SYNÇGYLAWUK NÄMEDEN DORÄP BILYÄR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Synçgylawuk – diafragmanyň (döş kapasasyny garyn boşlugyndan çäklendirýän myşsa) ygtyýarsyz gysylmalary netijesinde ýüze çykýan ýagdaýdyr.

Dem alyş ýollarynyň duýdansyz bokurdak-kekirdek üsti (nadgortannik) bilen ýapylmagy gelýän howa akymynyň öňüne böwet bolup, özboluşly sesiň çykmagyna sebäp bolýandyr.

Uzaga çekmeýän synçgylawuk çagalarda bedeniň umumy sowama ýagdaýlarynda, uly adamlarda bolsa köp iýmit kabul edilen ýagdaýlarda, sowadylan gazlandyrylan we alkogol içgileri kabul edilende, tolgunma wagty döräp biler.

Üznüksiz synçgylawuk merkezi nerw ulgamynyň zeperlenmelerinde, süýji keselde, bagryň agyr zeperlenmeleri netijesinde ýüze çykýan komanyň, käbir dermanlar bilen zäherlenmäniň alamaty bolup biler.

Beýni şikeslenmesi, beýnä gan inme, gyzylödegiň giňelmegi, gyzylödegiň we öýkeniň düwnügi, ýürek myşsasynyň infarkty, içegeleriň geçirijiliginiň bozulmagy, diafragmanyň aşagynda iriňli ojagyň döremegi, bagryň, öt çykaryş ýollaryň, aşgazanasty mäziň keselleri hem synçgylawygyň sebäbi bolup biler.

Synçgylawukdan dynmak üçin diafragmanyň we gyzylödegiň ýygrylmalaryny saklamalydyr.

Onuň üçin birnäçe peýdaly usullary maslahat beresimiz gelýär:

Eger Sizde synçgylawuk bir sagatdan köp dowam edýän bolsa, synçgylawuk tutgaýlary günde birnäçe gezek ýa-da hepdede birnäçe gün gaýtalanýan bolsa, sebäbini anyklamak üçin lukmana ýüz tutmak gerekdir.

Synçgylawygy aýyrmak üçin, lukmanyň maslahatyndan soň, serukal, motilium, pipolfen, difenin, amitriptilin, atropin serişdeleri hem ulanýarlar.

Asgyrma –  burunda we damakda ýerleşýän nerw süýümleriň ýokançlyklar, tozan, ösümlik tozgajyklaryň nemi gyjyndyrmagy sebäpli burundan howanyň bat bilen çykarylmagydyr.

Günde birnäçe gezek asgyrma kadaly ýagdaý bolup, ol dem alyş ýollaryň arassalanmagyna mümkinçilik berýändir. Eger asgyrma ýygy-ýygy gaýtalanýan bolsa, onuň hem sebäbini (allergiki täsirlilik, burnuň nemli bardasynyň sowuklamagy ýa-da guramagy) anyklamak hökmandyr.

Hormat bilen, Lukman.