SUPER HOWA HAPALAÝJYLARYNY AZALTSAK, ONUŇ OŇAÝLY NETIJELERINI ÖZ ÖMRÜMIZIŇ DOWAMYNDA GÖRÜP BILERIS
Klimaty hapalaýan maddalaryň az sanlysy – şol sanda howany hapalaýan gara uglerod, metan we ozon – häzire çenli hasaba alnan global maýylganlygyň tas ýaryna sebäpkärdir.
Bu hapalaýjylaryň ömri atmosferada bir asyrdan hem gowrak saklanýan kömürturşy gazy (CO2) bilen deňeşdireniňde has gysga hem bolsa, olaryň bölünip çykýan her tonnasynyň kömürturşy gazyndan 80-2000 esse köp howa maýladyjy güýji bolýar. Bu hapalaýjylaryň indiki asyrda hem klimaty kömürturşy gazyndan has beter maýlatmagy dowam etmesine garaşylýar.
Şol sebäpli, kömürturşy gazyny azaltmak syýasatlaryna garanyňda, bu hapalaýjylary azaltmak 2050-nji ýyla çenli howanyň maýlamagynyň dört esse öňüni alyp biler – şol sanda, howanyň hapalanmagy sebäpli dörejek 2.4 million adamyň ölüminiň öňüni alyp biler.
Şeýle-de bolsa, super hapalaýjylaryň, şol sanda metan gazynyň howa zyňylmagy bütin dünýäde artmasyny dowam edýär. Ýatlatsak, Türkmenistan hem dünýäde iň köp metan zyňyndylaryna jogapkär ýurtlaryň ilkinjilerine girýär.
"Maksatlarymyzy ulaltmaga we super hapalaýjylara, şol sanda gara ugleroda we ozona çäre görüp, klimatymyzy, jemgyýetçilik saglygyny goramaga hem-de iň köp zyýan çekýän sebitleri goldamaga wagt boldy" diýip, hünärmenler belleýärler.
- 575 gezek okalan