ÝÜREK WE BÖWREK ÇIŞGINLILIGI
Hormatly okyjy!
Böwrek we ýürek keselleri sebäpli döreýän çişginliligiň tapawudy aşakdaky alamatlardan ybaratdyr:
► Birnäçe aýyň dowamynda döreýän ýürek çişleri bilen deňeşdirilende, böwrek çişleri has gysga möhletde döreýärler.
► Böwrek çişleri ilki bile ýüzde (gabaklaryň çişmegi, gözleriň aşagynda "haltajyklaryň" emele gelmegi) döreýän bolsa, ýürek çişleri aýaklardan we garnyň öňki diwarynda döräp başlaýar.
► Böwrek çişleri ýumşak we hereketli bolup, ony bir ýerden başga ýere süýşürip bolýandyr. Ýürek çişleri has gataňsy bolup, olary süýşürme kyndyr.
► Ýürek çişlerinde hemişe bagyr ulalan bolýar. Böwrek çişlerinde bu ýagdaý syn edilmeýär.
► Ýürek çişlerinde, näsag deminiň gysýandygy sebäpli pes ýagdaýda ýatyp bilmeýär. Böwrek çişlerinde bu alamat syn edilmeýär.
► Çişginliligiň iki görnüşi hem, olara mahsus bolan alamatlar bilen bilelikde döreýär.
► Ýürek çişlerinde bu ýagdaý syn edilmese hem, dowamly böwrek kesellerinden ejir çekýän näsaglarda, çiş döremezden öň bedeniň agramy ýokarlanyp başlaýar.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 6322 gezek okalan