POLIOMIÝELITIŇ KEÇJALLYGY
Dünýäniň köp ýurtlarynda poliomiýelitiň soňuna çykylandygyna garamazdan, geçen ýyl Malawide bolşy ýaly, ysmazlyga sebäp bolýan poliomiýelitiň birnäçe ýurtlara ýaýramagy dünýäniň beýleki ýerlerine-de howp salýar.
Poliomiýelitiň ýok edilmeginde esasy päsgelçilikler:
↪ Waksinalary saklamakda we dolandyrmakda kynçylyklar.
↪ Misinformasiýa we waksina bolan ynamsyzlyk zerarly waksina ediji işgärlere garşy zalymçylyklar.
↪ Ýaragly konfliktler. Meselem: Ukrainada waksinasiýa togtadyldy.
↪ COVID-19 pandemiýasy sebäpli waksinasiýalar wagtynda geçirilip bilinmedi.
Emma, ekspertler keseliň öňüni almakda entegem umydyň barlygyny aýdýarlar:
↪ 2021-nji ýylyň ahyrynda, Owganystanda 6 million çaga waksina berildi.
↪ Päkistanyň agentlikleri poliomiýelitiň ýok edilmegine az wagtyň galandygyny aýdýarlar.
↪ Malawi hadysasy şol sebitde 23 million çaga waksina bermegi meýilleşdirýän täze waksinasiýa kampaniýalarynyň başlanmagyna iterdi.
↪ COVID-19 waksinalaryň jan halas ediji güýjüne düşünmäge kömek edip biler.
- 1313 gezek okalan