PSIHIKI SAGLYGA ÝETERLIK ÇYKDAJY EDILMEÝÄR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

UNICEF/Galluppsihika yeterlik cykdajy tarapyndan 21 döwletde ýaşlaryň arasynda geçirilen sowalnamada 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 15-24 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň 20%-ine golaýynyň köplenç özlerini depressiýada duýýandygy görkezildi.

Netijelerden käbir bellikler:

↪ Kamerunda sowalnama gatnaşan ýaşlaryň 3-den 1-ine golaýy köplenç özlerini depressiýada duýýandyklaryny ýa-da durmuşa höwesleriniň azdygyny aýtdylar.

↪ Birleşen Patyşalygyň ýaşlarynyň 5-den 1-i, Efiopiýadaky we Ýaponiýadaky ýaşlaryň 10-dan 1-i hem edil şeýle diýdiler.

Bu ýük agyrlaşýar: COVID-19-yň gündelik durmuşa, bilime we dynç alşa täsir etmegi, şeýle-de, maşgalanyň maliýe we saglyk ýagdaýy hakda aladalar ençeme ýaşlarda gorky, gahar hem-de geljegi barada bimazalyk döretdi.

Pandemiýa çäklendirmeleri başlmanka-da ýaşlarda agdyklyk edýän we bejerilmedik psihiki saglyk meseleleri indi has agyrlaşdy.

↪ Dünýäde 10 – 19 ýaşly ýetginjekleriň takmynan 13% -i diagnoz goýlan psihiki bozulma bilen ýaşaýar.

↪ Her 11 minutda 1 çaga suisidden ölýär.

Muňa garamazdan, bütin dünýäde hökümetleriň saglyk býujetiniň bary-ýogy 2%-i psihiki saglyga harçlanýar.

Pandemiýa ulularyň hem psihiki saglygyna täsir etdi: The Lancet Regional Health-iň ýakynda çap eden barlagyna görä, pandemiýa döwründe girdejiniň pesligi we beýleki kynçylyklar ABŞ-nyň kämillik ýaşyndan geçen ilatynda stres döredipdir we depressiýanyň alamatlary 2020-nji ýylyň Mart-Aprelinde 27.8 göterimden 2021-nji ýylyň Mart-Aprelinde 32.8 göterime çenli artypdyr.