ASLYNDA AÝTMAK HÖKMANMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

AIW hacan aytmalyÝakynlaryňa AIW barada haçan aýtmaly?

Haçanda adam özüniň AIW-pozitiwdigini öwrenende, wirus ömrüne howp salmaýan hem bolsa, onuň stresi we depressiýany başdan geçirmegi örän mümkin.

Psihologlar bu döwürde bu täzeligi ýakynlaryňa ýetirmegi maslahat bermeýärler: ilki bilen muny seniň özüň kabul etmeli, muňa degişli ähli maglumatlary tapmaly we başgalary öňünden taýýarlamaly.

Öz pozitiw statusyň barada hiç kime aýtmazlyga hakyň bardygyny hem unutmaly däl. Eger isleseň barlagdan adyňy aýan etmän (anonim) hem geçip bilersiň.

AIW-li adamlar başgalaryň özlerinden ýüz döndermeginden gorkýarlar, emma ýakyn adamlaryň hem ullakan goldaw görkezip biljekdigini ýatda saklamalydyr. AIW-li adamlar we olaryň ýakynlary AIW-iň nähili ýagdaýlarda ýokuşyp bilmeýändiginden habarly bolmaly:

↪ Elleşilende, gujaklaşylanda we öpüşilende;

↪ Asgyrylanda we üsgürilende;

↪ Basseýnlerde, wannalarda we saunalarda;

↪ Umumy iýmitler we içgiler ulanylanda;

↪ Jemgyýetçilik transportlarynda.

Eger AIW barlagyň pozitiw çykmagyndan gorkýan bolsaň, öz gorkyň sebäpli barlagdan boýun towlamaly däl. Eger wagtynda bejergi alsaň, uzak we sagdyn ömür sürersiň. Seniň keseliň barada hem lukmandan başga hiç kim bilmez.

Çeşme