GÖZÜM GARAŇKYLAÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýeriňizden turanyňyzda gözüňiziň garaňkylamagy, beýni gan aýlanşygynyň wagtlaýyn dörän ýetmezçiliginiň ýüze çykandygynyň alamaty bolup biler. Ondan başga-da, ýürek urmalaryň kadasyzlygy (ekstrasistoliýa, aritmiýa), gan azlylyk keseli hem bu ýagdaýyň döremeginiň sebäbi bolup biler. Bar bolan ýagdaýyň sebäbini anyklap, bejergi geçirmek üçin maşgala lukmany we newropatolog lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

<<<>>>