TENNESSI ŞTATYNYŇ AIW-I JENAÝAT HASAPLAÝAN KANUNLARY
Tennessi ştatynda azyndan 154 sany AIW keselli adam "zorluk ediji jynsy jenaýatçy" hökmünde hasaba alyndy. Bu kesgitleme aýratynam olaryň AIW keseli bilen baglanyşykly. Tennessi ABŞ-nyň AIW-i jenaýat hasaplap gelýän 35 ştatyndan biri bolup, ol ýerde bu kanun juda berk ýöredilýär.
Aýyplamalaryň görnüşleri:
↪ Jynsy gatnaşyk bolup geçmedik hem bolsa, tenini satýanlaryň AIW keselinden ejir çekýänlerini "AIW ýokuşdyrýan jelepçilikde” aýyplamak.
↪ Başga adama AIW ýokuşdyrmadyk hem bolsa, adamy jynsy gatnaşykda bolmazdan ýa-da iňňe paýlaşmazdan öň özünde AIW-iň barlygyny ýa ýoklugyny aýan etmändigi üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmek.
Jezanyň görnüşleri:
↪ Tussag edilmek we jynsy hukuk bozujy hökmünde ömürlik hasaba alynmak. Şeýle jeza berlenleriň biri "hasaba alynmak meniň durmuşymy bütinleý bozdy" diýip belleýär.
Aladalandyryjy deňsizlik:
↪ Hasaba alnan AIW bilen bagly jynsy hukuk bozujylaryň 75%-i garaýagyzlar bolup, olar ýurduň ilatynyň 17%-ini we AIW kesellileriň 55%-ini düzýärler.
- 1246 gezek okalan