6-NJY FEWRAL – AÝAL JYNS AGZALARYNY ŞIKESLENDIRMEK TEJRIBESINI ÝAZGARMAGYŇ HALKARA GÜNI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.77 (13 Ses)

"Aýal jyns agzalarynyň şikeslendirilmegi biziň hemmämizi şikeslendirýär"

Emma Bonino,

aýal hukuklary ugrunda göreşiji,

Ýewroparlamentiň  agzasy.

Soňky 80 ýylyň içinde demokratiki jemgyýetde aýallar uzaga çeken göreşlerden soň, özlerine deň hukukly raýat höküminde garalmaklaryny gazandylar. Hususy eýeçilige, saýlawlarda ses berme, işlemäge, maşgala gurmak we aýrylyşmak, çaga dogurmak ýa-da çagasyz bolmak hukuklaryny diňe syýasy göreş usullary arkaly gazanyp bildiler.

Şular ýaly raýatlyk ýeňişleri sosial durmuşyň ösmegine ýardam berip, jemgyýetde ençeme reformalaryň geçirilmegine itergi berdiler.

Sahara çölüniň günortasyndan Arabystan ýarym adasyna çenli ýerleşen afrikan döwletlerinden başlap, Uzak Gündogaryň käbir ýurtlaryndaky, Ýewropanyň, ABŞ-yň, Kanadanyň, Täze Zelandiýanyň emigrant jemgyýetçiliklerindäki zenanlar, özlerine ýetiriljek jynsy, sosial, raýatlyk, syýasy şikeslendirmelerine we kemsidilmelerine garşy çykyş edýärler.

Ýerlerde işleýän lukmanlaryň we hukuk goraýjylaryň topary, döwlete degişli bolmadyk guramalar hem-de syýasatçylar, köp döwletlerde duş gelýän we berjaý edilýän aýal jynsy agzalaryny şikeslendiriji däbine garşy durup, bu kynçylygy açyk aýtmaga synanyşýarlar.

Aýal jynsy agzalaryny şikeslendiriji usullary ulanmak tejribesi öz içine daşky jyns agzalary doly ýa-da bölekleýin aýyrmagy ýa-da lukmançylyk görkezmeleri bolmazdan şikeslendirmäniň başga görnüşlerini ýetirmegi alýandyr.

Aýal jynsy agzalaryny şikeslendirmek tejribesiniň esasan dört görnüşi bardyr:

Jyns agzalaryny şikeslendiriji bu operasiýalar esasan 15 ýaşa çenli gyzjagazlara, käwagtlar uly aýallara hem geçirilýär. Her ýylda Afrikada gyzlaryň 3 mln töweregi  şunuň ýaly howpa sezewar bolýarlar.

Synçylaryň bellemegine görä, Afrikada 10 ýaşly gyzjagazlaryň 92 mln golaýy şular ýaly operasiýalary başdan geçirendirler. Dünýäde şunuň ýaly däbiň şikeslendiriji netijeleri bilen 100-140 mln töweregi gyzlar we aýallar ýaşaýandyr. Şunuň ýaly tejribeÝakyn Gündogaryň käbir döwletlerinde, Ýewropa hem-de Demirgazyk Amerika göçüp gelenleriň käbir toparlarynda ýaýrandyr.

Halkara derejeesinde jyns agzalary şikeslendirme tejribesini ulanmak aýal-gyzlaryň hukuklaryny bozýan faktor hasaplanylýar. Ol jynslaryň arasyndaky uly deňsizligi görkezip, aýallary kemsitmegiň aňrybaş derejesiniň kepilnamasy bolup durýandyr. Şunuň ýaly usullar köplenç kämillik ýaşyna ýetmedik gyzjagazlaryň arasynda geçirilip, çagalaryň hukuklaryny bozýandyr. Şunuň bilen birlikde hem, bu usullar adamynyň saglyga, beden goraglylygyna, mertebesini kemsidiji, gazaply hereketlerden azat bolma, olaryň ölümçilige getirýän halatynda bolsa, ýaşaýşa bolan hukuklaryny kemsidýändir.

Şunuň ýaly operasiýalaryň aýal saglygy üçin hiç hili peýdasy ýokdur. Olar sag aýal jyns agzalaryny şikeslendirip, aýal-gyzlaryň bedeniniň kadaly we adaty işjeňligini bozýarlar. Bu usullary ulanmak ýiti agyryň, gan akmalaryň, şok ýagdaýynyň, ýokançlyklaryň birleşmegi netijesinde bürme we sepsis (ganyň hapalanmagy) kesellerini, peşewiň bedende saklanmagy, jyns agzalaryň dokumalarynda bitmeýän ýaralaryň döremegi ýaly gaýraüzülmelere getirip biler.

Uzak möhletleýin ýagdaýda ýüze çykýan gaýraüzülmeler bolsa öz içine aşakdakylary alýandyr:

Şikeslendiriji usullary esasan hem ýerli jemgyýetçilik toparlarynda kömegiň dürli görnüşlerini berýän adamlar, meselem sünnet edýänler ýa-da çaga dogurdýan aýallar amala aşyrýarlar. Oňa garamazdan, köp halatlarda bu operasiýalar lukmançylyk işgärleri tarapyndan hem geçirilýändir.

Jemgyýetçilik, sosial-ykdysady, ylmy-tehniki ösüşiň öňe barýan döwründe, XXI asyryň başynda, şunuň ýaly adam mertebesini kemsidiji, maýyplyga getirip, saglyga zyýan ýetirýän däpleriň saklanyp galmagyna näme sebäp bolup bilýärkä?

Synçylaryň bellemegine görä, ol usullaryň saklanyp galmagynyň birnäçe medeni, dini we sosial sebäpleri bardyr:

1997- nji ýylda BSGG we BMG-niň çagalar we ilat ýaýraýyş fondy jyns agzalarynyň şikeslendirme usullaryna garşy gönükdirilen bilelikdäki Beýannamasyny yglan etdi.

2008-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň has giňişleýin goldawy  bilen täze Beýannama ykrar edildi.

  Şikeslendiriş usullary ulanmagyň tejribesine garşy gönükdirilen Halkara çäreler toplumy aşakdakylary öz içine alýar:

Bütindünýä saglyk guramasy şu operasiýalaryň geçirilýän döwletlerinde, olary lukmançylyk taýynlygyny geçen adamlaryň köp ýerine ýetirýänligini belläp, olary bu usullary ulanmakdan  saklanmaga çagyrýar.