NEŞE WE MAŞGALA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Neşekeşlige baş goşan neşekeş bütin maşgalasyna ejir çekdirýär. Öýden puluň belli bir mukdarynyň yzygiderli ýagdaýda ýitip durmagy maşgala agzalaryny diýseň howsala salyp başlaýar. Neşekeşe günde 4-5 manat pul gerek bolýar. Şonuň üçin-de, neşekeş bir atymlyk neşesiniň puluny tapmak üçin hemme zada taýyndyr. Neşe azarlamasynyň artan mahaly pul tapaýmak aňsat bolmansoň, ol ogurlyga ýüz urýar. Oňat terbiýe alan adam hiç haçan ogurlyga ýüz urmaz diýen düşünje neşekeş babatda çapraz gelýär.

Neşäniň adamyň ruhy ýagdaýyna erbet täsir edýändigi ýadyňyzda bolsun. Adam nähili oňat hem bolsa, terbiýeli hem bolsa, neşä özüni aldyransoň, düýpgöter üýtgeýär. Ol ogurlykdan gaýtmaýar.

Neşekeş öz syryny öýdäkilerden näçe gizlin saklajak bolsa-da, bu başa barmaýar. Onuň neşe çekýändigi tiz wagtda tutuş maşgala mälim bolýar. Käwagt maşgala neşekeşden ýüz öwürýär, käwagt bolsa neşekeşiň özi maşgaladan çykyp gidýär. Neşekeş öz ýagdaýyna "düşünýän" ülpetleriniň ýanynda bolanyny gowy görýär. Neşekeşleriň ýygnanýan öýleriniň hemmesi diýen ýaly birmeňzeşdir: aňrybaş hapaçylyk, jindä öwrülen ýorgan-düşekler, jaýyň törüni basyp ýatan zir-zibil, ýakylyp ýandyrylan gap-gaçlar we ş.m. Emma bu ýagdaý neşekeşleri birjik-de hopukdyrmaýar. Onuň üçin iň esasy zat — şol ýerde arzuwlaýan bir atymlyk neşesini tapmak.

Maşgalanyň erkegi neşekeş bolsa, ol köplenç özüniň aýalyny hem neşekeşlige ýykgyn etmäge ymtylýar. Ynsanýetiň ahlak gymmatlyklary neşekeş üçin ikinji derejeli bir zada öwrülýärler, soňabaka bolsa bütinleý ýitýärler.

Eýsem neşekeşi nähili saýgarmaly? Neşekeşiň ilkibada iş ýerinde ähli görkezijiler düýpli peselýär. Islendik iş onuň üçin öz gyzygyny ýitirýär. Sebäbi onuň iň easasy arzuwy indi bir atymlyk neşäni tapmakdyr. Soňra sebäpsiz ýere işden galmaklyk başlanýar. Tiz wagtda neşekeş işden çykarylýar. Ol indi işläýin diýende-de gurbaty ýok. Ine, şu ýerde-de ogrulyk başlanýar. Indi neşekeş öz dostlaryndan-da, garyndaşlaryndan-da, tanyşlaryndan-da ogrulamakdan gaýtmaýar. Bir çekimlik neşäni tapmak üçin ol hatda adam öldürmekden gaýtmaz.

Neşä garaşly bolan adamyň psihiki-ruhy ýagdaýy maşgala agzybirliginiň soňuna çykýar. Ony göwnüçökgünlik, sustupeslik we dürli nogsanlyklar heläkleýärler. Kelleagyrylar, arkadaky, bildäki agyrylar, ukusyzlyk — bularyň bary neşekeşiň organizmindäki bozulmalar. Neşekeşiň häsiýetiniň diňe erbet tarapa üýtgeýändigi sebäpli onda düşündirip bolmajak rehimsizlik we sütem-zorluga bolan isleg ýüze çykýar. Neşekeş ene-atanyň öz çagalaryna rehimsiz daraýan wagtlary az däldir. Olary ölüm hetdine ýetirýärn wagtlary hem bolýar.

Maşgala durmuşynyň beýleki bir tarapynda-da sütem-zorluk höküm sürýär. Neşekeş erkekler öz erkeklik güýçlerini ýitirendikleri sebäpli gabanjaňa öwrülýärler. Ol öz aýalyny ýerliksiz ýere gabanyp, ony urup, ejir berip başlaýarlar.

Aýal öz adamsynyň elhenç neşe girdabyna düşendigini nädip bilmeli? Muny haýsy alamatlar boýunça bilip bolar?

 

Adamyň neşekeşlige baş urandygyndan habar berýän başga-da alamatlar bardyr. Ynha olaryň käbirleri:

 

Eger şu alamatlar peýda bolan bolsa, onda siziň ýakyn adamyňyzyň neşe girdabyna düşen bolmagy gaty ahmal.

Ulanylan WEB Salgy