IŞDÄNI NÄDIP GOWULANDYRMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Adamda işdäniň pesligi ýa-da ýokarylygy bu ugurda onuň nesil yzarlaýjylyk häsiýetlerine, alyş-çalyş ýagdaýlaryna, iýmit siňdiriş ulgamyň agzalarynyň ýagdaýyna, onuň gündelik ýaşaýyş işjeňligine köp derejede baglydyr.

Lukmanlar işdäni ýokarlandyrmak üçin az-azdan, ýöne ýygy-ýygy iýmegi, işdäniň döremegine getirýän gök önümlerden taýynlanan işdäçarlary nahardan öň iýmegi, witaminler toplumyny, ylaýta-da C, B12, E witaminleri kabul etmegi maslahat berýärler. Babatelpek, mamyr, germes, boýbaduran, narpyz otlarynyň gaýnatmalarynyň hem nahardan öň kabul edilmegi işdäniň açylmagyna kömek edip biler.

Kadaly we ýokumly iýmitlenme bilen sport türgenleşikleri utgaşdyrma bedeniňiziň myşsa agramynyň ulalyp, daýawlaşmagyňyza kömek edip biler. Öz gezeginde fiziki işjeňlik Siziň işdäňiziň ýokarlanmagyna ýardam berip biler. Bedeniňiziň aýratynlyklaryna görä, Size peýdaly berhizi we sport maşklarynyň görnüşini saýlap ulanmak üçin berhiz tutma ugrunda işleýän lukmanlara we sport tälimçilerine ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.