GÖZÜŇ ÇEKMESINIŇ SEBÄPLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.88 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Gözüň, has takygy ýokarky gabagyň çekmesi birnäçe sekuntdan birnäçe minutlara çenli dowam edip biler. Onuň döremegini nerw ulgamynyň kesellerinde (meselem, kelle çanagynyň içki basyşynyň ýokarlanmagy) ýüze çykýan nerw-myşsa geçirijiliginiň bozulmagy, dowamly stress ýagdaýlary, emosional sarsgynlylyk, dowamly ýadawlylyk, ýüz nerwiniň alawlama ýagdaýy, käbir himiki serişdeler bilen zäherlenme sebäpleri bilen baglanyşdyryp bolýar.

Köplenç ýagdaýlarda gözüň çekmesi hiç hili bejergisiz hem aýrylyp gidýär. Kä ýagdaýlarda bolsa, gün tertibiniň kadalaşdyrylmagy, dynç alma, ukynyň ýeterlik alynmagy, pustyrnik, pişik dyrnagy, narpyz ýaly rahatlandyryjy otlaryň kabul edilmegi, witaminleriň (ylaýta-da B toparyň witaminleri) içilmegi bu oňaýsyz alamatdan dynmaga kömek berip bilýändir. Bu çäreleriň kömek etmedik ýagdaýynda düýp sebäpleri anyklamak üçin newropatolog lukmanyna ýüz tutmak zerurlygy ýüze çykýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.