GAZAGYSTAN MERKEZI AZIÝADA DERMAN SERIŞDELERINI WE WAKSINALARY BERK DÜZGÜNLEŞDIREN ILKINJI ÝURT BOLDY

1 1 1 1 1

gazagystan waksinalarGazagystan ilat saglygyny goramakda uly ösüşe ýetdi: Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup derman serişdeleriniň we import edilýän waksinalaryň düzgünleşdirilmesi boýunça BSGG-nyň bahalandyrmasynda ML3 (maturity level 3) derejesini gazandy. Bu şahadatnama ýurtda durnukly, üstünlikli işleýän we biri-biri bilen jebis arabaglanyşykly gurnalan ulgamlaryň dermanlaryň we import edilýän waksinalaryň halkara standartlara gabat gelmegini üpjün edýändigini görkezýär.

"Düzgünleşdirmä maýa goýum goýmak bilen, ýurt özüniň taýýarlygyny kuwwatlandyrýar, ilata deň elýeterliligi ösdürýär we global saglygyň has howpsuz we özara baglanyşykly bolmasyna goşant goşýar" diýip, BSGG belleýär.

ML3 derejesine ýetýän ýurtlar tehniki ekspertizanyň we ulgamlaryň üsti bilen, saglyk önümlerini ýurda import etmezden we ulanyp başlamazdan ozal, olary resmi gözegçilikden geçirýärler. Bu ýurtlaryň üstünlikli işleýän saglyk edaralary saglyk önümleriniň hili, howpsuzlygy we netijeliligi barasynda ylma esaslanýan we garaşsyz kararlary kabul edip bilýärler. Şeýle-de, ol edaralar önümler ýurda ýaýradylansoň hem olara berk gözegçilik edip, ýüze çykan meseleleri özwagtynda anyklap, dessin çäre görüp bilýärler.

Gazagystanyň milli düzgünleşdirme ulgamy ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan ýöredilip, Lukmançylyk we farmasewtik kontrolynyň komiteti (CMPC) we Dermanlaryň we lukmançylyk enjamlarynyň ekspertizasynyň milli merkezi (NCEMMD) tarapyndan durmuşa geçirilýär. Bu edaralar jebis hyzmatdaşlykda işläp, dermanlaryň we waksinalaryň barlagdan geçirilmesini, tassyklanylmasyny amala aşyryp, netijeliligini we howpsuzlygyny gözegçilikde saklaýarlar.

Gazagystanyň ilat saglygyny goramakda gazanan bu üstünligi pasiýentler, saglygy goraýyş işgärleri we saglyk pudagy üçin yzy üzülmejek peýdalary hödürleýär. Haçanda bir ýurt ML3 derejä ýetende, birnäçe ajaýyp zatlar bolup geçýär: Ilki bilen, dermanlaryň we waksinalaryň tassyklanylyş prosesi hemmelere aýdyň we açyk bolýar – kompaniýalar, lukmanlar we ilat köpçüligi kararlaryň nähili kabul edilýändigini görýärler. Mundan başga-da, ýurduň berk düzgünleşdirilen we aç-açan ulgamynyň bardygy üçin ýurduň içinde ýa-da ol ýurt üçin täze saglyk önümlerini çykarmaga meýil artýar. Galyberse-de, beýleki ýurtlar hem indi ol ýurduň saglyk önümlerini düzgünleşdirme kararlaryna ynanyp we bil baglap bilýärler.