DOÝUP IÝDIGIM, TÄRET EDÝÄN. BU NÄMEDENKÄ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Iýmit-siňdiriş ulgamynyň işi köp faktorlara bagly bolup, dogry iýmitlenme hem bu ulgamda ýüze çykýan köp bozulmalaryň öňüni alyp bilýändir. Siziň soragyňyza doly we dogry jogap bermek üçin, Siziň täret etmeleriňiziň ýygylygy, täretiň ýagdaýy we başga alamatlar (içiňizde agyry, içiň ýellenmegi we başgalar) barada maglumat bilmek peýdaly bolardy.

Gowy naharlanmadan soň täret etme içiň birnäçe gün gatamagyndan soň bolup geçse, bu ýagdaý iýmitiň içegeleriň işini tijendiriji täsir edendiginiň alamaty bolup biler. Eger her naharlanmadan soň, agyrylar bilen utgaşýan, suwuk görnüşli täret etmeler bolup geçse, onda bu içegedäki näsazlyklardan habar berip (enterit, "gyjyndyrylan" içege alamaty, disbakterioz ) lukmanyň maslahatyny almaklygy talap edýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.