ÖÝKEN KESELLERI BARADA NÄME BILÝÄRIS?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň beýan edýän alamatlaryňyz elbetde, dowamly bronhit keseline uçrandygyňyzdan habar berýär. Siz möwsümleýin döreýän üsgülewükden näçe wagt ejir çekýärsiňiz?

Eger üsgülewük, ýylda 3 aýdan az bolmadyk dowamlylykda, 2 ýylyň dowamynda Sizi biynjalyk edýän bolsa, dowamly bronhidiň döränligini aňladýandyr.

Dem alyş ýollaryň ýokarky böleginiň sowuklamagy, çilimkeşlik, zyýanly önümçilik maddalaryň uzak wagtlaýyn täsiri dowamly bronhidiň döremegine sebäp bolup biler. Bejergi çäreleri öz içine çilim çekmekligi bes etme, bronhlary giňeldiji serişdeleri (salbutamol, terbutalin, tiotropin bromid we başgalar, gakylygy gopardyjy serişdeleri (ASS, ambroksol, lazolwan), antibiotik serişdeleri (amoksillin, azitromisin, eritromisin) görkezilen mukdarda kabul etmegi alýandyr.

Bejergi lukman tarapyndan geçirilip, görkezme bilen fizioemleri hem ulanylýandyr. Dowamly bronhit uzak wagt degişli bejergisiz dowam edende, dem alyş ýetmezçiligine, öýken emfizemasyna, öýken dokumasynyň üýtgemegine getirip bilýändigini ýatda saklamalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.