KÖMEK EDIŇ!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Siz öz hatyňyzda newrolog lukmanynyň geçiren goşmaça barlaglary we çak eden kesel kesgidi barada maglumat bermeýärsiňiz.

Eger lukman kelle çanagynyň ulalmagyna getirýän keselleri güman eden bolsa, onda neýrosonografiýa, kompýuter tomografiýasy barlaglary bellärdi.

Kelle çanagynyň ulalmagy gidrosefaliýa (beýnä suw ýygnanma) keselinde döräp, onuň içki basyşynyň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär.                                      

Siziň gyzyňyzyň beden we psihiki taýdan ösüşi onuň ýaşyna laýykmy?

Lukman gyzyňyzda başga newrologiki bozulma alamatlaryny (aýaklarda döreýän myşsa dartylmalary, çaşylyk, göz almalarynyň ýagdaýynyň üýtgäp durmagy, akyl taýdan ösüşiň yza galmagy) tapmadymy?

Kelle çanagynyň bedeniň başga agzalaryndan uly bolup görünmegi iglilik (rahit) keselinde hem duş gelip biler.

Kadada 3 ýaşly gyzjagazyň kellesiniň gurşawy 45,7-51,3 sm. barabardyr.

Size gaýtadan çaga newropatology lukmanynyň maslahatyny alyp, degişli barlaglary geçmegi maslahat berýäris.

Barlagda kelle çanagynyň ýagdaýy kadaly bolup, gyzjagaz fiziki we psihiki taýdan ýaşyna görä kämilleşýän bolsa we newrologiki bozulmalar ýüze çykmaýan bolsa, Size biynjalyk bolmaga esas ýokdur.Çagada kelle çanagynyň ululygy we görnüşi nesil yzarlaýjylyk häsiýetlere eýerip, uly kelleli ene-atasynyňka hem kybapdaşlyk edip bilýänligini bellemelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.