GAZAGYSTANDA INKLÝUZIW BILIMIŇ ÝETMEZÇILIGI
Häzirkizaman bilim ulgamlarynda okuwçylaryň arasyndaky tapawutlyklara düşünmekde, hormat goýmakda we ähli okuwçylar üçin deň mümkinçilikleri döretmekde öňegidişlikler gazanyldy. Köp ýurtda aýratyn zerurlyklary ýa-da aýratyn öwreniş zerurlyklary bolan çagalar üçin zerurlyklary kesgitlemegiň we bilim almakda goldaw bermegiň ýörite sosial-pedagogik modeli ornaşdyrylan. Gazagystanyň bilim ulgamynda welin, heniz hem könelişen lukmançylyk ýa-da kemçilikli model saklanyp galýar.
Aýratyn öwreniş zerurlykly çagalaryň zerurlyklaryny we olara berilmeli goldawy kesgitlemegiň lukmançylyk modeli: Çagada dogabitdi öwrenme meselesi we kynçylyklary bar. Şonuň üçin hem ol "kemakyl, kemli, maýyp ýa-da işe ýarawsyz". Bu kesgitleme lukmançylyk diagnozyna esaslanýar. Oňa bilim berlende hem onuň aýratynlyklary düzedilmäge çalşylýar.
Aýratyn öwreniş zerurlykly çagalaryň zerurlyklaryny we olara berilmeli goldawy kesgitlemegiň sosial-pedagogik modeli: Çagada aýratyn öwreniş zerurlyklary bar we bilim ulgamyndaky kemçilikler zerarly bilim almakda kynçylyk çekýär. Bu kesgitleme çaganyň zerurlyklaryna esaslanýar. Oňa bilim berilýän gurşawda onuň zerurlyklary we ýörite goldaw bermek göz öňünde tutulýar.
Aýratyn zerurlykly çagalaryň bilimine sosial-pedagogik nukdaýnazardan çemeleşilmegine inklýuziw bilim diýilýär. Inklýuziw bilim çagalaryň dürli tizlikde we dürli stilde öwrenýändigini kabul edýär. Inklýuziw bilimi üpjün edýän mugallymlaryň ýörite taýýarlygy bolup, olar diskriminasiýa we äsgermezlik etmän, çaganyň arkaýyn we netijeli öwrenmegine goldaw berýärler.
Gazagystanda:
↪ 153,230 çaganyň aýratyn öwreniş zerurlyklary we 47,000 çaganyň maýyplygy bar;
↪ Mekdepleriň diňe 43.5%-i inklýuziw gurşaw hödürleýär;
↪ Çagalaryň 60% üçin inklýuziw bilim elýeter däl;
↪ Ýokary okuw jaýlaryndaky talyplaryň diňe 0.3% aýratyn öwreniş zerurlykly;
↪ Bilim ojaklaryndaky aýratyn zerurlykly adamlaryň sany soňky 13 ýylda 1.6% artdy.
Gazagystanda inklýuziw bilim gurşawlaryny döretmek üçin bütin bilim ulgamynda reforma geçirmek möhümdir. Meselem, okuwçylaryň üstünligine baha bermegiň usullary üýtgedilmeli; öwrenmegiň dürli görnüşli, aýratyn we alternatiw usullary ornaşdyrylmaly; bilim ojaklarynda päsgelçiliksiz gurşawlar döredilmeli.
Aýratyn öwreniş zerurlyklary bolan çagalar üçin inklýuziw bilim wajyp bolup durýar. Gazagystanda aýratyn zerurlykly çagalara saglyk ýagdaýy sebäpli bilim almakda yzygiderli ýa-da wagtlaýyn kynçylyk çekýän we ýörite we umumy bilim berýän okuwa hem-de goşmaça okuw programmalaryna mätäçligi bolan çagalar degişli.
Gazagystanda näme üçin inklýuziw bilim ýetmezçilik edýär?
↪ Aýratyn zerurlykly çagalara bilim bermäge ýörite taýýarlykly mugallymlar ýok;
↪ Okuw jaýlarynda ýörite materiallaryň we tehniki enjamlaryň üpjünçiligi kemter;
↪ Okuw jaýlaryna gatnamak her bir çaga üçin oňaýly we amatly däl;
↪ Halkda aýratyn zerurlygy bolan adamlar barada nädogry düşünjeler bar.
Çeşme: cabar.asia
- 1242 gezek okalan