UNUDYLAN ÝOKANÇ DÄL KESELLER
Ýokanç däl keseller (ÝDK) her 2 sekuntda bir adamy, ýylda 41 million adamy öldürýärler we dünýädäki ölümleriň 74%-ine sebäp bolýarlar.
BMG-nyň Baş Assambleýasynda BSGG-nyň beren täze hasabatyna görä, ÝDK-lar döwrümiziň iň uly saglyk we ösüş meselelerinden biri bolsa-da, olar ünsden düşürilýär we ýeterlik maliýeleşdirilmeýär.
ÝDK-laryň täsiri hemmelere mälim, ýagny ýürek, rak we süýji keseli ýaly keseller başyna gelip görmedik maşgala ýok diýen ýaly. BSGG-nyň bellemegine görä, temmäki, alkogolly içgiler, saglyga zyýanly iýmitleniş we fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi ýaly töwekgelçilik faktorlary bilen ÝDK-laryň arasyndaky baglanyşyk barada ilatyň habarlylygy pes.
Meselem: BMG-nyň durnukly ösüş maksatlary 2030-njy ýyla çenli ÝDK- sebäpli wagtyndan ir ölýänleriň sanynyň üçden bir bölegini azaltmagy maksat edinýär, emma, häzirki wagtda dünýäniň 194 ýurdunyň diňe 14-si bu maksada ýetip biljege meňzeýär.
BSGG meseläniň ululygyny görkezmek we herekete çagyrmak üçin 194 ýurdy öz içine alýan ÝDK maglumatlar portalyny hem döretdi:
↪ Ýylda 3 ölümden birine ýürek keseli we insult sebäp bolýar;
↪ Her 6 adamyň biri rak keselinden ölýär;
↪ Her 13 adamyň biri hroniki respirator keselinden ýogalýar;
↪ Her 28 ölümden birine süýji keseli sebäp bolýar.
"ÝDK sebäpli wagtyndan ir ölýänleriň 86%-i pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýarlar. Bularyň köpüsiniň subut edilen we tygşytly çäreler bilen öňüni alyp bolýar" diýip, BSGG-nyň ÝDK boýunça ilçisi Mihael Bloomberg aýdýar.
- 1184 gezek okalan