TÜRKMENISTANA ÝÜREK-DAMAR, DEM ALYŞ WE NEWROLOGIK KESELLERIŇ DERMANLARY GOWŞURYLDY
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) ýürek-damar, dem alyş we newrologik keselleri bejermek üçin dermanlary gowşurdy. Dermanlaryň jemi bahasy 375,244.80 ABŞ dollaryna barabar bolup, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirildi.
Gowşurylan derman serişdeleriniň topary:
↪ Enoksaparin natriý (antikoagulant) - öňünden doldurylan 25 000 şpris;
↪ Dem almak üçin Budesonid – 5 000 çüýşe;
↪ Dem almak üçin Ipratropium bromid – 10 000 çüýşe;
↪ Dem almak üçin Salbutamol – 120,000 çüýşe;
↪ Tutgoýa garşy dermany natriý walproat 500 mg – 121 410 gerdejikler.
Dermanlar TSGDSM tarapyndan Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş edaralaryna we ýurduň welaýatlaryna paýlanylýar.
Dermanlaryň welaýatlara nädip we näçeden paýlanyljakdygy, kimlere we nähili şekilde elýeter ediljekdigi ýa-da bu maksatnamanyň gidişine we netijelerine nädip gözegçilik ediljekdigi barada habar berilmedi.
- 193 gezek okalan