GYRGYZYSTANDA HER ÜÇ ÇAGANYŇ BIRI ULYNYŇ IŞINI ETMELI BOLÝAR
Gyrgysyztanda çagalara garşy zorlugyň iň giňden ýaýran görnüşi – idegsizlikdir, ýagny ene-atanyň göwnejaý terbiýe, ideg we üns berip bilmezligi.
Ýurduň hökümetiniň aýan edýän görkezijilerine görä:
↪ Gyrgyzystanda ulular çaga idegi üçin günde diňe 38 minut sarp edýärler. Şol bir wagtda dynç almak we güýmenjeleri üçin 4 sagat sarp edýärler. Ilat güýmenje wagtyny esasan telewizora tomaşa edip geçirýär.
↪ Çagalaryň 62%-den köpüsi öýlerinde tölegsiz öý işleri bilen meşgullanýarlar. Oglanlara garanyňda gyzlara öý işleriniň has uly paýy berilýär.
↪ 2022-nji ýylda okuwa gatnamadyk 2475 çaganyň 400 sanysy maşgala ýagdaýlary sebäpli okuwdan galmaly bolupdyr.
↪ Şu ýylyň ilkinji alty aýynda 36 çaga öz janyna kast edýär (suisid). Bu görkeziji geçen ýylyňkydan 20% ýokary.
Gyrgyzystanda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky hasabata görä 2 million 864 müň sany 1-18 ýaş aralygyndaky çagalar ýaşaýarlar. Ýurtda içerki we daşarky migrasiýanyň ýokary derejede bolmagy hem "migrant çagalaryň" döremegine getirýär. 2023-nji ýylda 88 müň sany ene-atasynyň yzynda galan migrant çaga hasaba alnypdyr. Yzda galýan çagalar adatça dogan-garyndaşlary, köp halatlarda çaga ýetişdirmäge ýeterlik güýç-kuwwaty bolmaýan garry ene-atalary, baba-mamalary bilen galýarlar. Netijede, bu çagalar köplenç jynsy zorlugyň, ir nikalaşmalaryň, irki göwreliligiň we adam söwdasynyň pidasy bolýarlar.
Ekspertleriň aýtmagyna görä, haçanda ene-ata öz jogapkärçiliklerini çagalarynyň üstüne ýüklänlerinde olar çagalaryna emosional zulum edýärler. Ýurtda çagalaryň 30%-imi yzygiderli kiçi jigilerine, gartaşan maşgala agzalaryna we maýyplygy bolanlara seredýärler. "Ene-atanyň etmeli işlerini berjaý etmek çagada uzak wagtlyk zyýanly täsirleri galdyrýar. Meselem, ol ulalanda öz maşgalasynyň ýa çagalarynyň bolmagyny islemezligi mümkin ýa-da depressiýa, özüni günäli duýmak, sagdyn gatnaşyklary saklap bilmezlik, duýgularyny açyk beýan edip bilmezlik ýaly meseleler ýüze çykyp bilýär. Munuň sebäbi hem ene-ata çagalaryndan olaryň başaryp biljeginden has uly zatlary talap edýärler – haçanda çaga ol talaplary berjaý edip bilmese, onuň özüne bolan ynamy pese düşýär we susty basylýar. Köplenç ýagdaýda şeýle ene-atalar jogapkärçiliklerini doly berjaý edip bilmeýän çagalaryna berk käýinç ýa-da beden temmisini berýärler" diýip, Oasis Fondunyň müdiri Merim Osmanaliýewa belleýär.
- 755 gezek okalan