BRITANIÝADA POLIOMIÝELIT WIRUSY TAPYLDY
Birleşen Patyşalykda 40 ýyldan soňra ilkinji gezek akdyrylýan hapa suwlardan poliomiýelit wirusy tapyldy we bu ýurt ähmiýetli waka diýlip yglan edildi.
Häzire çenli ýurtda wirus bilen kesellän ýa-da ysmaz bolan adam hasaba alynmady. Diňe wirusyň bir-birine ýakyn birnäçe görnüşi fewral we mart aralygynda ýygnalan akdyrylýan hapa suwlaryň nusgalarynda ýüze çykaryldy. BP wirusyň çeşmesini we ýaýbaňlygyny öwrenmek üçin akdyrylýan hapa suwlaryň gözegçiligini güýçlendirdi hem-de poliomiýelite garşy doly waksina almadyk ýaşaýjylara haýal etmän waksina almagy ündedi.
Çaklamalar:
↪ Tapylan wiruslaryň genetiki yzygiderliligindäki meňzeşlik ýaýramanyň waksina almadyk we ýakyn garyndaşlykdaky adamlardan çykandygyny salgy berip biler.
↪ Düzüminde janly wirusy saklaýan we BP-da ulanylmaýan damja görnüşli waksinany alan adamyň BP-a gelen bolmagy we täretiniň üsti bilen wirusy ýaýradan bolmagy mümkin.
BP-nyň ilatynyň aglabasy çagalykda polio waksinasyny alan we bu kesel olara howp salmaýar, emma pandemiýa dünýäniň köp künjeginde waksinasiýanyň geçiriliş tertibinde päsgelçilikler döretdi we polio hadysalarynyň artmagyna getirdi. Netijede 2019-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli dünýäde poliomiýelit hadysalary 3 esse artdy. Bu kesel ýokuşanlaryň 1%-i ysmaz bolýar.
- 1262 gezek okalan