ÇAGA SAGLYGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Çagalarda beýniniň şikeslenmegi, merkezi nerw ulgamynyň keselleri çaşy gözlülige getirip biler. Ondan başga-da, esasy sebäbi bolmasa hem, çaganyň hörezek, gyzamyk, difteriýa ýokançlyklaryny geçirmegi hem çaşylygyň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Köplenç ýagdaýlarda, göz myşsalarynyň sazlaşykly işiniň bozulmalary görüşiň dogabitdi kesellerinde ýüze çykýandyr: daşdan görüjilik ukybynyň ýokarlanyp, ýakyndan görüşiň peselmegi ýa-da tersine, ýakyndan aýdyň görüp, daşdan görmegiň peselmegi, astigmatizm we başgalar.

Bu sebäpleriň hemmesi, çaganyň ömrüniň birinji ýyllarynda görüşiň kadaly ösüşiniň bozulmagynda, 3 ýaşda bolsa, çaşaran gözde görüşiň peselmegi bilen ýüze çykýan gözüň çaşylygyna getirip biler. Sebäplerini anyklap, gözüň çaşarma ýagdaýlaryny 18-23 ýaşa çenli (şol ýaşdan soň gözüň kämilleşmegi tamamlanýar) bejerip bolýandyr.

Goşmaça barlaglary geçirmek üçin Size newropatolog lukmanyndan başga-da oftalmolog lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.