TÜRKMENİSTANDA SÜÝJI KESELLILER ÜÇIN NÄHILI RESURSLAR MUGT?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

suyji keselliler ucin nahili resurslar mugtSoňky ýyllarda süýji keselini (diabet) anyklamak birnäçe esse ýokarlandy. Türkmenistanda süýji keselli pasiýentlere mugt bejergi berilýär.

Süýji keseli – aşgazanasty mäziň işläp çykarýan insulin gormonynyň ýetmezçiligi netijesinde döreýän dowamly keseldir. 1-nji görnüşli süýji keselinde bedende ýeterlik insulin gormony bölünip çykmaýar we gündelik insulin almaly bolýar. Munuň sebäbi hem, öňüni alyş ýollary hem näbelliligine galýar. 2-nji görnüşli süýji keselinde beden şekeri energiýa üçin netijeli ulanyp bilmeýär. Eger bejerilmese, bu gandaky şekeriň aşa ýokarlanmagyna eltýär. Süýjülikli adamlaryň 95%-den köpüsinde 2-nji görnüşli süýjülik bar. Süýjüli däl diabet – bedende wazopressin gormonynyň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýar we ol ýygy hem-de köp mukdarda peşew bölüp çykarma we teşneligiň döremegi ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýändir. 

Türkmenistanyň hökümetiniň maliýeleşdirmeginde BMG-nyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM)1-nji we 2-nji görnüşli süýjüli diabeti, süýjüli däl diabeti gözegçilikde saklamak üçin insulinler we girdejikler bilen üpjün edýär. Şeýle-de, süýji keseliniň töwekgelçilik faktorlaryndan biri bolan semizligi bejermek üçin dermanlar berýär.

"2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň kliniki barlaghana hyzmatlaryny güýçlendirmek" taslamasynyň çäginde BMGÖM we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ilata laboratoriýa barlaglaryny üpjün edýär. Mysal üçin: süýji keselini anyklamak üçin biohimiki gan barlagynyň doly toplumyny geçirmek üçin goldaw berýär.

Türkmenistanda süýjüligiň öňüni almak ugrunda geçirilýän işler:

↪ onuň töwekgelçilik faktorlaryndan ilaty habardar etmek ýokarlanýar;

↪ sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek we zyýanly endiklerden ýüz öwürmek babatda çäreler alnyp barylýar. Meselem: süýji keselinden ejir çekýän pasiýentlere keselini gözegçilikde saklamak öwredilýär;

↪ ähli welaýatlarda "Diabet mekdepleri" hereket edýär we "Saglyk mekdepleri" ýurduň her bir saglyk öýünde işleýär.

Mähriban okyjy, seniň bu mugt hyzmatlardan habaryň bardymy? Olardan peýdalanýan adam bilýärmiň?

Çeşme