MAŞGALADAKY TERBIÝE WE NEŞEKEŞLIK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (14 Ses)

Biziň döwrümiziň iň aýylganç belalaryň biri adamyň gysga wagtlyk keýpini göterip biljek zatlaryň agdyklyk etmegidir. Gynansak-da, häzirkizaman adamzadyň köp bölegi halal, agyr zähmetiň rehnedinden lezzet alanyndan aňsatlyk bilen gazanylýan, gysga wagtlaýyn lezzeti ileri tutýar. Neşe sereşdelerine öwrenişmegiň, oňa bütinleý özüňi bermegiň  esasy sebäpleriniň biri hem şol ýeňil lezzetiň gaýtalanyp durmagyna bildirilýän islegdir.

Neşekeş adam daşyny gurşap alýan dünýä bilen gyzyklanmagyň deregine diňe neşe ulanmak bilen gyzyklanýar. Neşäniň biziň ägirt uly we gyzykly dünýämiziň ujypsyz bir owunjak bölegidigine düşünmän, oňa bütinleý özüni bagş edýär, diňe şonuň bilen gyzyklanýar. Bu ýagdaý fiziologiki, durmuş, nesil taýdan esaslandyrylan agyr kesele uçradýar.

Neşekeşlik aýratyn bir adam bilen bagly bolman, eýsem tutuş maşgala bilen hem bagly keseldir. Hut şol sebäpli neşekeşiň psihologik taýdan dikeldilmegine ähli maşgala gatnaşmaly we bejergi ulgamlaýyn amala aşyrylmalydyr.

Neşekeş fiziologiki we psihologiki özgertmelere sezewar bolýar. Neşe dura-bara adam bedeniniň dokumalarynyň himiki düzümine ornaşýar. Netijede, adam olara öwrenişýär, sebäbi bu onuň bedeniniň biologiki we himiki deňagramlylygyny saklamak üçin zerur bir şertine öwrülýär.

Fiziologiki üýtgeşmelere bagyr keselleri, köplenç gepatit keseli degişlidir. Mundan başga-da jyns agzalarynyň keselleri, deri ýokançlyklary duş gelýär, merkezi nerw ulgamynyň işi bozulýar.

Ilkibaşda neşe serişdesi keýp üçin ulanylýan bolsa, ol soňra ýaramaz, zyýanly, maýyplyga eltýän endige öwrülýändir! Neşekeş öz ýerine ýetirmeli işlerini, borçlaryny unudýar, unutmasa-da, onuň iş etmäge ukyby, başarnygy kem-kemden ýitýär. Ol diňe neşäniň, ony satyn almak üçin puluň ugrunda enteýär.

Neşe serişdesini ýaňy-ýaňy ulanyp başlan adamyň keýpi sebäpsiz ýygy-ýygydan üýtgäp başlaýar, ol köplenç sustupeslik ýagdaýynda bolýar. Soňky döwürde neşe serişdelerini ulanýanlaryň esasy bölegi ýetginjeklerdir. Şeýle ýagdaýlarda ilkinji alamatlara maşgalada üns berilmelidir. Neşe bilen meşgullanýan ýetginjek maşgala agzalary bilen gürrüňdeş bolmakdan gaça durýar, esasanam – ene-atasy bilen. Ýetginjek özüni günäkär duýýar we özüne temmi berilmeginden gorkýar. Ol töweregindäki bolup geçýän zatlar bilen gyzyklanmagyny bes edýär. Ol asla hereket etmek islemeýär. Ol birnäçe sagadyň dowamynda bir nokada seredip, hiç zat etmän we geplemän ýatyp bilýär. Käte ol saz diňleýär. Mümkin saz ýetginjegiň şol ýagdaýyna laýyk gelýändir.

Neşe serişdesini ulanýan adamyň göreçleri kiçelýär, ol ýörände, iki ýana yranýar, sözleýşi bulaşyk we düşnüksiz bolýar.

Neşekeşlik meselesi esasan oňaýsyz maşgalalarda has ýiti bolýar. Maşgalada ene ýa-da ata hemişe içgili bolsa, günde-günaşa dawa-jenjel höküm sürse, çaga özüni betbagt duýýar, bu ýagdaýdan özbaşdak çykalga gözleýär. Neşe bolsa onuň ýagdaýyny ýeňilleşdirýän, halas ediji bir zat ýaly bolup görünýär...

Elbetde, şeýle maşgalalardaky ýagdaý düşnükli, ondaky meseleler aýan bolup görünýär. Emma göräýmäge sagdyn, gurply maşgalada hem neşekeşlik meselesi ör boýuna galyp bilýär. Şeýle maşgalada ene-ata çagasynyň maddy üpjünçiligine uly uns berýär. Ýöne çagasynyň içki dünýäsi, onuň aladalary bilen gyzyklanmagy bolsa düýbünden unudýarlar ýa-da olar bilen asla gyzyklanmalydyr hem öýtmeýärler.

Maşgaladaky terbiýe şahsyýetiň esasy taraplaryny ösdürýär. Her bir ene-ata çagasyna "agy-garany" saýgarmagy öwretjek bolmaly. Şeýle hem dünýäde ähli zada pul ýa-da maddy nukdaýnazaryndan garaman, ruhy taýdan baha bermegi öwretjek bolmaly.

Maşgalada aýdanyna "ýok" diýilmän terbiýelenen çaga durmuşda, geljekde örän kyn bolýar. Ol öz isleg – arzuwlarynyň aýdan badyna berjaý edilýändigine öwrenişýär, soň hem şony talap edýär. Emma oňa jemgyýetde beýle kanunlar boýunça ýaşamak örän kyn düşýär. Kynçylyklary ýeňip geçmegi bolsa ol asla başarmaýar. Şeýle adam ejizläp, öz durmuşyny ýeňilleşdirmek üçin neşe serişdelerini ulanyp başlaýar, neşe salgymlarynyň dünýäsine aralaşýar.

Elbetde, hiç bir ene-ata çagasynda şeýle häsiýetleri bilip terbiýelemeýär. Ýöne enäniň aşa aladaçyllygy, çagasyna bolan hamraklygy özbaşdak, paýhasly şahsyýetiň ýetişmegine böwet bolýar. Ýeke zurýady bolan maşgaladaky ene-ata hem çagany läliksiretmejek bolmalydyr. Çaganyň ähli diýenini etmegiň geljekde oňa zyýan ýetirip biljekdigini hiç wagt ýadyňyzdan çykarmaň.

Kähalatlard çaga gaharjaň ejesiniň ýumşaklygyna, mährine mätäç bolýar. Ol hemişe hemme aýdylanlar bilen razylaşmagyň garşysyna çykýar. Bir tarapdan – ol ejesiniň hoşamaý sözüne garaşýar, beýleki bir tarapdan bolsa ene-atasyna gaharly, öýke-kineli garaýar. Şeýle ýagdaýlarda hakykaty salgyma öwürmegi başarýan neşe serişdesi çaga deňagramlylygy saklamaga kömek edip biljek ýeke-täk serişde bolup görünýär.

Käte ene-atalar çaga köp zatlary gadagan edýärler. Elbetde, ene-ata çaga näme etmelidigini we nämeden gaça durmalydygyny öwretmelidirler. Ýöne her bir zadyň çeni-çaky barada unutmaly däldir. Çaganyň her bir etjek bolýan hereketine, gyzyklanýan zadyna diňe "bolanok" ýa-da "ýok" diýmek hem nädogrudyr. Çaga öýkeläp ýa-da gaty görüp, özüni erksiz duýýar. Garşylyk görkezen ýagdaýynda bolsa, oňa temmi berilýär. Şeýle çaga ene-atasyna gönüden-göni hiç zat aýdyp ýa-da edip bilmän, neşekeşlige baş goşýar. Ol ene-atasyna şeýdip gaýtawul berýär. Olara öz çagasyny neşe bilen üpjün etmäge mejbur edýär, olaryň erkini elden alýar.

Käbir ene-atalar öz edýän zatlaryna doly düşünmän, neşekeş çagasyna ýardam berýärler. Ony bejertmegiň, oňa gutulmaga kömek etmegiň deregine, onuň diýenini edip, neşe serişdesine pul tapmaga kömek edýärler. Şeýle etmek bilen olar öz gerekligini, çagasynyň özlerine mätäçdigini duýýarlar. Olar öz orunlaryny tutup biljek adamyň ýokdugyny, çagasynyň doly özlerine garaşlydygyny duýmak isleýärler.

Maşgalada bolup geçýän ýaramaz zatlaryň ilki bilen çaga zyýan ýetirýändigini hemişe ýatda saklamaly. Çagalykdan galan psihiki şikes adam ulananda hem oňa zyýan ýetirip, durmuşynda kynçylyklaryň döremegine eltip bilýär. Adamyň susty peselip, ol özüni çykgynsyz bir ýagdaýa düşen ýaly duýýar. Hut şeýle ýagdaýlarda neşäniň hatda bir gezek ulanylmagy hem neşekeşlige eltýär.

Perzent edep görmese, edep görkezmez.

Her bir ene-ata öz çagasyny "Çaga eziz, edebi ondan hem eziz" diýen pähimden ugur alyp, öz ýagşy edim-gylymlary, oňat endikleri bilen terbiýelese, geljekde sagdyn, jemgyýete peýdaly, ilhalar adam ýetişdirip biljekdigine şek-şübhe ýokdur.