ÝENE BIR AIW WAKSINASY BAŞA BARMADY
18-nji ýanwarda Milli Saglyk Instituty (MSI) we Janssen Pharmaceuticals (JP) kliniki synaglaryň soňky tapgyryndaky ýeke-täk AIW-e garşy waksinanyň synaglarynyň togtadylýandygyny habar berdiler. Ekspertler waksinany howpsuz, emma täsirsiz hasap edýärler.
↪ Waksina erkekler we transgenderler bilen jynsy gatnaşykda bolan erkeklerde plasebo bilen deňeşdirilende AIW infeksiýasynyň öňüni alyp bilmedi.
↪ MSI-niň we JP-nyň maliýeleşdirmeginde waksinanyň 3-nji tapgyrynyň kliniki synaglary 2019-njy ýylda başlap, oňa Ýewropadan, Demirgazyk Amerikadan we Günorta Aziýadan 3900 meýletinçi gatnaşdy.
↪ 4 dozada berilýän we adaty dümewiň wirusy ulanylyp taýýarlanan bu waksina birnäçe AIW görnüşlerinden alnan mozaika immunogenlerini üpjün etmek arkaly AIW-iň dürli global ştamlaryna garşy niýetlenilipdi.
Bu waksina soňky onýyllykda şowsuzlyga uçran onlarça waksinalaryň biridir.
Ähli umyt kesilmedi: Ekspertler mRNA tehnologiýasy arkaly döredilen waksinalaryň hem bardygyny, ýöne olaryň täsirlilik synagyndan geçmegi üçin kän wagtyň zerurdygyny belleýärler.
- 387 gezek okalan