GÄGIRMEGIŇ SEBÄBI NÄMEKÄ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Gägirmek ýagdaýy köp halatlarda aşgazanyň we on iki barmak içegäniň kesellerinde ýüze çykyp, esasy keseliň bejergisi bu alamatdan dynmaga kömek edýändir. Iýmiti howul-hara iýmek, gazlandyrylan içgileri içmek, sakgyjy çeýnemek, içegede howanyň ýygnanmagyna getirýän (noýba önümleri, nohut) önümleri kabul etmek gägirmäniň döremeginiň sebäbi bolup biler.

Iýmit siňdiriş ulgamyň ýagdaýyny anyklamak üçin gastroenterology lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolar. Şonuň ýaly-da, degişli maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Gastrit: alamatlary, bejergisi, berhizi" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.