"Salam lukman! Meniň toý edenime 2 ýyl boldy. Aýalymda çaga galmandygy sebäpli barlaglardan geçmegi ýüregine düwdi. USB düşeninde çep we sag ýumurtgalyklaryň ikisinde hem endometrioid kista bar diýdiler: çep tarapda has ulurak – 5-6 sm, sagda biraz kiçi. Laparoskopiýa usuly arkaly kistany aýyrmagy maslahat berdiler. Emma men operasiýadan soň hem kistalaryň döräp biljekdigini eşitdim. Endometriod kistalary dermanlar bilen hem aýryp bolýarmy? Haýsy bejergi usuly netijeli bolarka?"
Saýtyň okyjysy.
"Biziň durmuş guranymyza 2 ýarym ýyl boldy. Toýuň ertesi güni gelnimiň garyn boşlugynda güýçli agyry döredi. USB barlagy gelnimde ululygy 2 sm bolan endometrioid kistanyň bardygyny görkezdi. Aý başysy gelmezden ozal garnyň ýellenmegi, güýçli agyrynyň döremegi, ýürek bulanma biynjalyk edýär. Aýbaşy gutarandan soň 6-8 günläp şokolad häsiýetli gan gelýär. Gelnim jynsy aragatnaşyk saklamakdan boýun gaçyrýar, çünki jynsy aragatnaşykda güýçli agyrynyň döreýändigini belleýär. Biz iki ýyldan bäri bejergi alsak hem üýtgeýän zat ýok. Gelnimde çaga galyp bilermikä ýa-da biz çagalar öýünden çaga almaly bolarysmy? Şu keseli nähili bejerip bolar?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam lukman! Himiýa bejergisini alýan näsagyň saçy yzygiderli düşýär we kellesindäki saç gün-günden azalýar. Bejergi gutarandan soň saçlar gaýtadan ösermikä?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam lukman! Men 22 ýaşly oglan. Menin agramym 56 kg we ýaşyma garanymda daşymdan hor görünýän. Meniň semiz dälde, daşymdan daýaw bolasym gelýär. Işdäm gowy bolsa hem, iýenim bedenime siňmeýän ýaly. Men näme sebäpden agramymy alyp daýawlaşmaýarkam? Onuň üçin nähili iýmitlenmeli we haýsy witaminleri kabul etmeli?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam lukman! Men 27 ýaşymda. 3 aý mundan ozal tötänlik bilen öz çep elimiň 3-nji barmagynyň kesilmegine duçar boldum. Häzirki wagtda ýaram bitdi we agyrym ýok. Ýitirlen barmaklarymyñ ýerine protezleri ulanyp bolarmyka? Maňa ýurdumymzdaky haýsy hassahanalar kömek edip bilerkä ýa-da daşary ýurt hassahanalara ýüz tutmaly bolarmy?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam hormatly lukman! Meniň aýalymyň kakasy gepläp bilmeýär – lal kesel. Ejesi eşidenok. Aýalymyň özi kesel däl. Biziň çagalarymyza şol keseller geçip bilermi?"
Saýtyň okyjysy.
***********
Jogaby oka
"Salam Lukman! Meniň gyzym 5 ýaşynda, emma ýerine buşukýar. Birnäçe lukmanlara hem ýüz tutdum, emma bu ýagdaý häzir hem dowam edýär we gitdigiçe ýygylaşýar. Bu ýagdaý gündiz hem gaýtalanyp bilýär. Ene-ata tarapdan gyzymyň buşukmasyny nähili saklap bolarka?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam! Azoospermiýa näme we ony bejermegiň ýollary barmy?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Salam lukman! Men 26 ýaşymda, gelnim 24 ýaşynda. Çagamyzyň doganyna 8 aý bolsa hem, biziň jynsy gatnaşygymyzda aýalym tarapdan öňki ýaly isleg ýok. Gatnaşykdan öňki ýaly lezzet almaýar. Onuň sebabi nämekä we muny düzedýän derman barmyka? Ýa-da wagtyň geçmegi bilen özi gowulanarmyka?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam hormatly lukmanlar! Meniň bir ýaşlyja gyzjagazym ýykylyp elini çykardy. Biz ony tebibe äkidip ýerine saldyrdyk. Tebibe soň hem görkezsek, hemme zadyň gowydygyny aýtdy. Çagamyzyň elinde soňundan şikes galyp bilermi we bize lukmanyň maslahatyny almak hökmanmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
"Men toý edenimden soň, aýalymy goýup daş aralyga işlemäge gaýtmaly boldum? Aýalym bilen bile bolmaga islegim bolsa hem, mümkinçilik ýok. Şeýle ýagdaýda näme maslahat berip bilersiňiz?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka