ÇAGA ÝAŞDA ENE BOLMAK
BMG-nyň Ilat Gaznasynyň täze hasabatyna görä, pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýan aýallaryň üçden birine golaýy 19 ýa-da ondan kiçi ýaşlarynda çaga edip başlaýarlar.
Ýetginjek enelerden dogulýan ilkinji çagalaryň 50%-e golaýy 17 we ondan kiçi ýaşlylardan dogulýarlar.
Bütin dünýäde önelgelik derejesi juda peselse-de, 2015-2019 ýyllarda ýygnalan hasabata görä, ýetginjeklikde çaga etmäge başlanlar 40 ýaşyna çenli ortaça 5 çaga dogrupdyrlar.
Bir gezek çaga dogran ýetginjegiň 2 ýylyň içinde ýene bir çaga dogurmak ähtimallygy bäşden bire deňdir. Dogrumlaryň arasynyň beýle ýygy bolmagy bolsa, fiziki we psihiki saglyga düşýän töwekgelçilikleri artdyrýar.
Kanun çykaryjylara maslahat berilýän çözgütler: jynsy terbiýe bilimine goldaw bermek, halypaçylyk, sosial goldaw we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary.
Emma, düýpli jemgyýetçilik üýtgeşmesi esasy açardyr: uly möçberli ykdysady goldawlar, ýetginjekleriň, esasanam çetleşdirilen ýetginjek gyzlaryň hukuklaryny, başarnyklaryny we zerurlyklaryny ykrar etmek möhümdir.
- 1818 gezek okalan