NEŞEKEŞLIK WE BEDEN SAGLYGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.39 (18 Ses)

Neşekeşlik örän howply we çalt ýaýraýan epidemiýadyr. Bu dert ençeme ýaş ömürleri aždarha kimin "ýuwudýar". Neşe serişdesini artyk mukdarda ulanmak sanlyja minudyň içinde ölümçülige getirmäge ukyplydyr.

Biziň döwrümizde neşekeşlige sezewar bolanlaryň diňe ujypsyz sany bu dertden saplanyp, jemgyýete, sagdyn durmuşa gaýdyp gelmäge ýol tapýar.

Adamzadyň bedeni ösüş ýolunda kämilleşip taplansa-da, täze döwrüň ýaramaz  endiklerini "göz öňüne tutmandyr", şonuň üçin-de olaryň öňünde goragsyz, ejiz bolup galypdyr. Adamyň bedeni neşe serişdeleriniň täsirine ýaşaýşynyň her bir döwründe bendi bolmaga ukyplydyr. Beden näçe ýaş bolsa, neşe zäheri şonça-da hilegär we howply täsir edip, bedeniniň ähli agzalaryny, ulgamlaryny zäherleýär. Neşe serişdesini bir gezejik dadyp görmeklik käbir ýagdaýda ýowuz bela öwrülmegi, agyr ýagdaýlara sezewar edip, maýyplyga uçradyp bilýändigini ýatdan çykarmaly däl.

Zäherleýji maddalary: çilimi, spirtli içgileri, neşe serişdeleriniň täsiriniň netijesi ony ulanmaklygyň uzaklygyna baglydyr. Gadym latyn nakylynda: "Damja daşy güýji bilen däl-de, ýygylygy bilen pytradýandyr", – diýlen sözler örän ýerliklidir. Şol sebäpli çilimiň her burum tüssesi, spirtli içginiň her damjasy, neşe serişdesiniň her humarlaýjy pursady bedeniň sagdynlygyny, ýaşlygyny, gözelligini we güýç-gaýratyny hemişelik alyp gidýär.

Beýik rus ýazyjysy F. M. Dostoýewskiniň: "Gözellik adamzady halas eder", – diýen dana sözleri bar. Neşekeşlikden jebir çekýän ýetginjeklerde we ýaş adamlarda şol gözellik göni we göçme manyda kem-kemden ýok bolýar. Olar daşky keşbine timar bermeklerini goýýar, derisi öçügsi, sarymtyk-ýer reňkine boýalyp, çalt horlanyp başlaýarlar, göwräniň durky üýtgäp, küýkülik emele gelýär, wagtyndan öň garry sypatyna girýärler. Köplenç neşekeşleriň dişleri dökülip, agyz boşlugynyň nemli bardasynda çiş emele gelýär, dişini yzygiderli arassalan ýagdaýynda-da özboluşly ys aýrylmaýar. Neşe we beýleki zäherleýji serişdeleri ulanýan adamlaryň beden etiniň kuwwady peselýär. Olaryň agyr işi ýerine ýetirmek, ýük götermek ukyby örän pesdir.

Neşekeşligiň galdyrýan ýene bir elhenç yzlarynyň biri – ýaş bedeniň mundan beýläk fiziki ösüşini bes etmegidir. Ol adamyň ömrüniň, ortaça 20 ýaş kemelmegine sebäp bolýar. Neşe serişdesini bir gezek dadan adamyň galan ömri ejir bilen azaba öwrülýändir. Onuň durmuşynyň tutuş manysy neşe serişdesini tapyp, az salym hem bolsa, humarlaýjy täsirine düşüp, lezzet almak bolýar. Neşe ýetmezçilik eden wagty bolsa, halys tapdan düşürýän, yzygiderli kellagyry, ýürek bulanma, baş aýlanma, gaýtarma, aram-aram özünden gitme ýaly ýagdaýlar hepdeläp ýa-da indiki neşe humaryndan dadýança dowam edýär.

Emma neşekeşleriň ejiri diňe kellagyry bilen çäklenmeýär. Olarda dem alşyň sazlaşygy we çuňňurlygy bozulyp, howa ýetmezçiligi ýüze çykýar. Şonuň üçin-de, olar agzyny açyp dem almaga mejbur bolýarlar, bu bolsa güýçli üsgülewügiň emele gelmegine getirýär. Üsgülewük, öýkeniň kiçelmegi, dem alyş ukybynyň peselmegi - küýkülige eltýär. Sagdyn öýken bolmasa, saglyk hem zym-zyýat bolýar. Ujypsyz fiziki hereket bular ýaly ýaşlar üçin azaba öwrülip, uzak wagtlap geçmeýän demgysma heläk edýär. Öz akmaklygy zerarly gazanylan ejizliginden utanyp, olar dürli sebäpleri bahana edip, fiziki zähmetden gaçma bilen bolýar.

Neşe zäheri adam bedeniniň iň zerur agzalarynyň biri bolan ýürege-de uly täsir edýär. Örän agyr zähmet çekende adamyň ýüregi oňa kuwwat berip, kömege gelýär, emma neşe serişdesi çenden aşa köp düşen wagty, onuň zäheriniň öňünde ýürek ejizläp, öz işini togtatmaga mejbur bolýar. Neşe serişdesiniň ujypsyz böleginiň yzygiderli bedeni zäherläp durmagy hem ýürek ulgamynyň işinde bozulmalaryň: döşüň çep böleginde ýiti agyrynyň ýüze çykmagyna, aýaklaryň, ýüzüň çişmegine, gan gusma, el, ýüz derisinde gögerme emele gelmegine getirýär. Bular ýaly ýaş adamlar çalt ýöremäge we ylgamaga ukypsyzdyr. Olar edil garry adam ýaly zordan ýöräp, bedenine fiziki agram salmakdan gaçyp gezýärler. Bu ýagdaýa bolsa bedene düşýän zäher zerarly ýürek myşsasynyň zeperlenmegi sebäp bolýar.

Neşe serişdelerini we beýleki zäherleýji maddalary ulanmak gyzylödek, aşgazan, içege, bagyr we böwrek ýaly beden agzalaryna hem uly zyýan ýetirýär.

Meýletin kabul edilen zäheriň ýaramaz täsiri adam bedeniniň iň näzikulgamy bolan – nerw ulgamyna, ilki bilen hem beýnisine uly zeper ýetirýär. Bu bolsa dürli psihiki bozulmalara eltýär. Şular ýaly ýagdaýa düşen adamyň hereketini hiç hili çaklamak, öňünden duýmak, öňüni almak mümkin däldir. Neşe humarynyň täsiri meýletin akylyňdan azaşmakdyr. Ol ýetginjegiň we ýaş adamyň psihiki ösüşini we kämilleşmegini saklaýar. Şeýle-de ol durmuşda şol gamgyn pursada çenli toplan tejribesini we bilimini ýitirip başlaýar. Neşekeşleriň özüni alyp baryşy: akgöwünlilik, duýgudaşlyk, rehimdarlyk, kişiň duýgusyna bolan sarpa ýaly duýgularyň olardan daşlaşyp, rehimsizlik, mähirsizlik, kalby boşluk ýaly häsiýetleriň durmuşyna ornaşýandygyna şaýatlyk edýär. Ýaramaz duýgylaryň öçmegi bilen birlikde, neşekeşlige duçar bolanlaryň huşy hem kütelip başlaýar. Neşe serişdesiniň ýaramaz täsiri ony ulanýan ýetginjeklerde we ýaşlarda ýiti ruhy nähoşlugyň döremegine, gödek hereketlere getirýär.

Meşhur rus terapewt-lukmany Mudrow spirtli içgileriň zyýany barada duýduryp: "Arakhor diňe öz bagryny içgä köýdürenok, ol geljekki oglunyň bagryny hem köýdürýär", – diýip aýdypdyr. Şonuň ýaly neşekeş hem geljekki nesliniň saglygynyň üstünden atanak çekýändigini unutmaly däldir. Nesil öndürmek ukybyny ýitirmedik neşekeşler: öli dogan, doga şikesli, maýyp, akyl taýdan ýetmez çagalary dünýä indirýär. Maşgalada aňy ýetmeýän, maýyp çagany ösdürmegiň nähili ejir, ähli maşgala agzalary üçin nähili psihologik göwnüçökgünlikdigi hemmelere mälim. Şeýlelikde, neşekeşligiň adamyň saglygyna, jemgyýete ýetirýän zyýany örän uly. Bu ýagdaýy bilip, oňa biperwaý bolmak mümkin däl.

Häzirki döwürde neşekeşligi bejermegiň dürli usullary bar. Olaryň käbiri şowly we oňat netije görkezýär. Neşekeşligi bejermegi esasy üç tapgyra bölýärler:

Bejerginiň üç tapgyryndan geçen ozalky neşekeşler ýene-de dikeldiş (reabilitasiýa) döwründen hem geçmelidir. Bu neşe serişdelerini ulanmakdan ýüz döndürenler üçin adaty sagdyn durmuşa uýgunlaşmagyň ýoludyr. Dikeldiş tapgyry syrkawyň islegine görä, lukmançylyk kärhanalarynda ýa-da başga kärhanalarda:

Gynansak-da, bejerginiň täze usullarynyň käbiri oňat netije bermän, saglyk üçin howpludyr. Neşe serişdesi bilen duşuşyk belli adamlar üçin saglygy bilen hoşlaşmakdyr. Ýetginjek ýa-da uly adam, günlerde bir gün bu betbagytlygyň daşyndan aýlanyp geçmän, öz janyny onuň eline meýletin beren bolsa, bedeninde mundan beýläk bolup geçjek üýtgeşmeler diňe erbetlige tarap bolar. Ähli çözülmedik meselelere garamazdan, biz neşekeşlige garşy göreşip bolýar diýmek bilen çäklenmän, oňa garşy hökman göreşmelidiris.