DÜRLI SEBÄPLERE GÖRÄ GAN AKMALARDA BERILÝÄN ILKINJI KÖMEK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (8 Ses)

Bedeniň dürli ýerlerinden gan akmalar adamyň ömründe iň köp duş gelýän ýagdaýdyr. Dürli kesellerde, şikeslenmelerde gan damarlarynyň diwaryna zeper ýetme netijesinde, dürli häsiýetli gan akma ýüze çykyp biler.

Daşky gan akmalarda, gan daşyna akyp çykýar. Içki gan akmalarda, gan bedeniň içki boşluklaryna ýa-da agzanyň içinde ýygnanýar.

Gan akmalar netijesinde, bedende umumy aýlanýan ganyň mukdary peselip, ýürek-damar  ulgamynyň işi, agzalaryň (esasan hem beýni, bagyr we böwrek) kislorod bilen üpjünçiligi peselýändir. Uzak we gaty gan akmalar gan azlygyň (anemiýa) dürli derejelerine getirip biler. Gan ýitirmelere  uýgunlaşmasy pes bolan çagalarda we gartaşan adamlarda ýüze çykýan gan akma has hem howplydyr. Aýallara garanyňda, erkek adamlar gan akmany agyr geçirýändir.

Gan akmalarda ganaýan gan damaryň görnüşini bilmek möhümdir. Kiçi gan damarlardan (kapillýardan) gan akanda, gan lagtasynyň (tromb) emele gelip, damarlaryň içini ýapýanlygy netijesinde, gan akma özbaşdak saklanýandyr. Eger uly gan damary şikeslenen bolsa, (meselem, arteriýa), onda gan akma güýçli bolup, birnäçe minutdan adamyny ölüm ýagdaýya getirip biler. Ýöne käwagtlar gaty agyr şikeslenmelerde hem (meselem, elleriň ýa-da aýaklaryň ýolunmagy), gan damarlaryň gysylmagy netijesinde gan akma uly bolmaýar.

Ganaýan gan damaryna baglylykda, kapillýar, wenoz, arterial we gatyşyk gan akmalaryň görnüşi bolýandyr. Daşky kapillýar gan akmalarda, gan tutuş ýaradan birsydyrgyn bolup, syzyp akýandyr. (edil öllenen gubka ýaly) Wenalaryň şikeslenmeginde bolsa, gan garamtyl-gyzyl reňkde bolup, birmeňzeş tizlikde akýar. Arterial damardan akýan gan açyk gyzyl reňkde bolup, güýçli basyş bilen (edil suwuň çüwdürimi ýaly) akýandyr. Arteriýadan ganyň akmagy hem ýüregiň urgusy bilen gabat gelýändir. Gatyşyk gan akmalarda arterial we wenoz gan akmalaryň alamatlary bolýar.

Agyzdan gan gelme öýkenden, ýokarky dem alyş ýollaryndan, damakdan, gyzylödekden we aşgazandan gan akmalarda ýüze çykýar. Agyzdan köpürjikleýän açyk ganyň gelmegi, öýkenden gan akmanyň alamatydyr.

Şunuň ýaly gan akmalar öýken inçekeselinde duş gelýär. Aşgazanyň we oniki barmak içegäniň baş keselinde, zeperlenen damarlardan akyan gan aşgazan turşylygy bilen gatyşyp, kofe çökündisine meňzeş häsiyetli gaytarma yüze çykyp biler. Näsagda gara reňkli täret etme bolar.

Aşgazandan gan gelme  aşgazanyň täze döremelerinde hem duş gelýär. Peşewde ganyň görünmegi, böwrekden, peşewakarlardan, peşew haltasyndan ganyň akýanlygynyň alamatydyr.

Içki gizlin gan akmalar, bagyrdan, öýkenden we başga agzalardan gan akma netijesinde, bedeniň boşluklaryna ýygnanyp biler. Ganyň ýygnanýan boşlugyna baglylykda, näsagyň umumy ýagdaýy hem üýtgeýär.

Garyn boşlugynda ýüze çykýan gan akmalar, näsagyň derisiniň agarmagy, ýürek urgusynyň çaltlanmagy, ukuçyllyk, gözüniň garaňkylamagy, huşuň ýitmegi ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär.

Döş kapasasynda ýüze çykýan gan akmalarda ýokardaky alamatlar demigysma bilen utgaşýar. Kelle çanagyndaky gan akmalar bolsa, kelle agyry, huşuň üýtgemegi, dem alşyň kynlaşmagy, ysmaz ýagdaýynyň döremegi bilen geçýär.

Daşky gan akmalarda berilýän ilkinj kömek onuň häsiýetine baglydyr. Uly bolmadyk wena ýa-da kapillýar gan akmalary ýönekeý basyjy daňynyň kömegi bilen saklap bolar. Basyjy daňyny goýmagyň umumy düzgüni şeýledir: ýara birnäçe arassa salfetkalary (ýa-da mata) goýup, daşyndan hasa bilen mäkäm saraýarlar. Bu daňyny kelläniň, göwräniň, ýanbaşyň ýaralanmalarynda ulanýarlar. Döş kapasasynyň açyk şikeslenmelerinde, ýara howa geçirmeýän polietilen ýa-da klýonka goýup, soň basyjy daňy daňylýar.

Güýçli arterial we gatyşyk gan akmalarda daňy goýmak ýeterlik däldir. Şeýle ýagdaýlarda arteriýany barmak bilen gysmak, gan saklaýjy žguty goýmak, eli-aýagy epip saklamak ýaly çäreler ulanylýar. Ýaralanan arteriýadan ýokarsyny basyp durmak has elýeterli usuldyr. Onuň üçin arteriýany süňklere gysyp boljak nokatlary bilmek möhümdir. Ol ýerlerde damar urgyny tapyp bolýar. Barmak ýa-da ýumruk bilen arteriýany gysmak netijesinde gan akmany çalt saklap bolýar. Ýöne iň türgen adam hem uzak wagt şol bir nokady gyzyp saklamakdan ýadar.

Sebäbi 10-15 minutdan soň, eller ýadap, ganaýan damara basyş azalyp ugraýar. Şonuň ýaly ýagdaýda başga usul ulanmalydyr. Onuň üçin gany saklaýjy žguty goýýarlar.

Žguty ganyň akýan ýerinden has ýokarda daňmalydyr. Onuň tapylmadyk ýagdaýynda, ýerine rezin turbajyk, guşak, hasa zolagy, ýaglyk hem ulanmak bolýar. Ýöne sim ulanmaly däldir. Žgutyň aşagyna ýumşak mata goýmalydyr. Ony çekip, güýç bilen (çenden aşa däl!) towlamalydyr. Gaty mäkäm goýulmadyk žgut, wenany gysar, ýöne çuň ýerleşýän arteriýany gysmaýar. Güýçli goýlan žgut bolsa, gan aýlanşygy saklap, dokumalaryň ölmegine getirip biler. Haýal etmän "TIZ KÖMEGI" çagyryň. Žgutyň 1 sagatdan köp goýulmaly däldigini ýatda saklamalydyr. Hatda, 20-30 minutdan soň ony gowşatmak maslahat berilýär. Ol aýrylanda, emaý bilen aýrylýar.

El-aýakda ýüze çykýan gan akmany, olary epme arkaly saklap bolar. Meselem, goluň ýokary böleginge ýüze çykan gan akmada, tirsekleri epip, iki goly hem arka tarapa öwürmelidir we olary hasa ýa-da guşak bien daňmalydyr. Bu ýagdaýda, iki tarapda hem arteriýa gysylýandyr.

Dyzdan aşakdaky ýaralanmalarda ýüze çykýan gan akmalarda heläk bolany arkanlygyna ýatyrmalydyr. Dyzyň aşagyna ýumşak matadan edilen ýassyjak goýmalydyr. Budy garnyňa getirip, injigi hem buda daňmalydyr. El-aýak süňkleriniň döwüklerinde bu usuly ulanmak bolmaýar.

Gan akmalaryň islendik görnüşinde, şikeslenen agzany gymyldatmaly däldir. Zeperlenen el-aýagy ýokary edip saklamalydyr. Doly göwrümde medisina kömegini bermek üçin, näsagy keselhana ýerleşdirmelidir.

Aşgazan-içege gan akmalary – ilkinji kömek çäreleri gan akmanyň derejesini peseltmäge gönükdirilen bolmalydyr. Näsagy asuda ýere ýerleşdirmeli. Gan akma çak edilýän ýere buz bölegi, sowuk suwly gap we ş.m. goýulýar. Buz bölejigi ýuwutdyrma hem bolýar. Näsagy mündere mündürip bejergi edarasyna ýerleşdirmeli.

Bokurdakdan gan gelme – näsagy kellesini ýokary edip ýatyrmaly. Ony köşeşdirmeli. Geplemäni we hereketlenmäni gadagan etmeli. Döşünde buzly haltajyk goýmak bolar. Näsag lukmanyň kömegine mätäçdir.

Burundan gan akma – ilkinji kömek berlende, näsagy göwresi beýikde ýerleşer ýaly edip ýatyrmaly. Burnuň öňki bölegine wodorod turşusynyň 3% erginine pagtany ýa-da hasa bölejigini ölläp salmalydyr. Ony näsagyň özi hem edip biler. Burnuň başlanan ýerine sowuk öllenen mata goýulýar. Gan akma saklanmadyk bolsa, ýeňsä buz böleklerini goýmalydyr. Ganyň damaga  syrygmazlygy üçin, näsag arkan gaýyşmali däldir.

Eger gan akma saklanan bolsa, näsag birnäçe gün agyr işden gaça durmalydyr, gyzgyn iýmiti,çaýy kabul etmeli däldir. Zor bilen burny arassalamaly däldir. Eger gan akma saklanmasa, haýal etmän lukmany çagyryň. Burundan gaýtalanýan gan akmalar dürli beden keselleriniň alamaty bolup biler.