BIZ ÇAGALARYMYZY KIMDEN GORAMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (20 Ses)

Çagalar jemgyýetiň goraga mätäç gatlagy bolup, olary daş-töweregiň tebigy we sosial ýaramaz täsirlerinden goramak ata-eneleriň, terbiýeçileriň, sosial gullugyň işgärleriniň esasy borjy bolup durýandyr. Edepsiz ýoldaşlarynyň täsirinden goramak üçin biz gowy bilen erbediň tapawudyny aňladyp görkezsek, köçedäki howpsyzlyk üçin ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdyryp, ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsyzlygynyň kadalaryny mälim edip bilýäris. Ýöne jemgyýetde çagalara adaty bolmadyk, ýaramaz söýgi bildirýän nähoş adamlardan biz çagalarymyzy nädip goramalyka?

Pedofiliýa name?

Pedofiliýa – merkezi nerw ulgamynyň bozulmalary netijesinde dörän psihiki keseliň bir görnüşi bolup, 16 ýaşdan uly adamlaryň 11 ýaşdan kiçi bolan, ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalar bilen jynsy aragatnaşyk etmegi ýa-da olarda şol isleginiň bar bolmagy bilen häsiýetlendirilýändir. Pedofiliýa sözi grek sözünden gelip çykyp, ol "çaga ugrukdyrylan söygi", ýagny "çaga bilen jynsy aragatnaşyk etmäge meýilli bolmak" diýmekligi aňladýandyr. Ol kesel ilkinji gezek XIX asyrda kesgitlenip häsiýetlendirildi. Pedofiliýa diňe erkek adamlara däl-de, aýallara hem mahsus kesel bolsa-da, ol aýallarda, erkek adamlara garanyňda seýrek duş gelýändir. Pedofiliýa esasan hem günbatar döwletlerinde giňden ýaýran bolup, ol ýüze çykyşynda adamyň jynsyna, milletine, hünärine, sosial durmuşyna bagly bolmaýandyr. Häzire çenli lukmançylykda bu psihiki bozulmany bütinleý bejerýän bejergi usullary işlenip düzülmedik hem bolsa, adamyň ruhy ulgamyna täsir ediji usullar bilen bejergi geçirmek synanşyklary edilýändir.

Pedofiliýa keseline mahsus bolan şahsyýet alamatlary

Jemgyýetde pedofiliýadan ejir çekýän adamlary kesgitlemek ýa-da daşyndan tanamak aňsat däldir. Edil ýabany ýolbarsyň belli bir pasylda, belli bir ýerde awa çykyşy ýaly, pedofiller hem çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, klublaryň, seýil baglaryň ýanlarynda köp bolmaga ymtylýarlar. Olaryň esasy maksady, belli bir çaga bilen dostlukly aragatnaşyk edip, onuň ynamyna girmekdir. Pedofilleri esasan hem ýuwaş, köpçülige goşulmaýan, özbaşdak oýnamagy halaýan çagalar özlerine çekýärler. Beýle çagalar esasan hem pedofilleriň pidalary bolup bilýärler. Ilki bilen pedofiller şol häsiýetli çagalary saýlap alyp, olar bilen dostlaşmak, olaryň ynamyna berk girmek hem-de olaryň maşgala ýagdaýlaryny öwrenmek bilen meşgullanýarlar.

Pedofillere mahsus bolan alamatlar tapawutlandyrylýandyr:

► Köplenç 30 ýaşdan geçen erkek adamlar, beýle adamlaryň ýaşytdaş dostlary örän az sanly bolýandyr.

► Öýlenen adamlaryň öz aýallary bilen ýakyn jynsy aragatnaşygy, gündelik durmuşda agzybir maşgala aragatnaşyklary bolmaýar.

► Olar esasan hem çagalaryň oýnaýan oýunlaryna we oýunjaklaryň görnüşlerine adatdan daşary gyzyklanma bildirýärler.

► Pedofiller köplenç çagalaryň okaýan ýerlerinde meýletinçi, arassalaýjy we şuňa meňzeş işleri özlerine saýlap alýarlar.

► Köp halatlarda pedofiller bir-iki çagasy bolan, ýanýoldaşy bolmadyk aýallar bilen dostlaşmak isleýärler.

► Olaryň köpüsi Internet pornografiýasy, esasanda çaga pornografiýasy bilen gyzyklanýan adamlardyr

Pedofilýa jenaýat işimi?

Pedofiliýa dünýäniň köp ýurtlarynda ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalaryň zorlanmagy, ýagny olaryň doly ýaşyna ýeten adamlar bilen jyns aragatnaşygyny etmeklige mejbur edilmegi hökmünde garalýar we jenaýat işi hasaplanylýar. Oňa görä-de, her döwlet bu jenaýat işiniň jezasyny, döwletde kabul edilen kanunçylyga laýyklykda özi kesgitleýändir. Ondan başga-da, günbatar döwletleriniň köpüsinde, pedofillere çagalar baglarynyň we mekdepleriniň gapdalynda jaý satyn almak ýa-da ýaşamak gadagan edilýär. Mundan başga-da, olar ýerli hukuk edaralary tarapyndan hasaba alynýar. Eger bir köçede pedofil ýaşaýan bolsa, şol köçäniň ýaşaýjylaryna ýerli polisiýa edarasy tarapyndan duýduryş berilýär.

Ata enelere maslahat

Çagalaryňyzyň pedofilleriň pidasy bolmazlygy üçin, size şu aşakdaky düzgünleri bilmek peýdalydyr:

♦ Gündelik durmuşda çagalaryňyzyň özlerini alyp baryşlaryna, olaryň deň-duşlary bilen edýän aragatnaşygyna üns beriň.

♦ Çagalaryňyza nätanyş adamlar bilen gürleşmezligi ýa-da nätanyş adamlardan oýunjak we şüyji ýaly zatlary kabul etmezligi berk tabşyryň.

♦ Eger çagalaryňyz okuwa pyýada gatnaýan bolsalar, olara okuwa barýarkalar we öýe gaýdýarkalar öz doganlaryndan, deň-duşlaryndan, goňşylardan yza galmazlygy ündäň.

♦ Her gün çagalaryňyz bilen olaryň okuwda, çagalar baglarynda ýa-da klublarda eden işleri barada gürrüň etjek boluň: olaryň dostlary, synpdaşlary, joralary barada ýygy-ýygydan sorap maglumat alyň.

♦ Mekdep bolsun, çagalar baglary bolsun, olaryň mugallymlary we terbiýeçileri bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, çagalaryňyzyň özlerini alyp baryşlary, olaryň deň-duşlary bilen aragatnaşyklary barada gyzyklanyň.

Ýokarda berlen maslahatlardan has hem netijeli peýdalanmak üçin, her ata-enäniň öz çagasy bilen ynamly aragatnaşygy bolmagy zerurdyr.