GYZYLÖDEKDÄKI ÇIŞI NÄDIP BEJERMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

 

Hormatly okyjymyz!

Gyzylödegiň täze döremeleri (çişleri) öz gelip çykyşy, gistologiki düzümi, ýerleşýän ýeri boýunça dürli-dürlüdir. Takyk anyklaýyş çäresini geçirmek üçin ezafagogastroduodenoskopiýa, rentgen, kompýuter tomografiýa barlagyny geçirmek zerurdyr.

Gyzylödegiň howply däl we howply täze döremelerini diňe hirurgiki ýol bilen bejerip bolýandyr.

Hirurgiki bejerginiň usulyny keseliň ýagdaýyna görä lukman kesgitleýändir.

Görkezme bolan ýagdaýynda şöhle bilen hem bejergi tapgyry geçirilýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.