselem, nika meselesi boýunça, ýagny "raýat nikalaşmasy" we köp aýallylyk, kontrasepsiýa usulynyň saýlanşyna, çaga sany we başgalar) täsirine bagly bolýar.

Meniň önelgelilik saglygym we hukuklarym babatynda karar kabul etmekde, hereketleri ýerine ýetirmekde meni çäklendirip bilerlermi?

Hiç kim öz önelgelilik saglygy babatynda pikirlenmek we erkin hereket etmek hukugyndan mahrum edilip bilinmeýär. Bu bolsa syýasy partiýalaryň hem, diniň, medeniýeiň hem adama pikir etmegi gadagan edip bilmeýändigini aňladýar.

Türkmenistan Adam Hukuklarynyň Ählumumy Deklarasiýasynda beýan edilen halkara hukuklarynyň kadalaryny, aýratyn hem – her kimiň aň, wyždan we din azatlygyna bolan hukugyny ykrar edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýatlara öz ynam-ygtykatlaryna erkin eýermäge we olary erkin beýan etmäge bolan hukugyny kepillendirýär (28-nji madda).

№6. Maglumat we bilim hukugy!

Ýaş ýigitleriň we gyzlaryň öz saglyklary we durmuşda önelgelilik saglygy hem-de hukuklary babatynda binýat bilimleriniň bolmazlygy, olaryň ömrüni nähili howp astyna salýp bilýär!

Maglumat we bilim almaga bolan hukuk Halkara we Türkmenistanyň milli kanunçylygynda bellenendir.

Her adam jynsyna, ýaşyna we başga tapawutlyklara garamazdan , bilime we jyns gatnaşyklary arkaly keselleriň geçişi, maşgalany meýilleşdirmek we hyzmatlar barada hem-de jynsy gatnaşyklaryna we önelgelilik saglyga degişli bolan hemme häzirki zaman we agzalan meseleleri açyk beýan edýän maglumaty deň derejede almaga hukugy bardyr.

Bu her adamyň dogry karary we özüniň jyns gatnaşyklary hem-de önelgelilik saglygyna degişli netijeleri saýlap,maglumatyň eýesi höküminde taýýarlykly bolmalydygyny aňladýar. Hemme isleg bildirýänler, şol sanda ýetginjekler hem, hil maglumatyň eýesi bolmaga, islenilmedik göwreliligiň öňüni almaga, kemsitmeleriň we zamun garalmaklygyň, zorlugyň, şol sanda ýaşyna laýyklykda maşgaladaky we jynsy zorlugynyň öňüni almaklyga gönükdirilen meýilnamalardan peýdalanmaga hukugy bardyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy maglumat almaga (28-nji madda), şeýle hem bilim almaga bolan hukugy kepillendirýär (38-nji madda).

№7. Nikalaşma, maşgalany döretmek we meýilleşdirmek hukugy.

Käbir halklaryň däp-dessurlary boýunça nikalaşmak üçin gyzlary gaçyryp alýarlar...

Biz nikalaşmakda, maşgala döretmekde ýa-da ony meýilleşdirmekde saýlaw hukugyny 2 belgili Hukukda ara alyp maslahatlaşypdyk. "Kimdir birini nikalaşmaga mejbur etmek kanuna laýykmy?" diýen soraga diňe ýeke-täk jogap bar: "Ýok!"

Nika ýaşyna ýeten her bir erkek adamynyň ýa-da aýalyň haçan we kim bilen nikalaşmalydygyny saýlamaga hukugy bardyr. Bu bolsa hiç kimi, hiç bir sebäpden zorluk bilen nikalaşmaga mejbur etmeli däldigini, hiç kimiň islemeýän adamsy bilen nikada bolmaly ýa-da bile ýaşamaly däldigini, her adamyň nikany bozmak üçin deň hukuklarynyň bardygyny aňladýandyr.

Türkmenistanyň jenaýat kodeksinde nika gatnaşyklaryna girmek maksady bilen aýaly ogurlamak üçin jogapkärçilik göz öňünde tutulandyr (üç ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum edilme – 127-nji madda).

№8. Çaga dogluşy we dogluş möhleti kesgitlemek hakynda karar kabul etmek hukugy!

Biziň jemgyýetimizde ýaş çatynjalar toý dabarasy geçenden soň, garyndaşlarynyň, goňşularynyň we tanyşlarynyň dykgatly üns merkezinde durýarlar. Hemmäni gyzyklandyrýan sorag: "Ýaş gelin göwrelimi? Onuň saglygy nähilikä, mirasdüşeri dogurmaga ukyplymy?"

Her bir adamynyň maşgalany meýilleşdirmek meselesi boýunça erkin karar kabul edip, öz isleýän çaga sanyny, şeýle hem çaga dogluşynyň arasyny özleriniň mümkinçiliklerine görä aňly we jogapkärli kesgitläp bilmek hukugy bardyr. Aýallaryň hem, erkek adamlaryň hem maşgalany meýilleşdirmekde häzirki zaman, netijeli we howpsuz usullary ulanmaga hukugy bardyr.

Bu şeýle hem maşgalany meýilleşdirmek usullary babatda, adamsy ýa-da aýaly tarapyndan rugsat berilmeginiň hökman däldigini aňladýar.

Ýokarda aýdylyp geçilişi ýaly, "Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda" kanuna laýyklykda, aýalyň ene bolmak, şeýle hem emeli ýagdaýda göwreliligi togtatmak meselesini özbaşdak çözmäge hukugy bardyr.

Şeýle-de, aýalyň emeli ýagdaýda göwreli bolmaga we çaga düwünçegini (embriony) emeli usul bilen ýatga oturtmaga hukugy bardyr (31-nji madda).

"Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky" Kanunynda jynsy sterilizasiýa meseleleri hem rejeleşdirilýär (33-nji madda).

9. Lukmançylyk kömegine we saglygy goraýşa bolan hukuk.

Her adama ömrüniň dowamynda lukmançylyk kömegi gerek bolýar. Lukmançylyk kömegi göwrelilik, çaga dogurma ýa-da önelgelilik saglyk hukuklaryny amal etme ýagdaýlarynda (meselem, emeli ýagdaýda göwreli bolmak, emeli ýagdaýda göwreliligi togtatmak, kontrasepsiýa usuly saýlamak we ş.m.) zerur bolup durýandyr.

Şunuň bilen baglylykda: "Lukmançylyk kömegini, şol sanda mugt kömegi almaga hukugym barmy?" diýen sorag ýüze çykýar.

Her bir adam önelgelilik saglygyny goramak boýunça öz isleglerini kanagatlandyrmak üçin, ömrüňe we saglygyňa howpsuz, öz ýaşaýşyny we gatnaşyklaryny has amatly şertlerde ösdürmek maksady bilen ýokary hilli lukmançylyk kömegini almaga hukugy bardyr.

Döwletiň ykdysady, durmuş we medeniýet hukuklary hakyndaky Halkara Paktyna gatnaşyjylar (şol sanda Türkmenistan hem) her adamyň fiziki we psihiki saglygyny goramaga hukugynyň bardygyny ykrar edýärler. Şu hukugy doly amala aşyrmak üçin döwletler tarapyndan çäreler kabul edilip, olar öli çaganyň dogluşyny, çaga ölümini azaltmaklygy, çaganyň sagdyn ösüşini; epidemik, endemik, hünärmenlik we başga keselleriň öňüni almaklygy we bejermekligi hem-de olar bilen göreşmekligi; hemme lukmançylyk kömegi we kesellän ýagdaýynda ideg şertlerini döretmekligi üpjün etmek üçin zerur bolan çäreleri öz içine alýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ähli raýatlara saglygy goraýyş, şol sanda saglygy goraýyş edaralar toplumyndan mugt ulanma hukugyny kepillendirýär (35-nji madda).

"Raýatlaryňsaglygyny goramak hakynda" kanuna laýyklykda döwletiň raýatlar saglygyny goramak babatyndaky syýasaty ilatyň lukmançylyk kömegini döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberde mugt we elýeter derejede üpjün etmäge gönükdirilendir (3-nji madda). Saglygy goraýyş döwlet ulgamynyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda ilata döwlet tarapyndan mugt lukmançylyk kömeginiň kepillendirilen möçberi amala aşyrylýar (şol möçber Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar) (12-nji madda).

Her bir aýalyň göwrelilik döwri, çaga dogulýan wagty we çaga dogandan soň, çaga bir ýaşaýança, mugt ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini we saglygy goraýyş döwlet ulgamynyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda başga ýeňillikleri almaga hukugy bardyr (16-njy madda).

№10. Ylmy ösüşiň bähbidine bolan hukuk!

Türkmenistanyň kanunçylygynda ylmy ösüşiň bähbidine bolan hukuk nähili amala aşyrylýar? Maşgalany meýilleşdirmekde häzirki zaman we howpsuz usullardan peýdalanmaga kime rugsat bermeli?

Her bir adamyň ylmyň we täze önelgelilik saglygynyň hilini gowulandyrýan tehnologiýalaryň gazananlaryndan alynjak bähbide hukugy bardyr. Ylmy ösüş önelgelilik saglygy babatynda adamlaryň zerurlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen, adamlaryň maşgalany meýilleşdirmekde häzirki zaman, howpsuz we netijeli usullary bilmäge şertleri bolmalydyr. Ondan başga-da, her bir adamyň dogry netije çykarmagy üçin, şu usullar babatda doly habarly bolmagy zerurdyr.

"Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky" Kanuna laýyklykda göwreli aýallaryň we eneleriň saglygyny goramak hukugy aşakdakylar arkaly üpjün edilýär (başgalaryň esasynda):

♦ aýal kesellerini, göwrelilik döwründe, çaga doganda, çaga dogandan soňky döwürde çylşyrymly ýagdaýda bejerme we öňüni alma,gan azlylygy ýüze çykarma, aýallarda sagdyn ýaşaýşy emele getirmä gönükdirilen ylmyň häzirki zaman gazananlaryny lukmançylyk tejribesine ornaşdyrma;

♦ kontrasepsiýa boýunça netijeli we howpsuz serişdeler we usullar, çaga düşürmäniň öňüni alma boýunça iş geçirme (16-njy madda).

Şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda nikalaşýan adamlar üçin lukmançylyk-genetiki maslahatlar, emeli ýagdaýdaky göwrelilik (tohumlandyrma) we embriony oturtmak ýaly hyzmatlary etmeklik göz öňünde tutulandyr.

№11. Ýygnaklara we syýasy ýygnanşyklara gatnaşmaga bolan azatlyk hukugy.

Önelgelilik hukuklar babatynda şu hukuk aýallara we erkeklere ýygnaklarda ýygnanyp hem-de okuwlary gurap, önelgelilik saglygy gowulandyrmak boýunça öz taglymatlaryňy we gyzyklanmalaryňy öňe sürmäge mümkinçilik berýänligini aňladýarmy?

Hawa, şu hukuk her adamynyň jyns gatnaşyklary we önelgelilik hukuklary ösdürmäge ýardam bermek we hormatlamak üçin gyzyklanmalar boýunça toparlara birleşmek hukugyny, şeýle hem önelgelilik saglygy we nesil öndürmeklige degişli hukuklary goramak maksady bilen jemgyýete we döwlete täsir etmek hukugydyr.

Şu hukugy ulanmakda hiç hili çäklendirmeler, olara diňe kanun tarapyndan goýlan we demokratik jemgyýetde döwletiň ýa-da jemgyýet howpsuzlygynyň, ilatyň saglygyny we ahlagyny goramaklygyň ýa-da başga şahslaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak zerur bolanlardan başgalaryna (Raýat we syýasy hukuklaryň Halkara Pakty, 21-nji madda) goýulmaýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan ýygnaklary geçirilmek erkinligi, şeýle hem syýasy partiýalary we başga-da jemgyýetçilik birleşmeleri döretmek hukugy kepillendirilýär (29-30-njy maddalar). Her bir raýatyň jemgyýetiň we döwletiň işini, şeýle hem erkin saýlanan wekilleriň üsti bilen dolandyrma gatnaşmaga hukugy bardyr.

№12. Gynamadan we kemsidiji el-gatmadan azatlyk hukugy bar!

Gynansakda, köplenç ýagdaýda goňşularymyzyň, dostlarymyzyň, garyndaşlarymyzyň arasynda adamsy aýalynyň diňe göwnüne degmän, eýsem ony zorluga sezewar edýän ýagdaýlarynyň şaýady bolýarys.

Adamsynyň aýalynyň göwnüne degmäge ýa-da ony zorluga sezewar etmäge hukugy barmy? Ýok! Sebäbi her bir adam gynamasyz we kemsidiji gatnaşyksyz, zorlukdan, jyns zorluklaryndan, ulanyşdan we göwne degmeklikden goranmaga hukugy bardyr. Är-aýalyň arasynda deňlik, azatlyk we özara hormatly gatnaşyklar bolmalydyr.

Adamyň Hukuklarynyň Ählumumy Deklarasiýasynyň 5-nji maddasynda: "Hiç kim gynamalara ýa-da rehimsiz, adamkärçiliksiz, mertebäni kiçeldýän gatnaşyklaryň we jezalaryň görnüşlerine sezewar bolmaly däldir" diýlip bellenilýändir. Türkmenistan gynamalara ýa-da rehimsiz, adamkärçiliksiz, adam mertebesini kemsidýän derejede el gatylmagynawe jezalar görnüşlerine sezewar bolmaklygyň garşysyna BMG-niň Konwensiýasynyň, Aýallary kemsitmeleriň hemme görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýanyň, Cagalaryň hukuklary baradaky Konwensiýanyň; şeýle hem Raýat we syýasy hukuklaryň Halkara Paktynyň gatnaşyjysy boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan adam hukuklarynyň çäklendirilip ýa-da özüne degişli hukuklaryndan mahrum edilip, oňa iş kesilip ýa-da jeza berlip bilinmezligini kepillendirýär. Hiç kim gynamalara, rehimsizlik, zalymlyk bilen ýa-da adam mertebesini kemsidýän derejede el gatylmagyna, temmi berilmegine sezewar edilip bilinmez.

Näme etmeli?

Netijede, bilmek we pikirlenmek synanşyklarynyň köp halatlarda azlygyny, maglumat çeşmelerinden hökmany ýagdaýda peýdalanmalydygyny we hereket etmelidigini bellemek gerekdir. Eger-de Siz öz durmuş ýoluňyzda önelgelilik saglygyňyzy bozýan ýagdaýa gabat gelseňiz: "HUKUGYM BARDYR!" diýip jogap beriň.

Durmuş ýagdaýlary dürli bolup, köplenç olar örän çylşyrymlydyr. Çünki olar siziň şahsy ýa-da garyndaşlaryňyzyň we tanyşlaryňyzyň saglygyna we durmuşyna degişli bolýar. Şunuň ýaly ýagdaýda önelgelilik saglygyňyz çäklendirilýän we kemsidilýän ýagdaýy barada gürleşip düşünişmelidir. Sebäbi adamlaryň köpüsi ýönekeý durmuşda gabat gelýän sorag ýa-da ara alyp maslahatlaşma bilen başganyň hukuklaryny çäklendirýändigini we gysýandygyny aňlamaýarlar. Öz önelgelilik saglygyna degişli hukuklaryňyzy goramak we olary öňe itermek üçin, Siziň garaýyşlaryňyzy maşgalada ýa-da jemgyýetde goldaýan abraýly adamyny işe çekip bilersiňiz. Eger-de siz doly düşünişmezlik ýagdaýyna gabat gelen bolsaňyz, onda hukuk goraýjy edaralara ýüz tutmak zerurlygy döräp biler.

Önelgelilik saglygyňyzyň we öz ýakynlaryňyzyň goragyny öz önelgelilige degişli hukuklaryňyzy goramakdan başlaň!