TÄZE AIW ŞTAMY
Alymlar Niderlandiýada AIW-iň has agyr we has ýokançly ştamyny tapdylar we onuň ýurtda ýyllarboýy aýlanyp ýörendigini aýdýarlar. Bu açyş AIW wirusy barada täze maglumatlary hem ýüze çykardy:
↪ AIW heniz hem mutasiýa geçirip, has güýçli ştamlar emele gelip bilýär.
↪ Bar bolan bejergiler bu ştamyň täsirlerini we ýokuşmasyny azaltmakda netije berýär – hut şonuň üçin hem, bu ştam häzire çenli anyklanylman gelindi. Ýygy-ýygydan barlagdan geçmek we bejergini irgözinden başlamak ştamdan goranmagyň esasy ýollarydyr.
↪ Ýokuşmanyň adama nähili täsir etjeginde ştamyň görnüşi we adamyň immuniteti uly rol oýnaýar.
↪ Ylmy barlagçy Joel Wertheim bu barlagyň "ähli wiruslar uzagyndan gowşap galýar" diýen düşünjä garşy çykýandygyny belledi.
- 1356 gezek okalan