ILKINJI LUKMANÇYLYK KÖMEGI NÄHILI BOLMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

masgala lukmany ilkinji komekRedaksiýadan düşündiriş: Ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegi lukmançylyk kömegini bermek ulgamynyň esasy bolup, keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak, lukmançylyk reabilitasiýasy (dikeldişi), göwreliligiň geçişine gözegçilik etme, sagdyn ýaşaýyş düzgünini döretmek we ilata sanitar-gigiýeniki bilimi bermek çärelerini öz içine alýar.

Ilkinji lukmançylyk-sanitar kömeginiň şeýle görnüşleri bar:

↪ Ilkinji lukmandan öňki lukmançylyk kömegi;

↪ Ilkinji lukmançylyk kömegi;

↪ Ilkinji ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegi.

Aşakdaky söhbetdeşlik ilkinji lukmançylyk kömegine bagyşlanan. Biziň lukmançylyk ulgamymyzda kömegiň bu görnüşi maşgala lukmanlary tarapyndan berilýär.

AFEW International guramasy Ilkinji Lukmançylyk Kömeginiň Ýewropa Forumynyň öňki başlygy we Gent Uniwersitetiniň abraýly professory Ýan de Maesener bilen GÝMA (Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa) sebitinde ilkinji lukmançylyk kömeginiň (ILK) ýagdaýy we ony nädip ösdürmelidigi barada söhbetdeşlik geçirdi.

Ýan, gowy hilli ilkinji lukmançylyk kömeginiň (ILK) aýratynlyklary barada aýdaýsaňyz.

Biz gowy hilli ilkinji lukmançylyk kömegi barada haçanda ol köpdürli saglyk meseleleri üçin elýeterli we üznüksiz bolanda hem-de köpdürli saglygy goraýyş hyzmatlary resmi däl saglyk kömegi bilen bilelikde hödürlenende gürrüň edip bileris. Beýle kömek degişli hökümet edaralarynyň goldawy bilen amala aşyrylmaly. Şol bir wagtyň özünde-de, ILK-iň hyzmatyny edýän işgärleri taýynlamagyň hilini ösdürmek üçin maddy goldaw we beýleki zerurlyklar üpjün edilmeli. Gowy hilli ilkinji lukmançylyk kömegi diňe bir keselleriň öňüni almaýar, eýsem adamlary has sagdyn durmuş ýoluna ugrukdyrýar. ILK ulgamynda saglyga hemmetaraplaýyn seredilýär. Ýagny, diňe biolukmançylyk we psihiki saglyga däl-de, sosial faktorlary (ýaşaýyş şertleri, iş ýagdaýy) hem öz içine alýan ýaramaz saglygyň beýleki sebäplerine-de üns berilýär. Şunuň saýasynda ilkinji lukmançylyk kömegi adamlaryň kesellerinden beter olaryň zerurlyklaryna has uly üns berýär.

Haýsy ýurtlarda/haýsy sebitlerde ýokary hilli ILK ýola goýlan?

Esasan Ýewropada. Güýçli ILK ulgamlary Daniýada, Estoniýada, Finlandiýada, Litwada, Niderlandiýada, Portugaliýada, Sloweniýada, Ispaniýanyň we Belgiýanyň käbir böleklerinde hem-de Beýik Britaniýada bar. Meni esasan hem Daniýanyň, Estoniýanyň we Finlandiýanyň görkezýän göreldeleri haýran galdyrýar. Bu ýurtlarda ýörite "ilkinji lukmançylyk kömegi zonalary" bar. Olaryň her 100-200 müň ilatly ýerde biri hereket edýär. Bu gyzyklanýan şahslaryň köp sanlysynyň gatnaşyp bilmegine ýol açýar. Munda gatnaşyjylaryň hyzmatdaşlygyny gazanmak we ilatyň saglyk zerurlyklaryna gözegçilik etmek ýeňilleşýär. Beýle zonalaryň göwrüminiň aşa uly däldigi üçin ilata netijeli hyzmat edip bolýar.

Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti barada näme aýdyp bilersiňiz?

Gowy hilli ilkinji lukmançylyk kömegi üçin demokratiýa gerek. Gynansakda, Semaşkanyň Sowet döwründen galan köne saglygy goraýyş ulgamy muňa ýol bermeýär. Çünki onda diňe klinikalar bar, maşgala lukmanlary ýok we lukmanlar ujypsyz aýlyk alýarlar. Men şu ýerde Gazagystanyň üstünligini belläp geçmek isleýärin – ýurt ýakynda maşgala lukmanlarynyň zerurulygyna göz ýetirdi. Şeýle-de, meni Gyrgyzystan örän geň galdyrdy. Geçen ýyl maňa Bişkekde lukmançylyk institutynyň bäşinji ýylynyň talyplaryna leksiýa okamak nesip etdi. Näsaglaryň ýagdaýlary barada gürrüň edenimizde, talyplar maksada okgunlylyk, näsaga ünsli çemeleşmek, ugurtapyjylyk ýaly ukyplaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Häzirki wagtda Ilkinji Lukmançylyk Kömeginiň Ýewropa Forumy (EFPC) GÝMA sebitinde ILK ugrundan has netijeli professional okuwlary geçirmäge we ýerli ilata ILK üpjün etmekde kömek etmäge synanyşýar.

Sebitdäki ýurtlaryň agzybir hyzmatdaşlyk etmegi we öz ILK ulgamlaryny gurmagy möhümdir. Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň içinde Estoniýada we Litwada ösüş görmek bolýar. Içindäki syýasy ýagdaýy sebäpli, Belorussiýa görelde görkezýänleriň hataryna girmeýär. Syýasy diktatorlygyň höküm sürýän ýerinde berk ILK ulgamyny gurmak örän kyn. Men Rossiýada käbir pozitiw ösüşleri görýärin. Meselem, Sankt- Peterburgda adamlaryň zerurlyklaryna gönükdirilen gowy maşgala lukmançylyk bölümleri bar. Emma ýurduň ýagdaýy heniz hem öwerlik däl. Gowy hilli ILK diňe erkin söz azatlygy hukugy, adam hukuklary, demokratiýa we köpdürlülige hormaty bar bolan ýurtlarda amala aşýar.

Näme üçin gowy hilli ilkinji lukmançylyk kömegi esasan AIW keselli adamlar üçin zerur?

Düzgüne görä, eger-de GÝMA sebitindäki ýurtlarda adam üç keseliň (AIW, inçekesel, gepatit) biri bilen kesellese, saglygy goraýyş ulgamy diňe keseliň bejergisine ünsi gönükdirýär. Keseliň öňüni alyş çäreleri we hemmetaraplaýyn ilkinji kömege gezek gelende bolsa, olar yzda barýarlar.

2009-njy ýylda kabul edilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Assambleýasynyň N.62.12 Kararnamasynda anyk bellenilişi ýaly, haçanda şeýle keselleriň bejergisi we idegi umumy ilkinji lukmançylyk kömegi bilen utgaşdyrylanda, netijeli ILK gazanyp bolýar. Men Afrikada 5 dürli keselli adamlaryň biri-biri bilen habarlaşmaýan we hersi üýtgeşik ýerde işleýän 5 dürli lukmana ýüz tutmaly bolýandyklaryna şaýat boldum. Işini dogry alyp barýan saglygy goraýyş ulgamy bu 5 keseliň ählisine bir ýerde ideg edýär, sebäbi süýjüli diabet ýaly keseller AIW ýokanjynyň bejergisinden hem döräp bilýär.

Ýewropanyň we GÝMA ýurtlarynyň AIW ýokançly adamlary bejerişinde tapawut barmy?

Günbatar döwletlerinde AIW/AIDS ýokançly näsaglar başga keselli näsaglar bilen deň görülýär – olara umumy ilkinji saglygy goraýyş ulgamynda bejergi berilýär. Eger ILK-ni berýän lukmanlar kynçylyk çekseler, olar näsaglary ýörite saglyk kömegini almaga ugradýarlar. Näsaglara çemeleşmäniň bu usuly stigmanyň (biabraýçylyk) öňüni almaga kömek edýär. Çünki näsaglara hemmelerden çetleşdirilen we aýratyn bejergi berlende stigma ýol açylýar. Galyberse-de, utgaşdyrylan saglyk kömegi has amatly düşýär.

Adamlaryň, şol sanda lukmanlaryň AIW ýokançly adamlara bolan garaýşyny nädip üýtgetmeli?

Ilki bilen, maşgala lukmanlarynyň we ILK hyzmatyny üpjün edijileriň bilimini artdyrmaly. Rossiýada lukmanlara näsaglar bilen aragatnaşyk etmek ugrundan örän az bilim berlen we olar näsaglara çemeleşmäniň adam hukuklaryna esaslanýan görnüşi bilen nätanyş. Meselem, meniň uniwersitetimde (Gent uniwersiteti) talyplar lukman bilen näsagyň arasyndaky gatnaşyk barada 55 sagatlyk sapak alýarlar. Olar sapakda wideo düşýärler, ýörite gurnalan wakalara gatnaşýarlar we hakyky näsaglar bilen aragatnaşyk etmek arkaly tejribe geçýärler.

Ikinjiden, maşgala lukmanlaryna ilkinji lukmançylyk kömegi ugrundan ýeterlik möçberde bilim bermeli. Munuň üçin lukmanlar lukmançylyk okuwyny tamamlanlaryndan soňra 3 ýyllyk akademiki işi öz içine alýan okuw geçmeli.

Üçünjiden, ilaty ýeterlik bilim we maglumat bilen üpjün etmek deň derejede möhümdir. Adamlar her bir ynsanyň hormata mynasypdygyna düşünmeli. Biz başgalara haýsydyr bir kesel sebäpli gytak göz bilen bakmaly däl. Adamlaryň deňligini ýurduň medeniýetine ornaşdyrmaly. Muňa bolsa hem hökümet, hem millet deň derejede jogapkär.

Ilkinji Lukmançylyk Kömeginiň Ýewropa Forumynyň GÝMA sebiti üçin nähili maksatlary bar?

Ilkinji Lukmançylyk Kömeginiň Ýewropa Forumynyň ähli sebitler, şol sanda GÝMA sebiti üçin hem birnäçe maksatnamasy bar:

↪ Ýeke-täk maglumat merkezini we giň göwrümli maglumatlar toplumyny döretmek.

↪ Hemmeler üçin deň, amatly, gowy hilli, adamlaryň zerurlyklaryna üns berýän, täzeçil we berk saglyk hyzmatlaryny dikeltmäge kömek etmek.

↪ Gyzyklanýan taraplaryň arasynda (näsaglar, raýatlar, halk köpçüligi) netijeli aragatnaşygy ýola goýmak.

↪ Aragatnaşyk we maglumat alyş-çalyşygy.

↪ Özara gatnaşygy we türgenleşigi üpjün etmek.

Häzirki wagtda biz GÝMA sebiti bilen gatnaşyk açyp başladyk. Bu ýurtlaryň adamlary biziň çärelerimize gatnaşýarlar. 2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda biz Lýublýanda uly konferensiýa geçirmegi meýilleşdirýäris. Gelejekde Merkezi Aziýada konferensiýa gurnamagymyz hem gaty mümkin. Biz tejribeleriň paýlaşylmagy üçin sebitleýin platforma döretmäge çalyşýarys. Biz saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini we hökümet wekillerini bir ýere jemlemegi umyt edinýäris. Olar birigip, biri-birlerinden adamlaryň zerurlyklaryny üpjün edýän hyzmatlary ýola goýmagy öwrenip bilerler.

Saglyk redaksiýasyndan okyjylara soraglar (Sosial medialarymyzda paýlaşyň):

1. Siz biziň maşgala lukmançylygymyzy ýokary hilli ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge ukyply hasaplaýaňyzmy?

2. Siz maşgala lukmanlarynyň taýynlygyny nähili bahalandyrýarsyňyz?

Makalanyň asyl nusgasy