ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA BÄBEKLERI ENE SÜÝDI BILEN IÝMITLENDIRMEKDE DÜNÝÄ DEREJESINDEN YZDA BARÝAR

1 1 1 1 1

ene suydi bilen iymitlendirmeEnçeme ýyllardan bäri geçirilýän ylmy barlaglar bäbege ene süýdüni bermegiň diňe bir enäniň we bäbegiň saglygyna däl, eýsem ýurduň ykdysadyýetine hem juda uly peýdalarynyň bardygyny görkezýär. ÝUNISEF-iň 2025-nji ýylyň awgustynda çykaran hasabatyna görä, Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde her 3 bäbekden diňe biri, ýagny bäbekleriň diňe 30%-i ömrüniň ilkinji 6 aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilýär. Dünýä boýunça welin bu san 50% deňdir.

Eger sebitde her çaga ene süýdi berilsedi, onda 3.5 million bäbek içgeçmesi, 35 müňden köp pnewmoniýa we 70 müň çagada aşa semizlik hadysalarynyň öňi alnardy. Şeýle-de, enelerde göwüs ragy hadysalary 10 müňe çenli, ýumurtgalyk ragynyň keseli 3 müňe çenli we 2 tipli süýjüli diabet 50 müňe çenli azalardy.

Sebitde ene süýdi bilen iýmitlendirme derejeleriniň ýokarlanmagyna näme päsgel berýär?

Çaga ene süýdüni bermek ýa bermezlik köplenç diňe ene-atanyň islegine bagly bolmaýar. Bu ýagdaýa ýurduň we maşgalanyň ykdysady ýagdaýyndan başlap, sosial ulgamlar we kanunlar hem uly täsirini ýetirýärler. Çagany uzak wagtlap ene süýdi bilen iýmitlendirmegi kynlaşdyrýan esasy faktorlar:

↪ Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi öňe sürýän kampaniýalaryň ýetmezçiligi;

↪ Başdan ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ýola goýmaga ýardam berýän netijeli we gowy hilli lukmançylyk kömeginiň ýoklugy;

↪ Ýanýoldaşyň we töwerekdäkileriň ýeterlik goldaw bermezligi;

↪ Iş ýerleriniň emdirýän enelere oňaýly şert döretmezligi;

↪ Çaga iýmiti mahabatlarynyň kadalaşdyrylmazlygy;

↪ Onlaýn misinformasiýa we ilatyň ene süýdi bilen iýmitlendirmäge bolan hukuklaryndan doly habarly bolmazlygy.

Mashalatlar

Gynansakda, ilatyň ene süýdi bilen iýmitlendirme derejelerini ýa-da ene süýdi bilen iýmitlendirmek bilen baglanyşykly kynçylyklary her ýurt ölçemeýär we hasaba almaýar. Bu hem meseläni öwrenmegi we oňa laýyk çözgütleri gözlemegi kynlaşdyrýar. ÝUNISEF-e görä, Ýewropada we Merkezi Aziýada has köp bäbegiň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegini gazanmak üçin:

↪ Çaga iýmitini mahabatlandyrmak boýunça kanunlar çykarylmaly we berk berjaý edilmeli;

↪ Maşgalalar bilen işleşýän saglygy goraýyş işgärlerine döwrebap bilim we goldaw bermeli;

↪ Iş ýerleriniň ene süýdi bilen iýmitlendirýän maşgalalar üçin hem oňaýly bolmagy gazanylmaly;

↪ Ýerli we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edip, ilatyň has köp böleginiň ene süýdüni saýlamagyna ýardam bermeli.