IÇIŇ ÝELLENMEGINIŇ SEBÄPLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Içiň ýellenmeginiň sebäpleri anyklanylanda ilki bilen iýilýän önümleriň görnüşleri seljerilmelidir. Noýba önümleriň, üzümiň, kelemiň, süýji almanyň, gara çöregiň, ysmanagyň, hurmanyň, kişmişiň, kwas we piwo içgisiniň kabul edilmegi, süýt önümleriň we gazlandyrylan içgileriň aşa köp ulanylmagy içiň gaty ýellenmegine getirip biler.

Aşgazan-içege ulgamynda aýlanýan howanyň (gazlaryň) düzümi kislorod, ammiak, kömürturşy, serowodorod, wodorod, metan, merkaptan, azot gazlaryndan ybaratdyr. Aşgazanda we içegelerde 0,9 l. gazlaryň saklanmagy kada hasaplanyp, täret etme netijesinde içegeler boşadylanda 0,5 l. çenli gazlar bölünip çykýandyr. Nahar iýilýän wagty howanyň ýuwdulmagy, aşa doýup iýme, içegeleriň peýdaly ýokançlyklarynyň düzüminiň üýtgemegi (disbakterioz), içegeleriň hereketiniň bozulmagy, dişleriň näsazlyklary, içegeleriň howply täze döremeleri içiň ýellenmeginiň esasy sebäpleri bolup bilerler. Şonuň ýaly-da, içegeleriň aşa ýellenmegine nerw ulgamyň duýujylygynyň bozulmagy (newroz), iýmit-siňdiriş ulgamyň keselleri (meselem, aşgazanyň baş keseli), içegeleriň gelmintoz keseli, içegelerde geçirilen hirurgiki bejergiler sebäp bolýandyrlar.

Görşümiz ýaly, içiň ýellenmeginiň sebäpleriniň köpdürliligini göz öňüne tutup, sizi biynjalyk edýän alamatyň ýüze çykyş sebäplerini anyklamak üçin gastroenterolog lukmanyna ýüz tutmaklygyň netijeli boljakdygyny nygtasym gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.