ÝARA ALNANDA ILKINJI BERILMELI KÖMEK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.47 (19 Ses)

Gündelik durmuşymyzda biziň her birimiz dürli sebäplere görä alynýan şikeslenmeleriň netijesinde ýaralanmalara sezewar bolýarys. Gynansakda, biziň hennämiz ilkinji doly we dogry berilmeli lukmançylyk kömeginiň aýratynlyklary barada bilmeýäris. Şonuň üçin ilki bilen ýara, onuň görnüşleri we ilkinji berilmeli kömek baradaky maglumatlary bilmek zerurdyr.

Ýara diýip nämä aýdylýar?

Ýara diýip, deriniň we nemli bardanyň bütewliliginiň bozulmagyna aýdylýar. Ýaralar öz ölçegleri, görnüşleri we çuňlugy boýunça bir-birinden tapawutlanýarlar.

Ýaralaryň görnüşleri: Sanjylyp (sünjülip) alnan, kesilen, çapylan (döwülen), ýenjilen, ok degen (atylan), dişlenen, dilinen, zäherlenen ýaralar.

Sanjylyp (sünjülip) alnan ýaralar (Surat 1) – esasan iňňäniň, naýzanyň (ştygyň) ýa-da pyçagyň sünjülmegi arkaly alynýar.

Kesilen ýaralar (Surat 2) – esasan ýiti zatlaryň (predmetleriň), pyçagyň we aýnanyň üsti bilen alynýar.

Çapylan (döwülen) ýaralar (Surat 3) – esasan agyr ýiti zatlaryň (predmetleriň), gylyjyň we paltanyň üsti bilen alynýar.

Ýenjilen ýaralar (Surat 4) – esasan kütek agyr zatlaryň (predmetleriň) täsiri bilen emele gelip, süňkleriň ýokarsyndaky dokumalaryň giňişleýin zeperlenmegine getirýär. Adatça bu ýara awtomobil şikeslenmelerinde, agyr zatlar bilen ýenjilmelerde we agyr kütek zatlaryň (predmetlaryň) urgularynda yüze çykýar.

Dişlenen ýaralar (Surat 5) – esasan öý we ýabany haýwanlaryň dişlemekligi netijesinde emele gelýär.

Zäherlenen ýaralar – esasan adam bedenine zäheriň (ýylanyň, içýanyň çakmagy we beýleki himiki zäherleýjileriň) düşmegi netijesinde emele gelýär.

Ilkinji berilmeli kömek

1. Ilki bilen gan akmany saklamak wajypdyr. Ýüzleý alnan ýaralarda kapillýar gan akma döräp, ol jan üçin howply bolmaýar we ganyň lagtalanmagy netijesinde saklanýandyr. Wena damarlarynyň zeperlenmegi netijesinde ýaradan ýapyk gyzyl ganyň akmagy häsiýetlidir. Arteriýadan gan akmalar has howply bolup, ol açyk gyzyl reňklidir we çüwdürilip akýandyr. Gan akmany saklamak üçin ýaranyň ýanyna ýörite žgut (ol tapylmasa, kemer ýa-da towlanan ýüp, uzyn rezin ýüp) goýmalydyr. Eger ýaradan wena gany akanda žgut ýaranyň aşagyndan, arteriýa gany akanda bolsa ýaranyň ýokarsyndan goýulýar. Jguty 2 sagatdan uzak saklamak bolmaýar.

2. Ýarany arassalaýjy (wodorodyň öteturşysy, hlorgeksidin, miramistin) ergini bilen ýa-da suw bilen ýuwmaly. Ýarany ýuwmazdan öň elleriňizi gowy edip sabynlap ýa-da spirt bilen ýuwmaly. Hapalanan ýarany (meselem, ýara gum ýa-da başga bir hapa zatlar düşen bolsa) seresaplylyk bilen jüpdek (pinset) ýa-da barmaklar bilen arassalamaly.

3. Agyryny aýyrar ýaly we agyryly şoguň döremeginiň öňüni almak üçin agyrsyzlandyryjy serişdeleri bermeli.

4. Eger ýara turşylygyň täsirinde emele gelen bolsa onda soda ergini bilen, eger ýara aşgaryň täsirinde emele gelen bolsa onda nahar sirkesiniň gowşak ergini bilen ýuwmaly.

5. Ýaranyň daş-töweregindäki derini arassalamaly. Ýaranyň daş-töweregindäki derä ýoduň ýa-da göwherli ýaşylyň spirtli erginini (zelýonka) çalmaly.

6. Daşynda, meýdanda, mellekde alnyp, toprak bilen hapalanan ýaralar bürme keseline garşy sanjymy almaga görkezme bolup durýandyr. Bu kesele garşy sanjym 18 ýaşdan soň, her 10 ýyldan geçirilmelidir. Şeýle-de, haýwanlaryň dişlemegi netijesinde dürli keselleriň (meselem, guduzlama keseli) ýokuşmasynyň bolup biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Ýaralar alnanda, güýçli gan akma bilen dörän uly, çuň we hapalanan ýaralar, şeýle hem içki agzalaryň zeperlenmegi bilen utgaşan ýaralar gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini talap edýändir.