IÇIMIŇ HAS KÖP ÝELLENMEGI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Içegeleriň sowuklama ýagdaýlary, içege disbakteriozy, onda işläp çykýan fermentleriň ýetmezçiligi, öt haltanyň öt bölüp çykaryş bozulmalary içegede artykmaç howanyň emele gelmegine, ýagny içegeleriň ýellenmegine sebäp bolup biler.

Köp halatlarda käbir önümleriň (noýba önümleri, kelem, turp, sarymsak, sogan) aşa köp kabul edilmegi hem içegeleriň ýellenmegine getirip biler.

Öt haltanyň we içegeleriň kesellerini öz wagtynda bejerme, içege mikroflorasyny kadalaşdyrma, iýilýän önümlere üns berme bu oňaýsyz ýagdaýyň döremeginiň öňüni alyp biler.

Ýüze çykan bozulma baglylykda, iýmit siňdiriş fermentlerini (panzinorm, kreon, festal), içege disbakteriozyny aradan aýyrma (bifidumbakterin, enteroseptol, kolibakterin) serişdeleri, adsorbent (sorujy) serişdeleri (enterosorbent, işjeňleşdirilen kömür) ulanmak peýdaly netijeleri berip biler.

Ýüze çykan näsazlyklary anyklap, içege ýellenmesiniň bejergisini almak üçin gastroenterolog lukmanlaryna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.