GIRŞPRUNGYŇ KESELINIŇ NETIJELI BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.91 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Girşprungyň keseli – ýogyn içegäniň emele gelşiniň dogabitdi kemçiligi bolup, onuň diwarlarynda içegeleriň hereketini amala aşyrýan nerw öýjükleriniň aýratyn toplumynyň (gangliý) bolmazlygy ýa-da ýeterlik mukdarda bolmazlygy bilen häsiýetlendirilýär. Şonuň esasynda hem içegeler iýmit siňdiriş hadysasyna gatnaşyp bilmän, dowamly iç gatama ýagdaýy döreýär. Köp ýyllaryň dowamynda täret etme 5-7 günden bir gezek bolup geçýär. Agyr ýagdaýlarda täret diňe klizma etmeleriň kömegi bilen bolýar. Bu kesel esasan oglanjyklaryň arasynda duş gelýär.

Kesel üçin täretiň özbaşdak bolmazlygy, ýogyn içegäniň dowamynda agyrylar, içiň ýellenmegi, gatan täret bölekleriniň emele gelmegi, içegede täretleriň ýygnanmagy netijesinde bedeniň zäherlenmegi ýaly alamatlar mahsusdyr. Keseliň alamatlary we agyrlygy nerw öýjükleriniň mukdaryna we içegeleriň nerw öýjükleri bilen "üpjün bolmadyk" böleginiň uzynlygyna baglylykda ýüze çykýar.

Girşprungyň keselini diňe hirurgiki esasda bejerip bolýar. Bejergi hereketjeňligi amala aşyrýan nerw öýjükleri bolmadyk içegäniň bölegini aýryp, içege bölümlerini birleşdirmekden ybaratdyr. Operatiw bejergiden öň, berhiz, arassalaýjy klizmalar, alamatlara görä bejergi toplumy geçirilýär.

Gaýraüzülmeler döremezden öň, özwagtynda geçirilen hirurgiki bejergi näsaglaryň 90%-de garaşylýan netijeleri almaga kömek edýär. Şol esasynda hem, ogluňyzyň bejergisini gijikdirmän, hirurg lukmanlara ýüz tutmak peýdaly bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.