DOWAMLY KÖRIÇEGE NÄHILI GEÇÝÄR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Sizde öň hem köriçegäniň tutmalary bolupmydy? Köriçegäniň operatiw bejergisiz öz-özünden geçip giden ýiti görnüşinden (ýiti appendisit) soň dowamly görnüşe geçmegi mümkindir.

Köp hirurg lukmanlary dowamly köriçegäniň ýiti döwüri geçirmezden döräp bilýänligini inkär edýärler.

Ýöne ýiti tutgaýy geçiren köriçegede ýene agyryly tutgaýy döretjek şertleriň (ösüntginiň başga agzalar bilen bitişmegi, epilmegi we içindäki sepleşme ýagdaýy) saklanyp galmagy ikuçsuzdyr.

Dowamly köriçegede näsaglary garnyň aşagynyň sag tarapynda aram-aram döreýän agyrylar biynjalyk edýär. Agyry agyr fiziki işde, adaty iýmitlenme düzgünleri bozulanda has hem güýjäp biler.

Dowamly köriçegäniň agyryly tutgaýlary gaýtalanyp duran ýagdaýlarynda hirurgiki bejergini geçirmek ýerliklidir. Wagtynda geçirilen hirurgiki bejergi gaýraüzülmeleriň, meselem, peritonitiň öňüni almaga kömek eder. Şeýle gaýraüzelmeleriň öňüni almak, ýiti köriçegäni onuň dowamly görnüşinden saýgarmak üçin, Size saýtyň sahypalarynda goýlan "Köriçege" atly makalany okamagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.