ABŞ EŞIDIŞ ENJAMLARYNY DERMANNAMASYZ ELÝETER ETDI
Hukuk goraýjylaryň, lukmanlaryň we kanun çykaryjylaryň ýyllardyr basyş etmegi esasynda, Azyk we derman serişdeler administrasiýasy (FDA) 16-njy awgustda eşidiş enjamlaryny millionlarça amerikalylara elýeterli etmek barada düzgüni kabul etdi.
Oktýabryň ortalaryndan başlap ulular eşidiş enjamlaryny onlaýn ýa-da dermanhanalardan dermannamasyz satyn alyp bilerler.
↪ Täze kategoriýa: Ýeňil we orta derejede eşidiş maýyplygy bolan ulular üçin enjamlaryň täze kategoriýasy dörediler (bu kategoriýa degişliler eşidiş enjamlaryny dermannamasyz alyp bilerler). Çagalara ýa-da agyr eşidiş maýyplygy bolan adamlara niýetlenen eşidiş enjamlaryny dermannamaly bermek dowam eder.
↪ Indi ABŞ-da takmynan 30 million ulular eşidiş enjamlaryny peýdalanyp bilerler, ýöne eşidiş maýyplygy bolanlaryň diňe bäşden biri olary ulanýar.
↪ Nyrhlar arzanlar. Enjamlaryň dermannamasyz berilmegi netijesinde bäsdeşlik artyp, täze enjamlar bazara çykar we bahalaryň arzanlamagyna itergi berer. Häzirki wagtda diňe eşidiş enjamlarynyň nyrhy $1000 - $5000 aralygynda bolup, barlaglar we dakyp berme ýaly hyzmatlar bahany iki ýa üç esse gymmatladýar.
Sitata: "Bu adamlaryň eşidiş saglygyna gijikmezden üns bermegi üçin ägirt uly ädimdir" – diýip, Amerikanyň Eşidiş maýyplygy assosiasiýasynyň müdiri Barbara Kelley aýdýar.
- 1255 gezek okalan