GASTRIT KESELI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Gastrit – aşgazanyň nemli gatlagynyň (köp halatlarda aşaky gatlaklaryň hem) sowuklama keselidir. Ýiti gastrit aşgazanyň nemli gatlagyna ýaramaz iýmitiň, käbir derman serişdeleriň, himiki serişdeleriň, ýokançlyklaryň täsir etmegi netijesinde döreýän bolsa, dowamly gastrit ýiti, gyzgyn iýmitiň, käbir önümçilik zäherleriň, derman serişdeleriniň uzak täsir etmegi netijesinde ýüze çykyp biler.

Gastrit iýmit siňdiriş ulgamynyň başga keselleri bilen hem utgaşykda döräp bilýändir. Gastrit keseliň görnüşleri, alamatlary, bejergi çäreleri, iýmitlenme aýratynlyklary, öňüni alyş çäreleri barada has doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Gastrit: görnüşleri, alamatlary, bejergisi we berhizi" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.